Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (5-nji bölüm)

  • 07.07.2023 12:40
  • 7.8k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (5-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Ilki bilen bilmeli zadyňyz, entek özleşdirmedik bolsaňyz, gynansak-da, ýaşap ýören dünýämizde hemme zat gülala-güllük däl. Munda bäsdeşler, basdaşlar örän köp. Bäsdeşlik – kyn we zabun oýun. Şeýle-de bolsa dünýäniň ýasawy, gurluşy şeýle: hemmeler özleriniň ýetesi gelýän, gazanasy gelýän zatlary üçin, gerek bolsa, hemmeler bilenem bäsleşmeli.  Senem, menem, beýlekilerem şeýle... Bu ýerde durmuş hakda pelsepe otarjak bolamok, ýöne durmuşyň hemişe ýüzüňden sypap durmaýandygyny dünýä inen günümden bäri bilýärin. Bu meniň 35 ýaşamazymdan owal öwrenen az sanly, ýöne iň ähmiýetli zatlarymyň biri boldy.

Ýaňzytmak isleýän zadym: özlerini şu ugurlaryň bilermeni saýýanlar köplenç halatda «has gowy gazanmak üçin siz nämeden bir zatlardan halas bolmaly ýa-da pikir-düşünjeleriňizi gaýtadan gözden geçirip, oňa degişli düzedişleri we üýtgeşmeleri girizmeli» diýip nutuk berýärler. Hamala, bir zady gazanmak üçin başga bir zadyňyzy pida etmeli bolýaňyz diýen düşünjäni aňyňyza ornaşdyrmak isleýärler. Ol usullar diňe şondan soň has köp pul getirip, has köp lezzet berip başlaýarmyş. Hernä, pikiriňizi üýtgedeniňiz, bir zatdan ýüz öwreniňiz ýeterlik bolsa diýsene.

Ýöne biziň dünýämiz käteler gaty rehimsiz we aldym-berdimli bäsdeşliklerden doly. Muny aýtmakdan maksadym, diri galmak üçin her-hesip edip, alajyny tapyň, gerek bolsa ogurlyga ýüz uruň ýa-da gözboýagçylyk ediň, tapyň, talaň, çürkäň diýjek bolamok. Asla beýle däl. Ýanymda boluň, ýeterlik – näme diýjek bolýanyma dessine düşünersiňiz. Harytlary we hyzmatlary halal ýol bilen satybam adamlary nädip üýtgedip bolýandygyny öz gözüňiz bilen görersiňiz. Netijede, hem olaryň pullaryny, hem olaryň dostlugyny gazanarsyňyz. Beýle diýsem, meni diňe öz bähbdini bilmekde aýyplamaga howlukmaň. Sen olaryň puluny hem-de dostlugyny gazanyp bilmeseň, onda siz söwda-biznes işlerinde uzak eglenmeseňiz gerek.

Maňa ýalňyş düşünmäň: dostluk hakda aýdanymda, «adamlara ýaranjaňlyk ediň, goňşularyňyzy söýüň!»  diýen ýaly owadan sözleri mysal getirjek bolamok. Ýakynlaryňyz bilen nähili gatnaşyklary ýola goýasyňyz gelýän bolsa, göwnüňize görä gopuň – ol öz işiňiz. Ýöne «Jirardyň 250 kanuny» baradaky bölüme geçeniňizde bu ýerde «dostlugy» ündemekden nämäni göz öňünde tutýandygyma anyk düşünersiňiz. Bu zatlar bilen tanyşmak arkaly müşderileriň arasynda söwdagärler bilen baglanyşykly mäkäm ornan düşünje toplumlary bilen iş salyşmakçy bolýarys, söwdada dogry sözlüligiň, olara hakykaty aýtmagyň, aldamazlygyň ähmiýeti, hiç hili zyýan ýetirmeýän bolsa, harydyňy biraz gabardyp mahabatlandyrmagyň  ýa-da gowusy, ýerinde dymmagyň zerurlygyny öwrenmek we özleşdirmek isleýäris. Dürli psihologiki garaýyşlar bilen iş salyşýarys.

Kim bilen iş salyşýandygyňyza we alyjylaryň sizden nähili sözleri eşidesi gelýändigine düşünmeseňiz, onda siz söwda-satuw işlerinde uzak wagtlap meşgullanyp bilmersiňiz. Meşgullansaňyzam, üstünlik gazanmak hyllalla bolar. Muňa doly ynanýaryn.

Ýöne müşderilerimiziň psihologiki düşünjelerine üýtgeşmeler girizmezden öňürti biz ilki bilen öz pikir-düşünjelerimiz gözden geçirmelidiris. Ömrümiň ilkinji 35 ýylynda halys ebti agan şowsuzlaryň biri bolandygymy öňem aýdypdym. Bu hakda aşakda size has jikme-jik gürrüň bererin. Ol gören görgülerimi eşitseňiz dagy maňa haýpyňyz gelibem başlar. Hatda şol döwürlerde özümem öz alaçsyzlygyma, şowsuzlygyma gynanyp, gyýylýardym. Alaçsyzlyk bilen nalajedeýinligiň arasynda serimsal-telbe bolar ýörerdim. Ýöne şu wagt size bir hakykaty açyk aýdaýyn, zerur sözi soňa goýmagyň zerurlygy ýok: özüňize hiç nebsiňiz agyrmasyn, çünki özüňe nebsagyrly bakmak geljegiňe duzakdyr. Siz her gezek geçen günleriň görgi gögerçinlerini ýa-da şu günüň şowsuzlyk şarpyklaryny ýatlap, gama batyp otursaňyz, hiç wagt isleýän zadyňyzy gazanyp bilmersiňiz. Geçmişe daňylyp ýaşamak, esasanam, ýerine düşmedik, bijaý, şowsuz pursatlaryny ýatlamakdan üzülmeseňiz, siz diňe bir möhüm pursatlary däl, eýsem tutuş öz geljegiňizi ýitirersiňiz. Geçmişiň ahmyryna baglanyp ýaşamak «Durmuş» ýa-da «Söwda» diýilýän göreşde ýeňiş gazanmak üçin zerur bolan duýgularyňyzdan we mümkinçilikleriňizden mahrum edýändir. Munuňam nähilidigini aşakda giňişleýin düşündirerin.

Onsoňam, men size ýene bu galagoply duýgulardan halas bolşumy,  şowsuz birinden uly ýeňijileriň birine öwrülişimi, «Ginnesiň» bütindünýä rekordlar kitabynda ýazylyşy ýaly «Dünýäniň iň uly söwdagäri» bolup bilşimi hem gürrüň bererin. Muny nädip başaryp bolýandygyny görkezerin. Şu işleri ýerine ýetirmäge girişenimde özümden başga hiç kesiň kömegine bil baglamadym. Özüm ylgadym, özüm kösendim, özüm gazandym. Meni üstünlige gowuşdyran ýollar, usullar, çemeleşmeler hakda-da aýdyp geçerin. Bu zatlary biraz akyl eleginden geçireňizsoň, sizem durmuşyňyza köptaraplaýyn nazar aýlarsyňyz, üstünlik gazanmakdan bökdeýän sebäpleri öwrenersiňiz, olary aýrarsyňyz ýa-da üýtgedersiňiz, şeýdibem özüňizi iň uly ýeňijä öwürmegi başarsyňyz. 

Aýratyn nygtamak isleýän zadym: Siz özüňiz üçin ilki bilen özüňize daýanmalysyňyz! Özüňiz üçin ilki özüňiz aýaga galmalysyňyz! Özüňiz üçin ilki özüňiz oýlanmaly, ilki özüňiz hereket etmelisiňiz! Muny kimdir biri siziň üçin eder öýdüp hantama bolmaň! Her kim özi üçin özi etmeli! Menem öz durmuşymda nämeleriň bolup geçendigini, näme edendigimi we olary nähili berjaý edendigimi, şeýle hem bu zatlary öwrenip, özleşdirip, görelde alyp biljek derejäňizde size öwredip biljekdigime ynanýaryn. Size söwda-satuwdaky iň dogry ýoly görkezip biljekdigime ynamym bar. Şondan soň özüňize hem-de durmuşyňyza seredip, nogsanlyklary artykmaçlyklara, çykdajylary girdejilere, şowsuzlyklary üstünliklere, ýeňlişleri uly ýeňişlere öwrüp bilmegi öwrenersiňiz.

  Biz bilelikde bu ýerlere ýeten bolsak, onda söwda-satuw dogrusynda kelläňizde eýýäm belli bir psihologiki garaýyşlar emele gelendir. Özüni bu ugruň «bilermenleri» saýýan birnäçe adamlar sizi bu ýerlere başga-başga ýollary ündemek bilen eltmäge çalyşýarlar. Olar size maksada ýetmek üçin zerur bolan jadyly jümleleriň, aýtgylaryň, her gün ýatar wagtyň we irden oýanan wagtyň sanamaly sözleriň, aýna bakanyňda özüňe diýmeli sözleriň, ýerine ýetirmeli maşklaryň... uzyn-uzyn sanawyny hödürleýändirler. Sen olary gylyny gymyldatman berjaý etmelisiň, diňe şonda üstünlik gazanarsyňyz diýýändirler. Biziň usulymyz hakyky durmuş netijelerine esaslanýan ýoldur.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...