Söwda-satuw işleriňiziň ugrukmagyny isleýäňizmi? Ine, dünýäde ykrar edilen gollanma!

  • 11.06.2023 17:11
  • 51k+
Söwda-satuw işleriňiziň ugrukmagyny isleýäňizmi? Ine, dünýäde ykrar edilen gollanma!

Haçandyr bir wagt söwda işleri bilen meşgullanmak hakda pikirlenip gördüňizmi? Ýa-da «Söwda-satyg diýilýäni her kime düşüp baranok. Hudaý tarapyn berilmese boluberýän zat däl» diýip, bagtyňy synap görmek beýlede dursun, synanyşmakdanam saklandyňyzmy?

Söwda-satuw adamzat jemgyýeti emele geleni bäri bar zat. Bazar ykdysadyýeti şertlerinde dagy söwda bilen meşgullanmazlyk, söwda-satuwyň ýollaryny, usullaryny, inçeliklerini bilmezlik döwrüň derwaýys düşünjesinden bihabar galmakdyr. Mundan müň ýyl ozalam halkymyzyň arasynda «Rysgalyň ondan dokuz bölegi halal söwdada» diýen düşünje ýörgünli ekeni. Taryhymyzda meşhur söwdagärleriň bolandygy hakynda maglumatlar bar. Ýurdumyzyň Beýik Ýüpek ýolunyň merkezinde, ähli kerwen ýollarynyň çatrygynda ýerleşýändigi aluw-satuw işlerinde köp tejribeleriň toplanmagyna getiripdir. Şonuň üçin söwda etmek biziň halkymyzyň häsiýetli aýratynlygydyr.

Bir zady ýatdan çykarmasak gowy: Biziň her birimiz ussat söwdagär bolup bilýäris.  Muny ukyp-başarnyklarymyzy kämilleşdirmegiň ýollaryny öwredýän ylmy gollanmalaryň ählisi tassyklaýar. Bu ugurda bilýän zatlarymyzyň üstüni dünýäde bar bolan baý durmuş tejribeleri bilen doldurmagy başarsak, biz uly girdejili söwdalary dolandyrmagy hem başararys. TmCars-yň size hödürleýän bu eseri söwda-satuw ugrunda iň köp satylan kitaplaryň arasynda özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly?» atly bestseller kitabyň awtory Jo Jirard «Dünýädäki iň uly söwdagär/satyjy» ady bilen Ginnesiň Rekordlar kitabyna girmegi başaran ussatdyr. Eger-de siz özüňizde söwda-satuw ugrundan üşük ýa-da ukyp ýokdur öýdýän bolsaňyz, onda Jo Jirardyň sözlerine pugta üns beriň: «Hiç kim söwdagär bolup dogulmaýar. Söwdagär bolunýar. Muny men başaran bolsam, sizem başararsyňyz. Muňa kepil geçýärin!».

Jo Jirard söwda-satuw işleriniň ähli ädimlerini birme-bir geçip ýören, hupbatyny hem çeken, hormatyny hem gören ynsanlaryň biridir. Ol iş we zähmet tejribesine daýanyp, bu ýoluň inçeliklerini beýan edýär. Käteler käbir zatlar şeýle bir ýönekeý, dogry, ol biz üçin ýönekeý, adaty zat, emma «ähli ajaýyplyklar ýönekeýlikden gözbaş alýar» diýlişi ýaly biz adaty zatlary ajaýyplyga öwürmegiň aladasyny etmelidiris. Munuň üçine Jo Jirardyň «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly?» atly kitabyny ünsli we ürç edip okamalydyrys. Eseriň dili sada we düşnükli beýan edilýär. Durmuşdan alynýan mysallar täsirli ýaňlanýar. Bu kitap bize biziň ýaşap ýören, ýöne durmuşymyzyň gözden salan taraplarymyza ünsli çemeleşmegi, hemmeler bilen nädip dostlukly we işewür gatnaşyklary ýola goýmagy öwredýär. Birje mysala ýüzleneliň, Jo Jirardyň «250 kanun» atly ýörelgesi hem ýönekeý, hem täsin. Awtor her bir ynsanyň ortaça 250 töweregi adam — maşgala agzalary, ýakyn garyndaşlar, goňşy-golamlar, işdeşler we tanyş-bilişler bilen yzygiderli iş salyşýandygyny nygtap, eger-de şolaryň biriniň ýanynda öz edýän söwdamyz hakda gürrüň bersek, olaram muny ýene 250 adamyň ýanynda gürläp biljekdigini, şeýdibem söwda-satuw geriminiň giňeljekdigini mysal getirýär. Hakyky durmuş ýüzünde munuň netijeli usullarynyň biri bolandygyny nygtaýar. Dünýä ýüzünde muny okap görenleriň 92% kitabyň örän peýdalydygyny nygtapdyr. Öz durmuşlarynda amal edip, täsin netijeler gazanandyklaryny belläpdirler.

Jo Jirardyň «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly?» atly eseri bu ugurda tejribesi barlara goşmaça maglumat çeşmesi; söwda-satuw işlerine ýaňy girişenlere bolsa ylham badalgasy — başlangyç nokady bolup hyzmat eder. Kitap TmCars-yň okyjylary üçin ýörite terjime edildi. Okaň, haýryny, hözirini görmek nesip etsin!

Jo JIRARD
ISLÄN ZADYŇY ISLENDIK BIRINE NÄDIP SATMALY?
1-nji bölüm

«Dünýädäki iň uly söwdagär» (Ginnesiň Rekordlar kitabyndan alnan sözler) nädip baýlyk gazanandygyny we muny nädip gazanyp biljekdigiňiz hakdaky pikirlerini siziň bilen paýlaşýar!
Jo Jirard bilen tanyş boluň, ol: «Hiç kim söwdagär bolup dogulmaýar. Söwdagär bolunýar. Muny men başaran bolsam, sizem başararsyňyz. Muňa kepil geçýärin!» diýýär.
Jo Jirard öz kitabynda her bir söwdagäriň müşderiler bilen ýüzbe-ýüz gürleşip, ylalaşyga gelmek üçin juda oýlanyşykly çemeleşse, adatdan daşary üstünlikleri gazanyp biljekdigini görkezýär. Munuň üçin nämeden we nädip başlamalydygyny, nädip gürleşmelidigini salgy berýär. Gürrüňdeşlik pikirini soňa goýman, ilki gabat gelen ýolugrundaky telefonlardan jaň edip (ýeri gelende ýatlasak, bu örän netijeli usullaryň biri), belli bir karara gelip bilmeýän müşderileri nädip yrmalydygyny öwredýär.

Jo Jirard bu kitabynda şeýle many-mazmunlary has düşnükli hem-de giňişleýin beýan edýär. Ol size başga hiç bir kitapdan tapyp bolmajak özboluşly söwda-satuw ulgamyny hödürleýär:

  • Jo Jirard tarapyndan oýlanyp tapylan «Iki ýüz elli kanun» — birje şowly satuw piramida şekilli ýaýbaňlanýan 25 sany täze bir satuwy emele getirip biler;
  • Geljekki «pullyja» müşderiler baradaky maglumatlara eýe bolmagyň syrlary.
  • «Gözlegleri» ulanmak sungaty — siziň üçin işlejek beýleki adamlary nädip peýdalanmaly.
  • Jo Jirardyň ýene bir özboluşly usuly: şertnama baglaşylýança potensial müşderilere şol bir wagtyň özünde hem dost, hem bäsdeş hökmünde garap bilmek.
  • Geljekki alyjyny hemişelik müşderä öwürmegiň bäş usuly.

 ***
Giriş

1978-nji ýylyň 1-nji ýanwarynda Jo Jirard özüniň elliklerini çüý asgyçdan ildirip goýdy. Ol şu wagta çenli gowy girdeji getiren awtomobil söwdasyny bes etmek kararyna gelipdi. On bäş ýyllyk (1963-nji ýyldan 1977-nji ýyla çenli) zähmet tejribesiniň dowamynda  Jo 13001 sany dürli görnüşli awtoulagy satmagy başardy, hemmesi-de bölekleýin satuwdy.
Ol indi wagtynyň ep-esli bölegini kitap we gazet makalalaryny ýazmak,, dürli simpoziumlara hem-de ýygnaklara gatnaşmak bilen geçirýär. Toplan zähmet we durmuş tejribelerine laýyklykda degerli maslahatlary hem berýär.
Şu wagt şu kitaby eliňizde saklaýan bolsaňyz, diýmek siz bu kitap şu mahalky edýän işleriňizden has köp girdeji gazanmaga kömek eder diýip pikirlenýän bolmaly. Has köp pul gazanmaga, işiňizden lezzet alyp işlemäge ýardam etjekdigine ynamyňyz bardyr.
Bu söwda-satuw ugrundan okan ilkinji kitabyňyz däl bolsa gerek. Mundan öňem bu ugra degişli telim kitaplary okansyňyz, ýüzlerçe makalalar, maglumatlar bilen tanşansyňyz. Söwda-satuwyň «ähli syrlaryny açmagy» wada berýän, işiň has inçe taraplaryna ünsüňizi jemleýän, pynhanlyklaryna aralaşmaga kömek edýän, size ylham berýän eserleri okamaga mümkinçiligiňiz bolandyr. Her gün irden aýna bakyp, dürli jadyly sözlemleri gaýtalap, özüňizi nädip höweslendirmelidigi barada eýýäm köp zatlary öwrenensiňiz.  Bu wagta çenli siz jadyly güýje eýe bolan we ruhy-psihologik ýagdaýlaryňyzy güýçlendirýän her dürli syrly formulalaryň, gysgaldylan sözleriň we usullaryňam syryny öwrenip ýetişensiňiz.  Ähtimal, nähili pikirlenmelidigi we nähili pikirlenmeli däldigi  hakynda hem eýýäm juda köp zatlardan habarly bolansyňyz. Wagtal-wagtalam, şol agzalan kitaplarda hödürlenýän, şol bir wagtyň özünde biri-birine asla bap gelmeýän, gapma-garşylykly we bulam-bujar maslahatlardan baş alyp çykyp bilmän, iňkise gidensiňiz.

Şeýle mazmunly kitaplary ýazýan ähli hünärmenlere, bilermenlere ýa-da şol ugurdan çuňňur garaýyşlara eýe bolan adamlara at dakjak bolamok. Olaram bir döwüm çörek gazanmak, gün-güzeran aýlamak üçin bir zatlar etmeli ahyry.
Ýöne, geliň, bu meselä başgaça seredip göreliň. Siz bu ýerde we hatda hut şu günüň özünde hem-de her günde hakyky önümleri nädip ýerlemelidigini, nähili hyzmatlary teklip etmelidigini öwrenesiňiz gelýändir-ä? Ýokarda ady agzalan ýa ýaňzydylan kitaplaryň köpüsiniň awtorlary bolsa ömürlerinde şol ýazan kitaplaryndan başga satyp gören zatlary ýok. Bu ýoly geçen bilen geçmedigiň, bu işe çümen bilen çümmedigiň gürrüňiniň hörpi deň gelmez.
Dogry, olar ýazmaga, ýaýmaga, diýmäge juda ussat ýazyjylardyr ýa-da söwda-satuw işleri üçin maslahat bermäge ökde hünärmendirler. Belki-de bir-iki hepdeläp ýa-da aýlap oduk-buduk söwda-satyg işlerinem alyp barandyrlar, ýöne özlerini has gowy görkezip biljek başga bir ýeriň bardygyna düşünýänçäler şeýdendirler. Aralarynda birlän-ikiläni haçandyr bir wagtlar gozgalmaýan emläkleri ýerläp, million dollarlyk lomaýja düşewündem edinendirler. Bu işler bilen bir-iki ýyllap meşgullanandyrlaram. Ýöne bu zeýilli satuwyň siziň göz öňünde tutýan söwdaňyz bilen asla baglanyşygy ýok. Siz söwdadan yzygiderli girdeji hem-de has köp üstünlik gazanmagyň hyýalyndasyňyz. 
Gepiň tümmek ýeri, olaryň hiç biri biz ýaly gün-güzeranyny gündelik söwda-satuwdan gazanýanlar däl. Belki olaryň muňa galyp duran güni hem ýokdur. Ýazan kitaplaryny okasaňyz, «bäý-bä» diýdirýän, haýran galdyrýan ýerleri köpdür, sözleri täsindir, emma täsiri azdyr. Şondan geljek peýda şol kitaba harç eden puluňyzy ödäp bilse zor boldugy. Şol kitaplary ürç edip okarsyň, many-mazmuny hakda çuňňur oýlanarsyň, şonda beýle ýazyjylaryň ählisiniň, hatda şolaryň iň gowularynyň hem biziň ýaly söwdagärler däldigine dessine düşünersiňiz. Ine, men welin hut siziň diýýän söwdagäriňiz.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...