Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň öňki tälimçisi litwa klubuna bellenildi

  • 25.06.2025 16:41
  • 17k+

Türkmenistanly hünärmen Mergen Orazow Litwanyň “Dainawa” futbol toparynyň baş tälimçisi wezipesine bellenildi. Bu barada toparyň metbugat gullugy habar berdi.

Ýewropa klubuna geçmegi tälimçiniň karýera  ösüşinde täze tapgyr boldy. M.Orazowyň öňünde duran esasy wezipe — toparyň milli çempionatdaky ýagdaýyny gowulandyrmak. Geçen möwsümde Ýewropa kuboklaryna gatnaşmaga dalaş eden “Dainawa” häzirki wagtda ýaramaz ýagdaýda — 16 tapgyrdan soň diňe 4 utuk bilen soňky orunda ýerleşýär. Möwsümiň soňuna çenli 11 duşuşyk galdy we litwaly klub bu duşuşyklarda ýagdaýy gowulandyrmaga umyt baglaýar.
Mergen Orazow — ozalky futzalçy, tälimçilik karýerasyna “Altyn Asyr” klubunda kömekçi hökmünde başlapdy. Soňra bolsa “Köpetdag” we “Ahal” toparlaryna ýolbaşçylyk etdi. Onuň ýolbaşçylygynda “Ahal” Türkmenistanyň çempiony boldy, şeýle hem ýurduň Kubogyny we Superkubogyny gazandy. 2023-nji ýylda ol Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine bellendi. Şeýle hem M.Orazow Ispaniýanyň “Willareal” akademiýasynda we Portugaliýanyň milli ýygyndysynda tejribelik geçdi.
M.Orazowyň “UEFA Pro” ygtyýarnamasy bolup, onuň milli ýygyndy we professional toparlarda 5 ýyllyk iş tejribesi bardyr.


düýn 14:33
9.8k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
8.9k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......

24.06.2026 13:39
11k+

DÇ-2026-nyň 2-nji tapgyry tamamlandy: Ronaldo dubl etdi, Kolumbiýa bilen Angliýa pleý-offda

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda 2-nji tapgyryň ähli duşuşyklary tamamlandy. Oýun gününiň baş wakasy — özüniň ajaýyp oýny bilen meýdançada şowhun döreden Kriştianu Ronaldunyň dubly boldy. Ol......