Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (24-nji bölüm)

  • 06.01.2024 13:29
  • 3.8k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (24-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

AÝYŇ IŇ GOWY WAGTY
Meniň aladasyny edýän ýene bir zadym, ol hem, adamlara gutlag hatlaryny dürli töleg hatlarynyň gelip gowuşýan döwri ibermeli däl,  bu bolsa her aýyň 1-i bilen 15-i aralygy, şol aralykda men hiç wagt poçta arkaly hat ýollamaýaryn. Ýöne her gezek meniň iberen gutlaglarym öýümize gelende, kakam işden gelip, hemişeki bolşy ýaly: “Bu gün hat geldimi?” diýip soranda, oňa: “Hawa, Jo Jirarddan nobatdaky otkrytkany getirdiler” diýen jogap berýärler. Meniň adym bu öýde ýylda 12 gezek tutulýar, özi hem örän gowy manyda eşidilýär. Gutlag hatyny ugradýanlarymyň sanawyndakylaryň her biri familiýamy gowy ýatda saklandyrlar, olar günümi näme arkaly dolaýandygymy, nähili gazanç edýändigimi gowy bilýärler. Haçanda olar awtoulag satyn almaly bolanlarynda, olaryň her biriniň kellesine ilki bilen men gelýärin. Diňe olaryň hem däl. Sebäbi olar awtoulag satyn almakçy bolýan başga biri hakda eşitseler, – iş sehinde, ofisde ýa-da beýleki ýerlerde – meniň adymy teklip etmekler gaty ähtimal. Olaryň meniň adymy teklip etmeginiň sebäbi bolsa, hut şol her aý menden alýan ajaýyp gutlag otkrytkalarydyr.
Ýöne ýene bir has ýönekeý hem wajyp sebäp bar. Şeýle bolýanynyň sebäbi, gutlag sanawymdaky adamlaryň köpüsi menden her ýyl azyndan bir gezek, meniň “gözleýji tutmak boýunça ýygyndy” diýip atlandyrýan zadymy alýarlar.
Men indiki bapda gözleýjiler ulgamyna jikme-jik seretmekçi bolýaryn. Şu ýerde aşakdakylary aýtmak bilen çäkleneýin: wizit kartoçkalarymyň bir azyny we ýanyma awtoulag satyn almaga iberenleriň her birine 25 dollar nagt tölejekdigim barada tipografiýa usulda çap edilen ýatlatmany öz içine alýan poçta arkaly ugradýan gutlagnamama, men "gözleýji tutmak boýunça ýygyndy" diýen haýbatly at berdim. Ol adamyň maňa müşderi iberendigini habar bermeginiň usuly bolsa gaty ýönekeý: ol adyny wizitkamyň arkasyna ýazyp, ýanyma ugradan adama berer. Ýöne muňa biz soň gaýdyp geleris we bu barada has jikme-jik gürleşeris.
Häzir bolsa, poçtanyň potensial alyjylara ýüzlenmegiň örän netijeli usulydygyny ýene bir gezek nygtasym gelýär. Ýöne, poçta ulgamlary bekleýän biderek mahabatyň köpdigi sebäpli, siz habarlaryňyzyň bu bolgusyz zatlary böwsüp geçmegini üpjün etmeli. Men habarlaryňyzyň ýerine gowşuryljakdygy ýa-da gowuşmajakdygy barada aýtmaýaryn. Haçan-da men zir-zibil üýşmeklerini böwsüp geçmek diýenimde, bukjanyň açylandygyny, hatyň bukjadan çykarylandygyny we onuň siziň adyňyz we familiýaňyz sesli tutulyp okalandygyny göz öňüne tutýaryn.
Poçta arkaly iberýän namalarymy ilkinji gezek okanyňyzda, mümkin: “Ýogsa näme, Jirard ýaly uly biznesmen üçin ýörite bukjalaryň taslamasy we hatlaryň çylşyrymly tekstlerini düzmek barada gürrüň etmek aňsat. Onuň üçin bular ýaly çykdajylar hiç zat"-diýip pikir etjegiňizi arkaýyn aýdyp bilerin. Bu dogry, men hakykatdanam munuň hötdesinden gelip bilerin.
Ýöne sizde meniň namalarym ýaly netijeli zady etmezlige mümkinçilik ýok, bolmanda, mümkin, siz olary meniňki ýaly däl-de, siziňçe taýýarlarsyňyz. Meniň diýjek bolýan zadym, eger siz adamlara arzan we ýönekeý bukjalarda biderek mahabat ibermegi dowam etdirmekçi bolýan bolsaňyz, onda siziň hatlaryňyz beýlekiler ýaly okalman taşlanar. Men biderek hatlaryň hiç biri ele alynmaýar, seredilmeýär diýjek bolamok. Ýöne olaryň hakykatda müşderä ýetmek mümkinçiligi gaty azalýar. Elbetde, eger siziň iş berijiňiz poçta edilýän çykdajynyň hemmesini töleýän bolsa we hatlary alýan adamlara çäksiz ýazmaga mümkinçilik berýän bolsa, onda diýseň-diýmeseň bular ýaly iş bir zatlara mynasyp. Siziň adyňyz rezin möhürde haşamlaşdyrylyp ýazylar ýa-da ýörite ýelim kagyzda ýazylar.
Bu beýle bir erbet hem däl. Ýöne munuň ýaly hatlara gaty bir ynanyp hem durmaň. Bu, potensial müşderileriňizi poçta arkaly “ele almak” üçin şübheli usuldyr. Eger sizde poçta arkaly habar alyp durmaly gymmatly hasap edýän adamlaryň sanawy bar bolsa, şol adamlaryň siziň hatlaryňyzy görmegini we okamagyny üpjün etmek üçin siziň we iş berijiňiziň sarp edýän goşmaça pullary özüni ödeýändir. Eger el ýüzünde başga zat ýok bolsa, ýönekeý bukjalary ulanyň, hatda, şol bukja salyp biljek zadyňyz diňe öndürijiniň taýýarlan ýönekeý firma materiallary bolsa-da, ýöne sargyt hatlaryny ýazyp iberiň. Bolmanda adamlar aýak çekerler we bukjany açarlar, mümkin, hatda  haty zibile taşlamazdan ozal siziň adyňyzy görmäge ýetişerler. Bu eýýäm hiç zatdan gowudyr - kä ýagdaýlarda bolsa hasam gowydyr. Gynansagam, sizde bar bolan pul serişde boýunça biznesiňiz we ugruňyz şonuň bilen çäklenýän bolmagy ähtimal.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...