Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (12-nji bölüm)

  • 23.08.2023 20:46
  • 7.9k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (12-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

ÜSTÜNLIGIŇ SYRY – ISLEMEK
Hemmesi islemek bilen başlanýar

Gün-güzeranymy aýlamak üçin maşyn satmak pikiri kelläme birdenkä ýa-da hut şol pursat — kynçylyklara batanymda peýda bolmady. Aslynda, awtomobil firmalarynyň birinde maşyn söwdasy bilen meşgullanýan bir tanşym bardy. Gurluşyk işlerim yraň atyp başlanda, meni satuw agenti edip işe almagyny ençeme gezek haýyş edip, ýüz tutdum. Ýöne ol meniň sözlerime hiç wagt çynlakaý garamaýardy, gaýta her gezek bu meseleden söz açanymda, maşyn söwdasyndan başymyň çykmaýandygyny, meniň oňarmajakdygymy ýaňzydyp, gürrüňiň hörpüni başga tarapa sowmaga çalyşýardy.

Dostumyň aýdýanlarynyň belli bir derejede jany ýogam däldi. Ýaşaýyş jaýlaryny satmakda toplan tejribämi göz öňünde tutaýmasaň, men başga näme satyp görüpdirin? Olaram öz saldyran az-owlak we arzan bahaly jaýlarymdy. Amatly jaýlary edinen adamlaryň, elbetde, begenjiniň çägi bolmaýardy. Şol wagta çenli meniň edip gören iň uly söwdam — öz gurduran jaýlarymyň ýanynda oturardym, müşderileri «nusgalyk jaýlaryma» aýlardym, soňam bahasyny ylalaşyp, el gysyşardyk. Soňra-da ähli zerur kagyzlary, resminamalary doldurmaga girişerdik.

Aslynda men aýakgaplary ýalpyldatmak hem-de köçelerde ýük awtoulagynyň arkasyndan ownuk-uşak zatlary satmak bilen meşgullanýan döwürlerim söwda hakda has köpräk düşünjelere eýe bolupdym. Sebäbi, men jaý satanymdan has köp zatlary satyp görüpdim. Ýol ugrundaky barlarda başlaryny sämedip oturanlar ýa-da hojalyk aladasy bilen ýola çykan gyz-gelinler bilen iş salşanyňda, olaryň ünsüni özüňe çekmek juda möhüm. Olara nämedir bir zadyňy ýa-da näçe köp zadyňy ýerläbilseň, şonça-da gowy. Olara hoşamaý, mylakatly, güler ýüzli  bakmak zerurlykdy. Men muňa şol wagtam magat düşünýärdim.

Aýakgap ýalpyldadýan döwürlerim erkek müşderileriň ýanyma gelmekleri, az-owlak ýa-da ep-esli emlemekleri üçin eden yhlas-tagallalarym bilen öý hojalykçy aýal-gyzlaryň alty gap mekgejöwen patragyna derek on gap satyn almaklaryny gazanyp bilşim — bularyň ikisi-de şol bir zatdy. Müşderi gazanmak pul gazanmakdan has ähmiýetlidir.

Ýöne şol galagoply günlerimde ähli küýüm-hyýalym degerli, düşewüntli we arassaja bir iş tapyp, şonuň içine siňip gitmekdi. Awtoulag söwdasy bilen meşgullanýan dostumdan-a derek bolmady, gaýta ol üstümden gülüp, «başarjak işim däldigini» maňa ýaňzytdy durdy. Ondan netije bolmansoň, şol ugurda — awtomobil biznesi bilen meşgullanýan başga bir tanşymyň gapysyny kakdym. Ol «Şewrolet» awtoulaglaryny satýan wekilçilikli firmanyň menejeridi.  

 Bu tanşym gürrüň arasynda hälki dostumyň «üstümden gülmesiniň» syryny düşündirdi. Onuň sözlerine görä, awtoulag söwdasy bilen meşgullanýan köp adam maşyn satyn almaga gurby ýetjek müşderiniň sanaýmalydygyny, maşyn söwdasyna meşgullanýanlaryň bolsa örän köpdügini göz öňünde tutýarlar. Şonuň üçinem her gezek awtosöwda bazarynda täze bir satyjynyň peýda bolmagy, olar üçin belli bir mukdarda ýitgi ýaly kabul edilýär. Hamana, bu gelen satyjyny özleriniň paýyny alaýjak ýaly görýärler. Öz söwdalarynyň, girdejileriniň azalmagyndan howatyr edýärler.

Ýeri gelende aýtsam, çagalygymdan bäri ejir çekýän başga bir kemçiligim bardy: dilim peltegräkdi. Käteler dogry-düzüw beýan etmekde kynçylyk çekerdim. Bu mende sekiz ýaşlarymda peýda bolup başlady, ýalňyşmasam, kakamyň dynuwsyz urgularyndan, kakamdan gorkymdan ýaňa ýüz beripdi. Sakynyp-säginmekligim ençeme ýyllap keýpimi gaçyrýan zatlaryň biridi, utanardym, ejir çekerdim, ýöne meniň meşgullanýan şol wagtky işimde owadan gürlemäge ýiti zerurlygam ýokdy, müşderilerim hem menden beýle zady talap etmezdiler.

Men bu ýetmezçiligim hakda göwündeş gopan her kimden sorap çykypdym, hatda bu ugruň lukmanlaryndanam maslahat soradym. Olaryň hemmesi, esasan, şol bir zady aýdardylar: Howlukman, haýal gürlemäge synanyşyň! Hemme zady bir demde aýtjak bolmaň! Aýdyşlary ýaly ederdim, yzygiderli türgenleşerdim. Aram-aram dilimiň daňysy çözülip giden ýaly bolýardy, arassa, dury hem düşnükli gürleýärdim. Ýöne şeýtmäge ýiti zerurlygyň ýoklugy, mahal-mahal bujagaz başarnygymam ýadymdan çykarýardy. Mejbury bolmadyk ýerimizde meýletin başyna barýan işlerimiz örän azdyr. Tä maşyn söwdasyna baş urýançam bu şeýleligine galdy.

Awtomobil söwdasyna girişip başlanymdan ünsümi bir zada jemlemek, sözlerimi dogry-düzüw, düşnükli we täsirli beýan etmek zerurlygy örboýuna galdy. Howlukman, alňasaman gürlemäge endik edip başladym. Şol wagtlar men otuz üç-otuz bäş ýaşlarymdadym. Mejburdym. Tizara özümdäki sakynmaklygyň hötdesinden geldim — bu ýakymsyz kemçiligimi ýeňip geçmegi öwrendim. Sebäbi başga çykalgam ýokdy, ýagdaýym hut şoňa diräpdi, ýogsam maşgalamyň iýjek-içjegini gazanyp biljek däldim.

Sakynmaklygy, sakawlamagy nädip ýeňip geçmelidigini öwrenmek, söwda edip başlanymda başymdan geçen iň möhüm zatlaryň biri boldy. Aýtmak isleýän zatlarym hakynda düýpli pikirlenmek, näme diýmelidigimi we adamlaryň eşitmek isleýän zatlaryny nähili aýtmalydygymy öwrenmek maňa diňe sakawlygy ýeňip geçmegi däl, eýsem özgeler bilen gepleşik geçirmek medeniýetini hem öwretdi. Söwda-satuw bilen meşgullanýan adam bu hakda hemişe pikirlenmäge mejburdyr.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.1k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2.9k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1.9k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...