Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
- 33-nji bölüm
- 34-nji bölüm
- 35-nji bölüm
- 36-njy bölüm
- 37-nji bölüm
- 38-nji bölüm
- 39-njy bölüm
- 40-njy bölüm
- 41-nji bölüm
- 42-nji bölüm
- 43-nji bölüm
- 44-nji bölüm
- 45-nji bölüm
- 46-njy bölüm
- 47-nji bölüm
- 48-nji bölüm
- 49-njy bölüm
- 50-nji bölüm
- 51-nji bölüm
- 52-nji bölüm
- 53-nji bölüm
- 54-nji bölüm
- 55-nji bölüm
- 56-njy bölüm
- 57-nji bölüm
- 58-nji bölüm
- 59-njy bölüm
- 60-njy bölüm
- 61-nji bölüm
- 62-nji bölüm
- 63-nji bölüm
Durmuş – marafondyr
Ýakyn dostlarymyň biriniň ýigrimi bäş ýaşly ogly bar. Ýaňy-ýakynda ol däp bolan Detroýt marafonuna goşuldy. Bu halkara sport çäresi hasaplanýar, sebäbi oňa kanadalylar hem gatnaşýarlar, ýaryşyň ugry Detroýt araçäk derýasynyň üstünden geçýär. Oglan öň köp türgenleşipdir, ýöne beýle uzak aralygy ol öň hiç-haçan geçmändir. Şonuň üçinem pellehana ýetip bilerin öýtmändir. Ýoluň köp bölegini döşünde gaty agyryly we aýaklarynda damarçekme bilen geçiripdir. Onuň aýaklary uly gabarçakdan dolupdyr. Ol, beýleki marafonçularyň köpüsinde boluşy ýaly, aralygyň bir böleginde bir ädim hem ätmäge mümkinçilik bermeýän beýik diwara gabat gelen ýaly bolandygyny gürrüň berdi. Şeýle-de bolsa, eger özüni öňe gitmäge mejbur etse, onda beýik diwary böwsüp geçjekdigine gözi ýetipdir. Ol muny etmegi başardy we pellehana baryp ýetdi. Ol ilkinji bolup gelmedi. Ýöne ýeňilmedem.
Durmuşda bolşy ýaly, ýaryşda hem diňe bir wagty ýeip geçmeli däl, eýsem özüňi hem ýeňmeli. Şonuň üçin pellehana ýeten adamlaryň her biri, eýelän ornuna garamazdan özüni ýeňiji hasaplap biler. Durmuş durşuna şonuň ýaly ýaryşdyr. Özüňizi «aldyrmak» bilen, siz ilki özüňiz bilen göreşýänsiňiz. Şonuň üçin, diňe erjellik sizi ýeňşe eltip biler.
Lift işlemeýär
Munuň manysy: «Maksada ädimme-ädim gitmeli» diýen ýönekeý düzgünde jemlenýär. Eger ýolda päsgelçilik bilen ýüzbe-ýüz bolsaňyz, ony aradan aýryň we indiki ädime geçiň. Şonda öňüňde çözüp bolmajak mesele galmaz. Bir meseläni çözüp, beýleki meseläniň öz-özüniň çözülendigini hem görersiňiz. Wagt köp päsgelçilikleri aradan aýyrýar. Ýöne esasy zat, bir ädimiň ýeterlik däldigi, indikini ätmelidigi we ädimleri yzygiderli etmek üçin çydamlylygyňy berkitmelidigi barada özüňi ynandyrmakdadyr.
Şu kitapda iş otagymyň diwarlarynda asylan köp sanly dana sözleriň birine gabat gelen bolsaňyz gerek: «Saglyga, bagta we üstünlige eltýän lift işlemeýär. Basgançaklardan ädimme-ädim ýol aş!». Bu ýörelge hiç-haçan güýjüni ýitirmeýär. Işiňizi yzygiderli hem gyssanman etseňiz, bu jaýda liftiň bardygy beýle bir wajyp hem bolmaz. Maksada eltýän basgançaklar we tutalga barka, hemme zat ýerbe-ýer. Esasy zat, ýokaryk dyrmaşmagy dowam etdirmekdir.
«Iş bilen meşgullanmaýan, üstünlik gazanmaga dyrjaşmaýan adamlar ýuwaş-ýuwaşdan ölýärler» diýip aýdýarlar. Agyr zähmet, tutanýerlilik we maksatlara, şol sanda özüňi aldyrmak maksadyňa ygrarlylyk, saglygyňy berkidýär. Häzire çenli işläp ölen adam ýokdur, ýöne içgysgynçlyk, hiç zat etmezlik, wagt ýitirmek, maksada tarap bir ädim hem ätlemek isleginiň ýoklugy bolsa öldürýändir.
Tutanýerli bolmak diňe bir ýönekeý ýerine ýetiriji bolmak däl-de, eýsem öz durmuşyňyzda öňdebaryjy bolmak diýmekdir. Başga biriniň ýolundan ýöremeli däl, öz ýoluňy döretmeli. Elbetde, haýsy tarapa gitmek isleýändigiňizi anyk bilmeli. Meniň iş otagymda asylan dana sözleriň beýeki birinde şeýle diýilýär: «Durmuşyň ähli syry, isleýän zadyňyzy anyklamakda, ony ýazmakda, soňundan bolsa kesgitlän maksadyňyzy tutanýerlilik bilen ýerine ýetirmekdedir».
Indi meniň kitabymyň her babynyň soňunda näme üçin haýsy hem bolsa bir maksady kagyz ýüzüne ýazyň diýilýän maslahatlaryň köpdügine düşünensiňiz. Bu, erjelligiňizi maksatlaryňyzyň durmuşa geçirilmeginde jemlemäge we tutanýerlilik gazanmaga kömek edýär. Ol bolsa özüňizi aldyrmak üçin hökman gerek bolar. Erjel, tutanýerli, yzygiderli bolmasaňyz, meniň maslahatlarym hem size netije bermez. Adamlar ýanyma gelip: «Jo, leksiýaňyzy diňledim, makalalaryňyzy okadym. Bularyň hemmesi gaty gowy, ýöne maslahatlaryňyzyň maňa kömek etjekdigini nädip bilmeli?» diýip soraýarlar.
Meniň jogabym elmydama birmeňzeş: «Olaryň kömek etmejekdigini nädip bilmeli? Muny özüňizde synap görmeseňiz, hiç haçan anyk bilmersiňiz». Bu adamlaryň köpüsiniň, «Jo, tutanýerli bolanyma begenýärin. Muny etmäge siziň maslahatyňyz itergi berdi» diýip iru-giç ýene-de meniň ýanyma geljekdigine ýa-da şol sözleri öz içine alýan hat ýazjakdygyna ynanýaryn.
Bu hakykat. Islendik prinsip-ýörelge olara eýerip başlaýançaňyz peýdasyz. Islendik düzgün iş ýüzünde ulanylýança işlemeýär, ulanmasaň peýda bermeýär. Eger teklipleri ýazyp alýan bolsaňyz, ýöne wagty bilen ulanmaýan bolsaňyz, onda size onuň hiç hili peýdasy degmez. Diňe tutanýerlilik peýdalydyr. Ýurdumyzyň çäklerini giňeltmäge, derýalarymyzy, daglarymyzy we tokaýlarymyzy öwrenmäge hut şol tutanýerlilik kömek etdi. Hut şol hem Amerikany gurdy. Ata-babalaryňyz ýaly kanoe gämisinde derýada ýüzüp barýan adamyň ýerine (elbetde meniň ata-babalarymy däl, sebäbi Sisiliýada kanoe gämileri ýok) özüňizi göz öňüne getirmäge synanyşyň.
Amerika göçüp gelenleriň ilkinjileri, nireden gelendiklerine garamazdan, köplenç möwç urýan böwet-bosagalary we durmuş girdaplaryny ýeňip geçmeli bolardylar. Kürek bilen işläp, akymy ýeňip geçýän wagtlary, olar derýa bilen ýokaryk hereket etmeklerini dowam etdirendirler. Ýöne küreklerini gowşadan batlaryna akym olary ýene aşaklygyna alyp gidendir. Amerikany akym boýunça ugurdaş hereket edýän adamlar gurmady. Daş-töwerekden kinaýaly gülkileri eşidip, lapykeç halda küregi taşlamaga özlerini pida edenlerem guran däldirler.
(dowamy bar).