Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
- 19-njy bölüm
- 20-nji bölüm
- 21-nji bölüm
- 22-nji bölüm
- 23-nji bölüm
- 24-nji bölüm
- 25-nji bölüm
- 26-njy bölüm
- 27-nji bölüm
- 28-nji bölüm
- 29-njy bölüm
- 30-njy bölüm
- 31-nji bölüm
- 32-nji bölüm
- 33-nji bölüm
- 34-nji bölüm
- 35-nji bölüm
Eger kimdir biri salona girip, maňa familiýamy tutup ýüzlense, onda söhbetdeşlik üçin eýýäm gowy başlangyç bar. Men hakda nireden bilendiklerini olardan soraýaryn. Jogap höküminde ol adamyň men hakda bir ýerde okandygyny eşidýärin; şonda men sözümi dowam edýärin we nirede okandygyny anyklaýaryn – ynha biz eýýämi söhbetdeşlige başladyk. Ol ýa-da kimdir biri aýtdy diýip biler, hatda onuň diýen adamsy hakda hiç haçan eşitmedik hem bolsam, hökman şol adamy gowy tanaýandygymy aýdýaryn. Ýa-da zawodda men hakda gürrüň edendiklerini aýdarlar. Haýsy zawoddaka? Şeýdip biz onuň nirede işleýändigi hakda gürleşip başlaýarys. Onuň berjek jogaplaryna garamazdan, men ony söhbetdeşlige çekýärin we şeýdip özüm üçin peýdaly zatlary bilip bilerin, meselem, meniň tanyşlarymdan onuň kimi tanaýandygyny ýa-da onuň özüniň nirede işleýändigini.
Eger men tanyş familiýa eşitsem, onda şol adamdan gaty uzakda ýaşaýarmyň diýip soraýaryn, şeýdip meniň häzirki müşderimiň haýsy raýonda ýaşaýandygyny anyklaýaryn, onuň girdejisiniň mukdaryny çaklaýaryn. Onuň işleýän zawodyndan soň biz müşderiniň eýeleýän wezipesine geçýäris, bu bolsa onuň gazanjyna ýene bir gezek baha bermäge mümkinçilik berýär. Men yzyny üzmän hereket edýärin, ýöne magnitofony ýa-da kompýuteri işletmek üçin nurbatyny towlanlarynda müşderi aňmaz ýaly, mylakatly enjam bolmaga çalyşýaryn. Sebäbi, ýaşaýan ýeri, goňşulary ýa-da töwerekleri, şar oýunlary kluby ýa-da işleýän zawody hakda gürrüň berýän mahaly, şol maglumatlardan iň gymmatlylaryny alýandygymy men oňa duýdurmaýaryn. Hakykatda ol näme diýende-de ondan soragly jogaplary alýaryn we ony şol meselä has çuňlaşar ýaly edýärin, ýöne beýleki tarapdan, men hiç wagt baş alyp çykyp bilmejek meseläme ýa-da ýagdaýa çuňňur gümra bolmaýaryn.
Haçanda biz onuň işleýän zawodundaky şarlar oýny we onuň oýnaýan toparynyň ajaýyp çykyşy hakda gürrüň açamyzda, men gürrüň arasyna tötänden şu sözleri goşýaryn: "Maňa açaryňyzy beriň, häzir münýän awtoulagyňyzyň bahasyny iki bolup kesgitlemäge synanyşaly". Serediň, men: "Sizde menden satyn almakçy bolýan täze awtoulagyňyzyň ýerine bermäge köne awtoulagyňyz barmy?" diýip soramadym. Men bu hili sorag bermerin, sebäbi ol alyjynyň pikirini düýbünden nädogry ugra gönükdirer. Ol bolýar diýäýsem näme bolarka, üstesine, munuň özi täze awtoulag satyn almak işlerini gaty uzaga çekdirmegi ahmal diýip pikir eder. Ýa-da maňa ýalan sözläsi geler we häzirlikçe “ýok” diýip jogap berer, sebäbi onuň niýeti täze awtoulaga iň amatly baha kesmeli, soň bolsa tabşyrýan köne awtoulagy üçin ýeňillik almak maksady bilen bahany hasam peseltmeli.
Elbetde, bu zatlar ýokarda suratlandyryşym ýaly ýeňil bolup bilmez. Siz, yzyna gaýtarylan awtoulagyň näçe bahalanandygyna garamazdan, biziň hödürläp biljek we tekliplerde görkezilen bahalara kaýyl bolmaly bolarsyňyz. Ýöne adamlaryň köpüsi bu meseläniň çözgüdini uzaga çekdirip bilseler, ony düýbünden başgaça edip bolar diýip pikir edýärler.
Şu ýagdaýda mende bir maksat bar: müşderini maňa garşy gödek bolman, häzirki geleşige päsgel berýän käbir päsgelçilikleri ýeňip geçer ýaly etmeli. Men şonda çalt hereket etmeli. Ýogsam ol ilkiligi öz eline alar we maý bermän söwda edip başlar. Alyjy tabşyrmak üçin köne awtoulagyň özünde ýokdugyny aýtjak bolanda, oňa üns beriň, şonda siz onuň dogrusyny aýdýandygyny ýa-da başga bir oýun etjek bolýandygyny gözlerine seredip düşünip bilersiňiz.
Diýjek bolýanym, köne awtoulagyny kakasyna ýa-da ogluna bermek isleýän käbir adamlar bar, ýöne müşderileriň köpüsi köne ulagy yzyna gaýtaryp, täze awtoulag almak isleýärler. Şonuň üçin men bu wariantlaryň hemmesini aradan aýyrýan-da: «Maňa öz açarlaryňyzy beriň» diýýärin.
Adatça soňky döwür tabşyrylýan köne awtoulaglary özüm gözden geçirmeýärin, sebäbi bu işi ýerine ýetirmek üçin ýörite adamlarym bar. Men kömekçilerimi nähili ulanýandygym barada soň siz bilen gürleşerin, ondan başga-da, bu biznesde satyjylaryň köpüsiniň özlerine kömek etjek goşmaça adamlarynyň ýoklugynyň sebäbi barada-da siz bilen pikir alyşaryn. Ýöne, şeýle-de bolsa, uzak wagtyň dowamynda yzyna tabşyrylýan köne awtoulaglary özüm gözden geçirýärdim, käte häzir hem şeýle edýärin.
(dowamy bar).