Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Sizde-de ähli zat häzirem ýerbe-ýer bolmagy mümkin. Öňi telärli jaýyňyz, tomusky dynç alyş üçin oňaýly daçaňyz, ýahtaňyz ýa-da motorly gaýygyňyz bardyr. Belki-de birnäçe awtoulagam edinensiňiz. Muňa garamazdan siz ýene-de söwda-satuw ugruna dahylly birnäçe kitaplary okamaga meýilli bolsaňyz, diýmek, siz mundanam has köp gazanmak hakda pikir edýänsiňiz. Has köp gazanyp boljakdygyna ynanýansyňyz. Dogry edýäňiz. Üstesine ol ýerde her bir üstünlikli satyjynyň duýmaly has üýtgeşik duýgy nygmatlary, maddy däl eşretleri we lezzetleri hem bar. Aslynda, ýagdaýyňyz her näçe gowy bolubersin, siz şondanam gowusyny islemeli. Eger-de eýýämden «ýeterlik» diýip pikir edýän bolsaňyz, onda siz has gowusyny gazanmak üçin ýeterlik derejede pikir we hereket etmeýändigiňiz, onda siz öz ukyp-başarnyklaryňyzy hem doly açyp bilmersiňiz. Ynsan hemişe her bir zadyň has gowusyny islemeli, has gowusyna ymtylmaly. Bu ýaşaýşyň, ösüşiň esasy kanuny. Öňki ýeten derejäň we gazanan üstünligiň bilen çäklenmeli däl. Şonuň üçin okamaga, öwrenmäge dowam ediň. Mende sizi gyzyklandyryp biljek üýtgeşik bir söwda-satuw konsepsiýasy bar. Teklip edýän usulyýetim arkaly juda köp zatlary gazanyp bilersiňiz. Ol edil bütin ýylyň dowamynda hasyl berip duran toprakda ekerançylyk bilen meşgullanmaga meňzeýär. Her gezek topraga bir tohum taşlarsyňyz we ýylyň ähli möwsümlerinde olaryň hasylyny ýygnar ýörersiňiz. Siz muny hemişe we yzygiderli ekişiňiz — ýerine ýetirişiňiz ýaly dowamly we üznüksiz girdeji hem gazanarsyňyz. Her söwdalaşma bir hasyla meňzär. Her gezek bir söwdalaşmanyň hasylyny ýygnanyňyzda, hut şol wagt başga bir söwdalaşmanyň dänelerini topraga seçdigiňiz bolar. Şeýdip, bütin ýylyň dowamynda yzygiderli ekiberýäňiz, ekiberýäňiz. Soňam hasylyny dowamly ýygnaberýäňiz. Söwda-satuw babatda şundan bähbitli başga bir usuly tapmasaňyz gerek. Munuň juda girdejili boljakdygyna kepil geçýärin.
Özüňizi söwda etmegi oňarmaýan ýa-da özüňizde söwda etmek ukyby berlen däldir öýdüp pikir edýän bolsaňyz, «her kimiň özüne berlen zehin bar. Aluw-satuw işleri hem hemme kişä düşüp duranok» diýýän bolsaňyz, özüňizi bu işde ugursyz, şowsuz hasaplaýan bolsaňyz, size bir hakykaty ýaňzytmaga rugsat ediň: men siziň göz öňüne getirip bilmejek derejäňizde şowsuz, ugursyz biridim.
Otuz bäş ýaşyma çenli şowsuzlyk bilen guýruktutdy oýnap geçdim. Şol wagtlar Ýer ýüzünde menden bişow başga biri bolandyr öýdemok. Düzgün-tertibimiň ýaramazdygy, okuwa ýetişigimiň pesdigi üçin orta mekdepden kowlup gördüm. Kyrk töweregi dürli işlerden çykaryldym, wezipelerden boşadyldym. ABŞ-nyň goşunynda bary-ýogy togsan ýedi gün saklanyp bildim. Tüýkesme hilegärem boljak boldum, ýöne hatda şony hem başarmadym. Iki gezek synanyşdym. Birinjisinde, çolpyma ilen zat bolmady, gaýta bir gijäni tüm garaňky we gysby diwarly dar zyndanda oturyp geçirdim. Ikinji gezegimde delilleriň ýetersizligi sebäpli maňa ýöňkelen aýyplamalar ýatyryldy. Şol wagtlar edenim tersine boldy durdy.
Ahyrsoňunda juda az, ýöne yzygiderli damyp duran girdejisi bolan bir söwda baş goşdum. Ýaňy özümi tutup, işimiň gerimini giňeltmäge hyýallanyp ýörkäm, bütinleý tozdum galdym — bankrota düşdüm. Şeýdibem, bergi-borjuň agyr labyry boýnumdan ildi. Örän köp adamlara bergidar bolup galdym. Onça mukdardaky puly ömrümde elime alyp görmändim, ýöne bir zat edip ýa-da her zat edip, bergimi üzlüşmelidim. Şeýdip, işleşýänlerimiň birine ynanjaňlygym zerarly ähli zadymdan el ýuwmaly boldum. Ýogsam, şol wagtam men görgülini aldar ýaly hiç hili zerurlyk ýokdy.
Eliňizdäki bu kitapda şowsuzlyk çukurlaryndan üstünlik gerişlerine nädip çykandygym hakda gürrüň berilýär. Bu kitap döşi orden-medallardan doly, köpsanly hormatly atlaryň ýa-da ylmy derejeleriň eýesi bolan, ýöne bu işe dahylly bolmadyk, «bu işde çorba sowatmadyk» biri tarapyndan taýýarlanylmady. Bu kitaby her gün söwda-satuw bilen meşgullanýan, ömrüni söwda bilen geçiren we hemişe öňdebaryjy bolan, söwdanyň içinde taplanan biri tarapyndan ýazyldy.
Hiç wagt söwda etmek pikirinden aýrylmaň. Hatda häli-häzirlerem ýurt içine aýlanyp, söwda ugrunyň wekilleri bilen gepleşikler geçirenimde ýa-da köpçüligiň öňünde muňa degişli leksiýa berenimde hem nämedir bir zatlar satmak, ýerlemek, söwdalaşmak pikirini kellämden düşüremok. Men öz pikirlerimi diňleýjilere, söwda-satuw agentlerine satyp bilmegiň aladasynda. Galyberse-de, bularyň özlerem bu işleriň nähili alnyp barylýandygyny bilmän duranoklar. Işe nähili girişmelidigini, nähili çemeleşmelidigini, nädip ýerlemelidigini magat bilýärler, sebäbi olaram hut şu işler bilen meşgullanýarlar.
Dogry, dünýädäki iň uly söwdagär diýen ada eýe bolup bilenligim meni juda buýsandyrýar. Muňa garamazdan, ýüzbe-ýüz görüşmek miýesser eden söwda agentlerimden gelýän hoşallyk hatlary meni has-da begendirýär. Olar öz hatlarynda beren maslahatlarymyň. Ündän, düşündiren zatlarymyň ýerine düşendigini, durmuşlaryny has gowulyga üýtgedendiklerini, has üstünlikli we has bagtyýar söwdagär bolup bilendiklerini joşup-joşup ýazýarlar.
Indi gezek seniňki.
(dowamy bar).