Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (6-njy bölüm)

  • 09.07.2023 19:09
  • 9069
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (6-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

ÜSTÜNLIK GAZANDYRÝAN DÜŞÜNJELERE ELTÝÄN ÝOL

Ýöne bularyň hemmesini näme üçin we nädip edýändigiňiziň düýp sebäbine düşünmeseňiz,  bu diňe bagtyň çüwerine gol bulamakdan başga netije bermez. Dogry düşünjelere eýe bolmagyň ýeke-täk usuly — nädogry düşünjelerimiziň nämelerdigini kesgitlemek. Olaryň aslynda bizde nädip peýda bolandygynyň düýp sebäplerini öwrenmekden, şeýle hem näme üçin henizem şol ýalňyş düşünjeler bilen ýaşap ýörendigimize düşünmekden ybaratdyr. Ters düşünjeler bizi hemişe yza tesdirýär.
Men size özümiň bu babatdaky psihologiki düşünjelerimi hut şu yzygiderlilikde beýan etmekçi: ilki özümde bar bolan ýalňyş düşünjelerim, soňra durmuşyma uly özgerişlikler girizen gowy düşünjelerim hakda gürrüň bererin. Bu meniň iň gowy görýän zadym: bir harydy satyp, pul gazanmak we öz tejribämi paýlaşmak. Şol zatlary gürrüň berýän mahalym maňa açylan ylahy syrlar ýa-da asman gudraty hakda aýdar öýtmäň. Asla beýle däl. Beýle däldigine tiz wagtdan sizem göz ýetirersiňiz, durmuşymdaky uly üýtgeşmeler düýbünden başgaça we hemmelere has düşnükli sebäpler arkaly bolup geçdi. Şeýle ýönekeý sebäpler her birimiziň durmuşymyzda hem yzgiderli ýüze çykyp dur.
Dogry, bu ýoly aňsatlyk bilen geçdim diýip bilmerin, ýöne geçdim. Eger muny men başaran bolsam, onda-da meniň şol wagtky ýagdaýyma dagy serediň-ä, şowsuzlyklardan halys bizar-peteňi çykan islendik bir adam hem hökman başarar. Hut şeýle boljakdygyna kepil geçýärin.
Şeýle-de bolsa, ilkinji ädimler hökmünde dogry psihologiki düşünjeleriň özüňe mahsus nusgasyny döretmegiň gerek. Mundan soňra size hödürleýän şu ulgamymyň beýleki düzgünleri we esasy bölekleri bilen içgin tanşarsyňyz. Soňam şol düzgün-kadalara yzygiderli eýerip bilseňiz, olaryň näme üçin üstünlikli işleýändigini özüňizem öwrenersiňiz.
«Jirardyň iki ýüz elli kanuny» ýörelgäm görkezilen ulgamy näme üçin hemişe we üznüksiz ulanmalydygyňyza anyk düşünmäge  mümkinçilik berer. Yzygiderlilik üstünligiň esasy açarydyr.
Wagty rejeli we netijeli peýdalanmak hakda aýdýan ýerlerimde, «wagtyň gyzyldan gymmatdygy» hakdaky sözleriň howaýy zat däldigine, ony boş, bikär ötürmegiň nägadar gymmada düşýändigine çynlakaý göz ýetirersiňiz. Wagty netijeli ulanmak hakdaky anyk durmuşy mysallar bilen tanşarsyňyz. Uzak we gysga möhletde özüňize  nädip gowy garamalydygyny hem öwrenersiňiz. Şondan soň wagtyňyzyň gadryny bilseňiz gerek.
Anyk eden işlerim hakda söz açýan ýerlerimde, elbetde, adamlara awtomaşynlary nädip ýerländigimi hem aýdaryn. Bu babatda sizden ýaşyrjak zadym ýok, ähli bilýänimi birin-birin gürrüň bererin. Öz bolşumy, hereketlerimi beýleki ugurlarda işleýän söwda hünärmenleriniň edýän işleri bilen deňeşdirip beýan ederin.
Bularyň köpüsi şeýle bir düşnükli welin, okap oturyşyňyza «bu  o diýen kynam däl ekeni» diýersiňiz. Hersine aýyl-saýyl düşünersiňiz. Köpüsi babatda özüňizem dessine bir netijä gelmegi başararsyňyz. Müşderilere hökman görkezmeli ýa-da aýtmaly zatlaryňyzam bolýar. Esasanam, söwdada «görkezme usuly» örän täsirli. Mysal üçin, awtomobil satýan bolsaňyz, alarman müşderä ony nähili sürmelidigini ýanynda oturyp görkezip bilersiňiz. Bilelikde biraz ýol geçersiňiz.  Ýa gozgalmaýan emläkleriň — jaýlaryň söwdasy bilen meşgullanýan bolsaňyz, alarman müşderileri ýanyňyza alyp, satuwa hödürlenýän jaýlara, öýüň içine birin-birin girip çykarsyňyz. Otaglaryň we mebelleriň ýerleşdirilişi hakda maglumat berersiňiz. Ýa-da  penjek alarman müşderä ony geýip görmegi, gelşip-gelişmeýändiginiň şonda has gowy bildirýändigini teklip edersiňiz. Täze aşhana ýa-da aşhana esbaplaryny satýan bolsaňyz, olara tagam taýýarlamagyň gyzyklydygyny hut özüňiz nahar bişirip, görkezip bilersiňiz.
Öňki döwürlerde tozan sorujylary hödürleýän satyjylar gapy-gapy aýlanyp çykardylar. Baran ýerlerine-de ýanlary bilen getiren hapa-hupalaryny döküşdirip, soňam ony mahabatlandyrýan tozan sorujylary bilen arassalap, onuň nähili gowy işleýändigini görkezerdiler. Alýumin gap-çanaklary satýan firmanyň hünärmenleri öz tabaklarynda özboluşly datly tagamlary taýýarlap, müşderilerine hödür ederdiler. Ýorgan-düşek söwdasyny edýän satyjylar öz alyjylaryna ýumşak ýorganlaryň üstünde gyşaryp görmegi teklip ederdiler.  Şu aýdanlarymyň ählisi ulag söwdasyndaky görkezme(tanyşdyryş) gezelenjine meňzäp durandyr.
Gysgaça aýdanymda, awtoulag söwdasynda nähili usullary ulanan bolsam, hut şonuň meňzeşi söwdanyň we hyzmatyň beýleki ugurlarynyň ählisinde-de bardyr.
Mundan beýläk men sizi öz geçen söwda ýolum bilen alyp gitmekçi. Öz açan ýörelgelerim — şowsuz birini üstünlikli birine öwürýän ýolum bilen ädimme-ädim ugrukdyrmakçy. Hakyky rysgally söwdagäre mahsus psihologiki düşünjeleri nädip ösdürip we güýçlendirip bilendigimi, bu pikir-düşünjelerimiň täze bir satuw ulgamymy döretmegime nädip sebäp bolandygyny hem görkezerin. Şu bir zady aýratyn nygtasym gelýär: Şu düşünjeler we şu ulgam meni dünýäniň iň beýik söwdagärine öwürdi.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3824

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2773

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1851

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2045

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...