Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (31-nji bölüm)

  • 29.01.2024 15:55
  • 3438
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (31-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

BIR GÜNI ÝITIRIŇ, ÝÖNE 250 ADAM ÝITIRMÄŇ

Muňa garamazdan, gündelik iş meýilnamam hakda ýene bir zat aýdasym gelýär. Eger irden turamda, haýsy hem bolsa bir sebäplere görä keýpsiz bolsam, näme sebäpli körkeýpdigimiň sebäbini bilmeýän bolsam, ýa-da onuň alajynyň ýokdugynam aňsam, şol gün asla işe gitmeli däl diýen karara-da gelip bilerin. Ýa-da penjireden seredip, «şu gün howa gowy, ýelkenli gämide ýüzmek üçin iň amatly gün» diýip pikir edip bilerin. Men bular ýaly zady ýygy-ýygydan edemok, ýylda bir ýa-da iki gezekden köp däl bolsa gerek, ýönemuny biznesiňizi giňeltmegiň usuly hökmünde beýtmegi asla maslahat beremok.

Käwagt şu günki iş güniniň size hiç hili peýda getirmejegini aňýarsyňyz. Eger şol gün işe barsaňyz, ol ýerde uly ýalňyşlyk goýbermegiňiz ýa-da kimdir biri bilen 250 adamyň ýanynda ýaman abraýa sezewar edip biljek ýaňkalaşmalara ulaşmagyňyz ahmal. Eger irden şu gün hut şonuň ýaly gündir öýütseňiz, iň gowusy işe gitmezlikdir. Özüňizi şol gün ugruňyz ýok ýaly duýýan bolsaňyz, eger göz öňünde tutan duşuşyklaryňyz bar hem bolsa, olary ýatyryň, soňra ünsüňiz sowular ýaly golf oýnamaga gidiň, kinoteatra baryň, aýlawda at çapyşygyna tomaşa ediň ýa-da başga güýmenje tapynyň. Gowy işläniňizde we pul gazananyňyzda ýa-da şonda müşderileriňizi begendireniňizde sizem lezzet alýan dälsiňiz diýjek bolamok. Ýöne, eger ​​şu gün işe barsaňyz, hiç kimi begendirmejegiňize hakykatdanam gözüňiz ýetýän bolsa, onda oňa – irdenem, öýleden soňam, bütin günem – gitmäň. Sebäbi iş ýeriňize, sähelçe-de bolsa, nägilelik getirmeli bolmaň. Onuň güýçli negatiw täsir ediji häsiýeti bardyr.

Bular ýaly duýgy sizde bir günden artyk dowam etse, çözmesi kyn meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz. Aladalar gatbar-gatbar bolup başlar. Ýöne, ol diňe kä halat bolýan bolsa, onda şol güni başga hili geçirmegi meýilleşdiriň.

Ýöne bir zady unutmaň, «düýnki gün işim ugrukmady, garaşyşym ýaly müşderi gelmedi, göz öňünde tutuşym ýaly bolmady» diýip göwnüçökgünlige düşmek bu günki işiňizden eliňizi sowatmasyn. Bu nägileligiňiziň sebäbi, düýnki gün erbet işländigiňizde däldigine müň göterim ynamyňyz bolsun. Ýatladasym gelýän ýene bir zat: eger-de sizde şeýle düşnüksiz nägilelikler has köp ýüze çykyp başlan bolsa, munuň bir gowy dermanyny maslahat bereýin: eliňde bir gowy işiň meýilnamasy bolsunwe bu meýilnamany iň gowy ýagdaýda durmuşa geçirmäge çalyş.

Ýakymsyz günüň nägileligini ýeňip geçmegiň ýene bir usuly, şol günüň wakalaryny gözden geçirip, olar hakda pikirlenmek we näme bolanyna düşünmäge synanyşmakdyr. Özüm-ä her günüň ahyrynda şol günki eden  we  etmeli bolsamam etmedik işlerimi birlaý aňymda aýlaýaryn. Saldarlap görýärin, gözden geçirýärin. Her günüň hut özünde şol günümiň netijesini çykarýaryn. Baglaşan her bir şertnamamy we baglaşmadyk her bir şertnamamy barlaýaryn. Şonuň ýaly hem bolaýýar. Men gürleşýänlerimiň barysy bilen şertnama baglaşyp hem duramok. Hut şol sebäpli hem potensial alyjylaryň ygtybarly akymyny üpjün etmek üçin gaty köp pul we güýç sarp edýärin. Men adaty nyşana degme göterimime ýetmäge çalyşýaryn we size-de şony maslahat berýärin. Mümkin, gürleşýän adamlarymyň diňe ýarysy bilen söwdalaşýandyryn. Ýagny, adatça, her gün azyndan on adam bilen gürleşýändigimi we azyndan bäşisi bilen söwda edýändigimi aňladýar.

Soňky ýyllarda günde satýan awtoulaglarym ortaça bäşden hem ýokarydy, ol görkeziji bolsa nyşana degme göterimiň köpdügi sebäpli däl-de, eýsem, meniň iş salyşýan potensial alyjylarymyň köp bolmagy sebäpli gazanyldy. Gündizki her bir bolup geçen duşuşyklaryň hemmesini aňymda gaýtalaýaryn: «Awtoulagy menden satyn almaga razylyk beren şol ýigide ahyrsoňunda näme gowy zat diýdim, ýöne näme üçin gündogar Detroýtdan gelen ýigit menden satyn almadan ýüz öwürdikä? Ol awtoulaglar görkezilen salona diňe bilesigelijilik üçin girdimikä? Ýa-da indikide şeýle diýäýsemmikäm...» – bu, goýberýän säwliklerime ýa-da bärden gaýtma hereketlerime düşünip bilmegiň üçin zerurdyr.  

Iilkinji gezek günüň dowamynda müşderilerim bilen özümi alyp barşymyň şeýle derňewi bilen meşgullanyp başlamda, işimiň dowamynda goýberen ýalňyşlyklarymy aýan edip bilen halatym, elimden gideren müşderime täzeden jaň etmegi özüme kiçilik bilmeýärdim. Men oňa kimdigimi we näme üçin jaň edýändigimi düşündirýärdim. Adamlar, adatça, size kömek etmäge taýyn, hatda şony isleýärlerem. Men olara öz hereketlerimi gowulaşdyrmaga we ýalňyşlarymdan öwrenmäge synanyşýandygymy aýdýaryn.

Olar maňa köplenç «Ford»-yň ýa-da «Plimut»-yň göwünlerine ýaraýanndyklaryny aýdýardylar, degişli kompaniýalaryň dilerleriniň ýanyna baranlaryndan soň meniň ýanyma ýeke-täk maksat bilen gelýärdiler: «Şewrolet»-iň hakykatdanam iň gowy awtoulagdygyny ýa-da ýokdugyny bilesleri gelýär. Hemmelere-de gowy zat gerek ahyry, bu öz-özünden düşnükli. Elbetde beýle düşündiriş bilen meşgullanjak bolsam, onda men önümlerimi bäsdeşlerim bilen deňeşdirenimde beýle bir gowy satyp bilmeýändigimi aňladyp biler.

Ýa-da gürleşýän müşderilerim maňa başga ýerlerde has gowy bahanyň teklip edilendigini aýdyp bilerler. Soňra men olardan beýleki dilerleriň olara hödürlän awtoulaglarynda haýsy enjamlar goşmaça göz öňüne tutulandygy, nähili ýeňillikleri alandyklary we olardan köne ulagy nähili şertlerde kabul edendikleri barada jikme-jik soraýaryn.

Kähalatda bahalary üýtgetmäge mümkinçiligi bolan söwda agendi biraz gysgançlyk edýär, ýogsam ol munuň deregine kiçiräk ýeňilligiň ýa-da tersine, uly bolmadyk goşmaça enjamy şertnama girizip biljekdigine düşünmeýän bolmaly.

 Ýeri gelende aýtsak, her iş gününi aňymda aýlamak, bu meniň tapan pikirim däl. Taryhda iň beýik üstünlikleri gazanan adamlaryň ählisi diýen ýaly hut şu endigi ýyllaryň dowamynda özlerinde terbiýelediler we üstünlikleriniň köpüsini şonuň esasynda gazandylar. Men muny hut özümde-de gördüm, maňa gowy netije beren zaädy size-de maslahat berýärin.   

Ýene bir gowy maslahat bereýinmi? Sizem şoňa meňzeş hereket etjek boluň. Men elmydama müşderi baradaky öz duýgularymy, onuň menden satyn almakdan näme üçin ýüz öwürendiginiň we başga birinden satyn almak karara gelendiginiň sebäpleri barada aýdýanlaryny deňeşdirmäge çalyşýaryn. Adamlar käwagt özlerini, duýgularyny we garaýyşlaryny has gowy bilýändiris öýdýärler. Özüňizi öwrenmekde, haýsydyr bir ýagdaý babatdaky öz garaýşyňyz bilen beýleki tarapda duran adamyň oňa bolan garaýşynyň arasyndaky tapawudy deňeşdirmekden has möhüm zat ýokdur.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3785

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2750

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1843

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2034

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...