Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (50-njy bölüm)

  • 02.04.2024 18:19
  • 3.9k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (50-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

MESELELERI NÄDIP ÇÖZMELIDIGINI BILÝÄN ADAM

Dostum Sidneý Luts  — bilimi boýunça psiholog. Ol Miçigan ştatynyň Sautfild şäherinde ýerleşen «Sidneý Luts end Assoşieýts» kompaniýasynyň prezidenti. Eger, bir adam maddy däl zatlary satýar diýip gürrüň edýän bolsalar, onda gürrüň şol barada gidýändir, sebäbi Luts diňe ideýa satýar.   Onuň wezipesi, hyzmaty «meseleleri çözmekden» ybarat.   Ol aýry-aýry şahlaryň we guramalaryň ýüzbe-ýüz bolýan meseleleriň özenine ýetmek we olara döredijilikli çözgütleri hödürlemek maksatly «täzeçe çemeleşmeleri» satýar.
Doktor Lutsyň sözlerine görä, onuň satýan hyzmatlarynyň sanawuna «birsyhly durmuşda üýtgeşmelere höweslendirmek hem-de herekete getirmek hakdaky degerli maslahatlar, şeýle-de, müşderilere netijeli we girdejili işlemäge mümkinçilik berýän ýönekeý we düşnükli çözgütler» girýär.
Luts özüni aldyrmagy başarýar, hyzmatlaryny hem geçginli edýär, muňa garamazdan düşünmesi kyn zatlara akyl ýetirjek bolmaýar we hemmeleriň göwnünden turmaga hem synanyşmaýar.

  • Geň hem bolsa, bu özüňi aldyryp bilmegiň ýeke-täk şowly usulydyr. Özara gatnaşyklar ugrunda tejribäm, başarnygym ýeterligem bolsa, kähalat bilermenleriň, jemgyýetçilik, tehnologiýa, bilim, lukmançylyk we psihologiýa ulgamynyň ussatlarynyň kömeginden peýdalanýaryn. Şonuň üçin, men hatda hyzmatlarymy birnäçe daşary ýurt dillerinde-de hödürläp bilýärin.

Sid şahsyýetler bilenem, kärhanalar bilenem işleýär, ýöne ol kärhanalar bilen işleşmegi has ileri tutýar. Ol meýilnamalaşdyryşa, gözleg işleriniň geçirilmegine, täze taslamalaryň döredilmegine, sorag-jogap çäreleriniň geçirilmegine, maslahat bermeklige, guramaçylyk meýilnamalarynyň we maksatnamalaryň düzülmegine aýratyn ähmiýet berýär. Onuň müşderilerine jemgyýetçilik guramalary, iri önümçilik kärhanalary, hususy korporasiýalar we döwlet edaralary girýär.

— Jo, saňa işimi nämeden başlaýanymy gürrüň bereýin. Men guramalaryň ählisine maşgalanyň ulaldylan görnüşi hökmünde garaýaryn. Galyberse, Birleşen Milletler Guramasy hem halklaryň maşgalasy ahbetin. Islendik maşgalada bolşy ýaly, onuň agzalarynyň arasynda-da düşünişmezlik, dawa-jenjel bolýar, şeýle-de bolsa, olar maşgalanyň ösmegi hem güýçlenmegi üçin tagalla edýärler, ýüze çykýan kynçylyklaryň tizden-tiz ýüze çykarylmagynyň we aradan aýrylmagynyň aladasyny edýärler. Eýsem, muny nädip amala aşyrmaly? Bu ulgamda özüňi aldyrmak, maşgala agzalarynyň ählisiniň aladasyny deň paýlaşmak bilen göni baglydyr. Sen olaryň durmuş obrazlaryna girmeli, hödürleýän zadyňa nähili garajaklaryny göz öňüne getirjek bolmaly. Hut şu filosofiýa esasynda biz iri awtoulag öndürýän kompaniýalaryň biri üçin ýörite okuw meýilnamasy işläp düzdük. Biz bu kompaniýa bilen birmeňzeş pikir etmelidik, onuň aladalary bilen ýaşamalydyk, maslahatymyzyň netijelerini öňünden bilmelidik. Şolary etmek üçin müşderiniň içki dünýäsine aralaşmaly bolduk. Özümizi hem hyzmatlarymyzy aldyrmak üçin käteler «hameleon» hem bolmaly bolýar. Kärhana ýa-da şahsyýet bilen iş salşylanda ýagdaý birdenkä üýtgäýse, senem reňkiňi üýtgedip ýetişmeli. Mesele, müşderiniň kimdigine, talaplarynyň düýp manysyna, onuň geçmişine, durmuş tejribesiniň çäklerine düşünmekdedir. Düşünýärmiň, müşderiniň tamasyny ödemek üçin, onuň toplan ähli tejribesini kabul etjek bolsaň, doly açyk bolmaly.
Sid bu zatlaryň maňa-da dahylynyň bardygyny ýatlatdy. Iş otagymda, çagalyk döwrüm biriniň aýakgabyny arassalaýan suratym asylgy. Sidiň pikirine görä, surat öň kim bolandygymy mydama ýadyma salyp durmaly: günümi dolamak üçin islendik işe ýapyşmaga mejbur bolýan oglanjyk. Öň meselä şol nukdaýnazardan baha bermedik hem bolsam, ýöne kähalat şol döwrüm baradaky ýatlamalarym, awtoulag satan ýyllarym asmanda gaýyp ýörmän, müşderilerim bilen has işjeň işleşmäge kömek edendigini aýdyp biljek.
— Adamyň durmuş ýa-da iş tejribesi näçe köp bolsa, şonça-da özüni we hyzmatlaryny netijeli «satyp» biler.  Seniň adamlar bilen aragatnaşygyň näçe yhlasly bolsa, üstünligiň şonça-da uly bolar – diýip, Sid aýdýar. Eger dostum Sid Lutsyň beren maslahatyny birnäçe söz bilen aýtsam, ol aşakdakylar bilen çäklenýär: durmuş ýaly pähimli boluň, tejribe toplaň! Tejribeleriňizden peýdalanyň! Işleriňizi gazanan tejribeleriňiz, esasanam,  sizi adamlar bilen baglanyşdyrýan tejribeleriň esasynda gurnaň.  Bu hyzmatlary satmagyň iň gowy usulydyr. Tejribäňiziň çägini giňeltmek hiç wagtam giç däldir. Ýöne olary çäklendirmek, özüňizi we hyzmatlaryňyzy satmak ukybyňyzyň pese düşmegine getirýär.
— Hakykatda, durmuş tejribesini çäklendirýän adamlar, özlerini ýönekeý we tukat durmuşa sezewar edýärler — diýip, Sid sözüni dowam etdirýär.
— Olaryň daşky dünýä bilen aragatnaşygy ýeterlik däl. Olar gowşak, mazasyz, ruhsyz adamlar. Bu köp sanly guramalara-da degişlidir. Şonuň üçin men hatda «Boş-biderek» ýazgyly möhürem edindim. Durmuşa şeýle garaýyşyň bardygyna şaýatlyk edýän islendik kagyza şol möhüri goýýaryn. Soň olary stoluň çekmesine oklaýaryn.
Men Sidiň maslahatyna goşulýaryn. Siz üçin hiç hili bähbidi ýok sakgyjy satmaň, özüňizi satyň, özüňizi aldyryň. Galyberse-de, siz önüm däl-de, hyzmat satýarsyňyz.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...