Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (4-nji bölüm)

  • 05.07.2023 14:36
  • 14k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (4-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

ARASSA ÜSTÜNLIK GAZANMAK

Hakyky söwdagär üçin satmakdan gowy zadyň ýokdugyny ýadyňyzdan çykarmaň. Bu edil ýewropa futbolunda hüjümçiniň derwezä gol salmagy ýa-da amerikan futbolunda topuň bellenen ýere düşmegi bilen deň derejede gyzyklydyr. Ýa-da harby generalyň gazanýan söweşjeň üstünlikleri bilen barabardyr, belki şondanam lezzetlidir. Näme üçindir öýdýäňiz?
Bu oýunlar ýa-da söweşler bilen satuw-söwdanyň arasynda ullakan tapawut bar: haçan-da satyjy bir zady talabalaýyk ýerläbilende, ol ýerde utulýan ýok. Geleşik ikisine-de bähbitli: Satyjam gazanýar, alyjam.  Harydyň bahasy dogrusynda özara ylalaşyga gelýänçäň käbir ýagdaýlar dartgynly oýunlara ýa-da söweş sahnalaryna meňzese-de, bu ýerde gan dökülmeýär, hiç kim ýeňilmeýär, utulmaýar — arassa söwdada hemmeler ýeňýär. Ýeri onsoň arassa söwdadan gyzykly başga näme bolup biler?
Ýöne şol üstünlige eltýän amaly işler mümkingadar müşderileriňizi ilkinji gezek görmeziňizden hem has öň başlanýandyr. Soňra bu proses satyn alyjy talapnama (sargyda) gol çekip, harytlaryň ýa hyzmatyň bahasyny töläninde we satyn alan harytlaryny alyp gidip barýarka-da, hatda şondan soňam dowam edýär. Müşderi söwda-satuwyň hemme talaplaryny ädimme-ädim berjaý edýän mahaly sizem satuw ýagdaýynyň içindesiňiz. Eger-de siz «Maşyn edinmekçi bolýan müşderi ulagyň yzky tormoz çyralaryny gözden geçirip, motoryny işledip, biraz sürüp göreninden soňra, geleşik tamam bolýar» diýip, pikir edýän bolsaňyz, (bu düşünje awtosöwda ulgamynda köplere mahsus), onda siz pikir edişiňizdenem has köp şertnamany — ençeme söwda geleşiklerini ýitirersiňiz. Mümkinçilikleri yrýa edersiňiz, elden gidirersiňiz. Eger-de siz munuň tersine, başgaça düşünýän bolsaňyz: «Söwda-satuwy nädip üznüksiz prosese öwrüp bolar?» diýip, pikir ýöredýän bolsaňyz, onda siz bu ugurda juda köp üstünlikleri gazanarsyňyz.
Özboluşly satuw ulgamymy ýola goýup, uly girdejileri gazanyp başlan dessime, sergi salonyma girýänleriň arasyndan hiç wagt müşderi gözlemeli bolmadym. Nesibäňde läheň balyklar barka, olaryň özleri gelýärkä, ownuk balyklaryň yzynda sersepil bolmak hiç makul däldi. Şol döwürdäki müşderilerimiň hemmesi maňa adymy, familiýamy tutup ýüzlenýän adamlardy.
Bu hut şeýle: Hemmesi adymy tutup ýüzlenerdiler. Her on satuwymdan alty sanysy azyndan öň bir gezek söwdalaşyp gören adamlarymyň paýyna düşdi. Ýagny, müşderilerimiň altmyş göterimini hemişelik müşderilerime öwürmegi başarypdym. Galyberse-de, biz bu ýerde awtomobil söwdasy hakda gürrüň edip otyrys. Ýagdaýy, gurby bolan adamlaram olary takmynan üç-dört ýyldan bir çalyşýarlar. Orta gürpde ýaşaýan ýa-da adaty zähmetkeşler bolsa (bularam meniň müşderilerimiň sanawynda epesli orny eýeleýärler) mundanam seýrek wagtda täze ulag edinýärler ahyry.
Eger-de siz egin-eşikleriň, iýip-içgileriň ýa-da beýleki gündelik durmuş ähmiýetli zatlaryň söwdasy bilen meşgullanýan bolsaňyz dagy, siz olary günde-günaşa ýanyňyza geler ýaly etmelisiňiz.
Maşyn söwdasynda muny başarmak hele-müçük iş däl. Bu birneme kynrak. Şonuň üçinem men size maşyn söwdasyndaky usullaryma daýanyp, müşderileri nädip özüňe çekmegiň we olary gaýta-gaýta ýanyňyza gelip durar ýaly etmegiň usullaryny görkezip bilsem, sizem bu usullary öz söwda-satuw işleriňizde peýdalansaňyz, bir zada dessine göz ýetirersiňiz: söwda-satuw işleriňizdäki üstünlikleriň esasy syry müşderileriň ýene-de ýanyňyza gelmegini gazanmakdan ybaratdyr. Hergiz öz müşderileriňizi ýitirmäň. Meniň söwda-satuw ulgamym size goşmaça girdejileri gazanmaga kömek eder.
Aýdýanlaryma gowy düşünseňiz we beýan edilen usullara pugta eýerseňiz, şu söwda-satuw ulgamymyň siziň üçin iňňän netijeli boljakdygyna kepil geçýärin. Söwda-satuw mahalynda bolup geçýän ýagdaýlara we müşderilerime indi öňküler ýaly garamok, oňa köne düşünjäm bilen baha beremok. Sebäbi bu kärime bolan düşünje-garaýyşlarym, psihologiki nukdaýnazarlarym üýtgedigisaýy işe we müşderilere çemeleşmäm hem üýtgäp başlady.
Häzirki döwürde özüňi ýagdaýlara görä sazlamagyň ähmiýetini hem-de dürli-dürli usullaryny teklip edýän köpsanly adamlary tapyp bilersiňiz. Olaryň ählisi-de bir hörpden gopýan ýaly: «Bir zada bolan düşünje-garaýyşlaryňyzy üýtgetseňiz, siziň ähli işleriňiz we ýagdaýlaryňyz hem üýtgär we ugruna bolar» diýip tekrarlaýarlar. Bu adamlaryň köpüsi, meniň pikirimçe, ak ýürekli, diýýän zatlaryny ýürekden syzdyryp aýdýarlar, ýöne gynansak-da günde-günaşalyk ýüzbe-ýüz söwdany nädip amala aşyrmalydyklaryndan welin bihabar.
Geliň, şol prosese has dykgatly nazar aýlalyň. Biz hakyky durmuşyň içinde ýaşaýarys — durmuş gazanynda gaýnaýarys. Durmuş bolsa hemişe dartgynly we çekeleşikli. Sen bir zady satýan bolsaň, ýa bir hyzmaty hödürleýän bolsaň, edil şeýle zady satýan ýa-da hödürleýän ýene biri tapylar. Bu üýtgewsiz hakykat. Dünýä bäsdeşlerden doly.
«Chevrolet» awtoulaglaryny satýan müňlerçe agent bilen bir hatarda, şol maşyny şol müşderilere ýerlemek isleýän ýene birnäçe söwdagärler bar. Özümem şolaryň biri. Mundan başga-da ýene-de şol adamlardan alyp bilenini almaga synanyşýan ýüz müňlerçe söwda hünärmenleri hem bar. Olar çem gelen zady ýerlemegiň küýünde — mebeller, jaýlar, serhowuzlar we motorly gaýyklar, zähmet rugsady döwründäki syýahatlar, okuw tölegleri, banklardaky ätiýaçlandyryş hasaplary... hödürlenilýän harytlaryň ýa-da hyzmatlaryň sany-sajagy ýok, her kim aýak üstünde, rysgalyny gazanmagyň ugrunda. Ahyrynda-da müşderini ofisiňize getirmegi başaraňyzda, olam eýdip-beýdip sizden bir zatlar ýonmaga çalşar. Bu onuň erbetligi zerarly däl-de, siziň gowy biridigiňize heniz ynanyp bilmeýändigi üçindir.
Senem, menem gaty kyn hünäri saýladyk, ýöne bu ugurda onuň düzgünlerine, ülňülerine we ýörelgelerine eýerip, ussatlyk bilen akylly-başly hereket edip bilsek, yhlasymyz ýerine düşer, hem pul-maliýe ýagdaýymyz, hem-de özümizi duýşumyz has gowulaşar.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...