Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (8-nji bölüm)

  • 17.07.2023 18:39
  • 10k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (8-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Näme üçindir kakamyň ala-böle maňa birehimdigini, meni halamaýandygyny, öýdäki ownuk-uşak galmagaldyr gowganyň düýp sebäpkäri hökmünde diňe meni günäkärleýändigini göz öňüne getirmäge, munuň sebäplerine düşünmäge çalyşýardym. Kakam Sisiliýadan bu ýere gelen uçurlary ýaş ýigdekçe ekeni, özem sowatsyz we pukara biri bolupdyr. Onuň kakasy, ýagny meniň garry atam hem gaty zabun ekeni. Olam meniň kakama gargap, käýinip, ony  ýenjip, mazaly suwuny alýan ekeni. Ejem bilen toý tutanlarynda kakam ýigrimi bäş ýaşlarynda ekeni, ejemiň bolsa şonda ýaňy bir on bäş ýaşy dolupdyr. Mamam ejemiň kakama durmuşa çykanyna gaty bir begenmändirem. Şol wagtlar näme bolandygyny bilemok, dogrusy muny maňa hiç biri hetjikläbem aýtmady, ýöne kakam bilen mamamyň arasynda şol döwürlerde ýüz beren düşünişmezlik soň-soňlaram kiparlamady. Hatda mamam biziň ýanymyzda şol iki otagly öýde bile ýaşanda-da dawalardan gutulyp bilmedik. Kakam ejeme mamam bilen gürleşmegi, gatnaşmagy gadagan edipdi, muňa garamazdan ejem maý tapdygy ýerzemine düşerdi-de, diwar aralykdan mamam bilen biraz gürleşerdi. Menem mamamy gowy görýärdim, ikimiz dostduk, belki-de kakamyň bizi ýigrenýändigi mamam ikimizi has-da ýakynlaşdyrandyr. Her gezek kakam özüniň gyr ýagysy bilen duşuşandygymy bilende, galmagal, gopgun, käýinç, urgular... gaýtadan möwjärdi.

Söwda-satuw bilen bu gürrüňleriň näme dahyly barka diýip sowal berýän bolmagyňyz mümkin. Görýän bolsaňyz, çagalaryň ýaşlygynda başdan geçirýän gözgyny ýagdaýy kellämize ornaşýan psihologiki garaýyşlar bilen berk baglanyşykly.  «Hiç zada ýaramaýan dereksiz biridigim, iş oňarmaýan ysnatdygym» — kellämi ymykly eýeläpdi. Men muňa barha berk ynanýardym, her gezegem kakamyň sözüni ýalana çykarmajak bolup, özümi şoňa laýyk alyp barýan ýalydym. Kakamyň her aýdany, hemme aýdany çyndyr öýdýärdim. 

Galyberse-de, «çagalar kakalaryna hormat goýmaly, olaryň diýenini etmeli, gepinden çykmaly däl» diýen ýene bir düşünje-de bardy. Emma birsyhly ýerliksiz urgular, zabun daramalar, gargyşdyr näletler kelläme başga bir düşünjäni hem salýardy. Mende kakama garşy başga bir wagşy duýgularam döräpdi. Kakam meni beýleki dogan-jigilerim ýaly gowy görenliginde, onuň men babatdaky bu wagtky pikirleriniň ýalňyşdygyny subut edesim gelýärdi.  Käwagt şu iki psihologik düşünje kellämi aldym-berdime salardy. Käte bu, käte beýlekisi rüstem gelerdi.

Kakamyň bizi doly ekläp-saklamaga, düşewüntli kärde işlemäge mümkinçiligi ýokdy. Galyberse-de, ol wagt uly çökgünlikler döwrüdi, Detroýtda ýaşaýan sisiliýalylardyk, zähmet bazaryna hödürlär ýaly üýtgeşik ukyp-başarnygymyz, hünärimizem ýokdy. Üstesine kakam ýaňy-ýakynda işden boşadylan adamlaryň biridi, dürli hökümet edaralarynda işläpdi, gazanjy welin ortaça girdejilerdenem pesdedi. Biz döwletiň hemaýaty astynda ýaşaýardyk (şol wagtlar oňa «garyp-pukaralara berilýän kömek pullary» diýilýärdi). Şol döwürlerde ýadymda galan şatlykly pursatlar hökmünde «Gowy dostlar» haýyr-sahawat jemgyýetiniň bize iberen Täze ýyl sowgatlarydy. Şäher ilatynyň garyp-gasardyr ýeter-ýetmezlere ýollan bu sowgatlygynyň arasynda bir guty oýunjaklar bardy.  Olaryň köpüsi öň ulanylandy, käbirleri bejerilendi, ýöne bularyň ählisi meni şeýle begendiren şatlykly pursatlaryň biri bolupdy. Meniň üçin uly wakady. Şonda mundanam gowy ýene bir zada mümkinçilik bardy. Olar bize birnäçe talonlary hem sowgat edipdiler, ýagdaýy bolan adam şäher merkezine baryp, şol talonlary bir jübüt aýakgaba çalşyp bilýärdiler. Bu meniň üçin diýseň uly wakady, munuň özem özboluşly söwda we maliýe amallarydy.

Sekiz ýaşymda işe durdum. Ýaşaýan ýerimizden birnäçe kwartal beýleräkde zawod bary bardy. Derýanyň kenaryndan uzak bolmadyk ýerde awtomobil tekerlerini öndürýän «U.S.Rebber» firmasy  bardy. Şol ýerräkde ýene gaz plitalaryny öndürýän uly zawod, şeýle-de ulyly-kiçili ýene birnäçe mebel zawodlary we fabrikler ýerleşýärdi. Şol zawodlaryň golaýlarynda Jefferson şaýolunyň ähli gündogar bölegini tutup duran, işçiler üçin jaýlar we barlar bardy. Menem özüme bir aýakgap arassalaýan guty edindim. Dürli çotgalary, boýaglar, köwüş kremlerini satyn aldym(dogrusy, şol zatlara puly nireden tapandygym ýadyma düşenok). Şeýdibem, şol barlaryň arasynda  köwşüni tämizletmek isleýänleriň gözleginde, egnim gutuly iki-baka alňasaýardym. Eger-de siz haýsydyr bir kyn usullar bilen pul gazanyp gören bolsaňyz, çynymy aýdaýyn, ölmez-ödi gazanç üçin gapy-gapy syryp, köne-küşülleriň üstünde oturyp, hapa aýakgaplary tämizlemek.., megerem, bu meniň başymdan geçiren iň janagyryly zähmetlerimiň biri bolsa gerek. Bu siziň agyr hasaplaýan islendik işiňizden has agyr bir işdir. Edýän işimi hiç halamokdym, ýöne katymut iýmek üçin başga çykalgamam ýokdy. Mekdepden soň işçi barlaryna tarap ýelk ýasardym, sebäbi şol wagt zawodlarda iş wagtynyň gutarýan mahalydy.  Jefferson şaýoluny başdan-aýak diýen ýaly sökerdim, bu bir mil uzaklykdy (1,6 kilometr), soňra ýene yzyma dönerdim we ýarym salkynyň dowamynda şol aralygy birnäçe gezek gaýtadan geçerdim. Her gezekki zähmetimiň bahasy on sente barabardy, bu öz kesgitlän nyrhymdy. Käteler ýany bilen bir-iki sent peşgeşem bererdiler. Muňa garamazdan tutuş köwşüni ýalpyldadyp beremde, iki-üç sentden köp oklamaýanlaram gabat gelýärdi. Birnäçe wagtdan soň odur-budur oýunjagazlar tapyp başladym. Tämizläp otyrkam, köwüş çotgasyny elimde pyrlap, howada galgadyp, ýene-de gapyp, adamlaryň ünsüni çekmegi başarýardym. Şondan soň hemmeler meni tanap başladylar, şeýdibem zähmetimiň gapdalyndan goşmaça peşgeş hakyny berýänleriň sany artdy gitdi. Geçen asyryň otuzynjy ýyllarynda (1930-njy ýyllar) bir pennä örän köp süýji satyn alyp bolýardy. On sente bolsa konus şekilli doňdurmalaryň iki sanysy ýa-da 1 litr töweregi süýt düşýärdi.

Şol bir köçeden iki-üç ýola öwrüm edip ýöremsoň, eýýäm spirtli içgilerden üç-dört bulgury başlaryna çeken ýaşlara gözüm düşerdi. Alkogolly içgileriň olary nä güne salýandyklaryny gözüm bilen görerdim. Başlary ýaňy sämäp başlanda, olar diýseň, jomartdylar, gysganman eçilerdiler, ýöne has köp içip başlanlarynda, sözleri ajap ugraýardy, gaharlanýardylar, köp içdiklerisaýy olar hyýrsyz, gysganç we binamys birine öwrülýärdiler.

 Galyberse-de, bular uzakly gün agyr zähmetde surnugyp işlän, belki-de iş ýerini ýitirmekden hemişe gorkýan adamlardy. Ol wagtlar işläsi gelýänler iş ýerlerinden has köpdi. Ine, şeýdip meniň müşderilerim horaşaja külbelerine dolanyp barmazlaryndan ozal gündelik işiň alada-howatyrlanmalaryny bir zat ediň ýeňmek ýa-da ýeňletmek isleýärdiler. Şol dagynyk barlarda hem-de salonlarda işlemek gaty howatyrlydy. Ýöne men gije sagat on-on birlere çenli işläp, öýe bir dollar, käte bolsa ondanam köpräk gazanç elterdim. Gazanjymyň ählisi maşgala harajatlaryna giderdim, sebäbi käteler öýe diňe meniň gazanjym barardy. Şol wagt zawodlaryň biri ýapylyp, meniňem kesp-gazanjym bir sebäp bilen öňküsinden azalaýsa dagy, öýe bary-ýogy birnäçe sent getirerdim. Munuň üçin, elbetde, kakam ýene maňa käýýärdi we üstüme gygyrardy. Şonuň ýaly agşamlarda öýe gaýdyp barmaga gaty gorkýardym. Şol wagtlar mende gorkymy ýeňip bilmek diýen düşünje ýokdy, şonuň üçin «ýene-de az-owlak gazanyp bilmezmikäm», «belki ýene-de birnäçe jübüt aýakgap arassalap bilerin» diýen niýet bilen müşderileriň gözleginde gezýärdim. 

Bu gözgyny bir çagalykdy, muňa garamazdan şol günleri ýadymdan çykarasym gelenok. Hut şonuň üçinem dokuz ýaşymdakam dyzyma daýanyp, köwüş arassalap duran uly suratymy daşyny çarçuwalap saklaýaryn. Bu ýollara nähili başlandygymy ýatdan çykarmazlyk üçin bu suratymy iş otagymyň diwaryna asyp goýdum. Men şol işimi hiç halamadym, ýöne şol ýollary geçenime buýsanýaryn.

Indiki bölüm — meniň ilkinji söwdalarym hakynda.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...