Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

  • 07.05.2024 14:43
  • 2.2k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Köpeltmek ýörelgesi
Bu mysallaryň hemmesi köpeltmek ýörelgesini tassyklaýar. Isleýäňizmi, islemeýäňizmi, ýöne siziň ýüz keşbiňiz köpelip gidýär we başga adamlaryň aňlarynda ýaýraýar. Ynha, iň gowy mysallaryň ýene biri. «Makdonalds» kompaniýasynyň dolandyryş edarasynyň başlygy Reý Krok hakda eýýäm köp zatlar ýazyldy. Hawa, hawa, hut şol «Big-Mak». Bu şahs barada meniň eşidenlerimden ýene birnäçe mysal. Bir döwür ol gamburgerleri satýan çalt hyzmat kärhanasyny esaslandyran doganlar Makdonaldlara kokteýller üçin garyjylary satýan eken.
Birnäçe wagtdan tejribe toplan we okgunlulyga ruhlanan Reý Krok bu biznesi öz eline alýar. Onuň bilen bilelikde, kompaniýa utgaşykly reaksiýanyň kanunyna esaslanan täze filosofiýa gelýär. Krokuň restoranlaryna gelen adamlar, elbetde, öz täsirlerini biri-biri bilen paýlaşýarlar. Şunda «sebäp-netije» gatnaşyklary peýda bolýar. Krok bolsa bu täsirleriň diňe gowy bolmagyny üpjün etmek üçin elinden gelenini etmeli bolýar. Onuň filosofiýasy, her bir müşderiniň öz islegine görä kokteýl saýlap bilmegini we restorandan çykandan soň, olaryň hiç biriniň içgiler ýa-da tagamlar hakda ters täsir galdyryp bilmezligini göz öňüne tutýar. Gamburgerler ýokary hilli bolmaly, kartofel-fri bolsa birinji sortly bolmaly. (Men «Makdonalds»-yň şatyrdaýan kartoşkasy ýaly tagamy başga hiç bir ýerde alyp bolmajakdygy barada ant içjek adamlary tanaýaryn).
Krok bu tagam ulgamynyň restoranlarynyň islendigini arassaçylygyň nusgasyna öwrülmek üçin jan etdi. Ol muny gazanmagy başardy. Olara degişli bolan hiç bir ýerde birjik-de tegmil ýok, aýnalaryň ählisi göwher ýaly ýalpyldaýar. Işgärler kesgitlenen düzgünleri berk berjaý etmeli, esasy zat bolsa, müşderileriň biri hem bu ýerden lapykeç gitmeli däldiler. Üstesine, müşderi doly razy bolmalydy. Krok maksadyna ýetmegi başardy. Meniň bilşime görä, «Makdonalds» dünýäde iň uly we pajarlap ösýän çalt tagam kärhanalar toplumydyr.
Her gezek gyzyl çaýylan arkalar görnüşinde ýerine ýetirilen birgeňsi uly «M» harpyň deňesinden geçeňizde, «Makdonalds»-yň şu güne çenli näçe milliard gamburger satandygy barada pikir ediň. Bu tötänden däl. Olaryň söwdasy hälki domino ýoly boýunça gurnaldy. Şol tagam kärhanalaryna barýan adamlar isleg-arzuwlaryny hem biri-birine geçirýärler. Öz garaýyşlaryny paýlaşýarlar. Bu «köpeltmek ýörelgesiniň» aýdyň görkezijisidir. Hepdede diňe iki gezek birine oňyn täsir edendigiňizi, hyýaly alyja (ýa-da dostuňyza, kärdeşiňize, agzy suwarýan aç adama) özüňizi aldyryp bilendigiňizi göz öňüne getiriň. Ýylyň ahyryna çenli şeýle adamlaryň sany 104-e ýeter. Eger olaryň hersiniň aňyrsynda ýene 250 adam duran bolsa, onda siz eýýämi 26 müň adama belli bir derejede täsir edipsiňiz. Olaryň her biriniň aňyrsynda bolsa ýene 250 adam dur.
Indi bolsa, bir ýylyň dowamynda her gün özüňizi «satsaňyz» — ýagny, özüňizi aldyryp bilseňiz, bularyň ählisiniň nämä öwrüljekdigini göz öňüne getiriň. Şonuň üçin, «Makdonalds»-yň girdejisiniň milliardlarça bolmagy geň däldir.
Sport muşdaklary muňa aşakdaky mysal arkaly düşünip bilerler. Meniň çagalyk dostum Oji Bergamo ýigit çykandan soň «Sent-Luis kardinales» beýsbol toparynyň oýunçysy boldy. Men oňa «250 kanun» barada gürrüň beremde, ol: «Jo, eger sen bir ýylda 26 müň adama täsiriňi ýetirip bilýän bolsaň, onda iki ýyldan «Memorial Park» ýa-da «Riwerfront» stadionlaryny doldurarsyň»  — diýdi. Bular, «Gaplaňlaryň» ýa-da «Ýankileriň» oýnaýan ägirt stadionlaryny hem doldurar. Üstesine, Keýsi Stengeliň özi hem muňa haýran galardy!».
Şu kitabyň dowamynda, ynamyň ynam döredýändigini, durmuşa oňyn garaýşyň iru-giç üstünlik getirjekdigini,  ruhubelentligiň täsirlidigini, dogruçyllygyň elmydama oňat netije berjekdigini, berlen sözüň mukaddes bolmalydygyny, ýylgyrşyň jadyly güýjüniň bardygyny, ýaşyň ýa-da jynsyň özüňi satmak mümkinçiligini çäklendirmeýändigini, etnik kökleriň bolsa goşmaça özüne çekiji güýji berýändigi barada birnäçe gezek aýdypdym.
Ýöne diňe köpeltmek ýörelgesini, şeýle hem Jirardyň utgaşykly reaksiýany ulanmak arkaly, bu ýagdaýlaryň netijeliliginiň näçe esse ösjekdigine düşünersiňiz. Netije iň batyrgaý hyýaly netijeleriňizden hem has köp bolar. Ýokarda aýdylanlary jemlemek üçin, güýç-gaýratyňyzy köpeltmäge kömek etjek we dominolary ýykylmagyň ýerine ýokary galmaga mejbur etjek birnäçe maslahatlary bereýin.

Şulary HÄZIRIŇ ÖZÜNDE EDIŇ!

  • *Eger gursagyňyz hyjuw-hyruçdan doly bolsa, ony töweregiňiz bilen paýlaşyň.
  • *Eger birini halaýan bolsaňyz, oňa bu hakda aýdyň.
  • *Eger özüňize ynamyňyz bar bolsa, ony bütin dünýä görkeziň.
  • *Eger özüňizi gowy duýýan bolsaňyz, bu barada kimdir birine gürrüň beriň.
  • *Eger sizde ýylgyryp bilýän bolsaňyz, ony beýlekiler bilen paýlaşyň.
  • *Eger söz beren bolsaňyz, onda sözüňizde duruň.
  • *Eger sizde birine kömek etmäge mümkinçilik bar bolsa, onda muny ediň.
  • *Eger siz hakykaty bilýän bolsaňyz, onda bu barada aýdyň.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

05.05.2024 23:05
1.9k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (61-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...