Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (10-njy bölüm)

  • 25.07.2023 18:20
  • 7.2k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (10-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

ÝEŇIL EKLENJE ELTÝÄN KYN ÝOLLAR

Soňra ýene-de garma-gürme amallar, dawa-jenjel, ýaka ýyrtyşma, işden kowulma ýaly ýagdaýlar birsyhly dowam etdi durdy. Mundan soňam deň-duşlar bilen daş-töwerekde bikär ygar ýörerdik, bilýard oýnardyk, başga-da nähili biderek güýmenje bar bolsa, burnumyzy sokup görerdik. Käteler öz ýanymdan pikir edýärin, şol günlerde iň bolmanda kimdir biri maňa mylakatly garap, gowy çemeleşen bolsa, bir ýagşy zada gönükdiren ýa bir işe ugrukdyran bolsa, menem bir pişäniň başyny tutup, şol ugurda işläp, kämilleşip giderdim,  jemgyýetde özüme mynasyp orun tapyp bilerdim diýýärin. Ýöne töweregimdäkileriň maňa biparh hem-de ynamsyz garamagynyň düýp sebäpkäri özümdim, sebäbi emelsiz, biderek, nanýagysy, ysnat biridigime ilki bilen özüm ynanýardym. Özüm barada şondan başga hili pikir edip bilemokdym. Her edýän işim, özümi alyp barşym hut şol biderekligi tassyklamak üçin edilýän ýalydy. Bilgeşleýin şeýdýärdim. Hereketlerim bilen kakamyň men hakdaky pikirlerini tassyklap berýärdim. Kakam men hakdaky garaýyşlarynyň dogrudygyna göz ýetirer we belki meni halap başlar diýibem oýlanýardym. Bu birneme akyla sygjak zadam däl welin, ýöne käteler käbir adamlar özlerini hut şeýle alyp barýarlar. Ýaş-ýeleňleriň birnäçesi bardyr, halaýan gyzlaryny gorkuzyp, ynjydyp, gözleriniň oduny alyp, özlerini söýmäge mejbur etjek boluşlary ýaly görünýär. Şeýle çemeleşme dogry dälem bolsa, daş-töweregindäki adamlardan özlerine mynasyp hormaty gazanyp bilmeýänler, gazap atyna münýärler we däli hereket edýärler.

Ahyrsoňy maňa başgaça garaýan birini tapdym, şolam meniň durmuşymy kem-kemden üýtgedip başlady. Oňa Eýb Saperstaýn diýýärdiler, işiniň gerimi giň däldi, az-owlak mukdarda ýaşaýyş jaýlaryny gurmak bilen meşgullanýardy. Ol dürli etraplardaky boş duran ýerleri amatly bahadan satyn alardy, soňam sanaýmalyja adamlary hakyna tutup, şol ýerlerde kiçeňräk jaýlary gurdurardy.  Ýylyň dowamynda alty töweregi jaýy ýetişdirerdi. Eýwanly, dälizli uly we kaşaň jaýlary, köşkleri gurmazdy. 

Eýb meni adaty garamaýak işçi hökmünde hakyna tutdy, sebäbi şondan başga zat elimdenem gelenokdy. Näme buýursalar, şoňa ylgardym. Ýük awtoulagyny sürerdim, sement garyşdyrardym, gurluşyk materiallaryny çekerdim, kerpiç örerdim, başga-da gurluşykda nähili işler bar bolsa eder ýörerdim. Şol wagtlar bir jaýyň gurluşygy üçin Saperstaýn 9000 dollar töweregi çykdajy ederdi, soňra her jaýy 12000 dollara satardy. Dogry, gelýän girdeji o diýen uly däldi, ýöne gurmak we satmak işlerini özi amala aşyransoň, söwda-satuw üçin alynýan komission töleglerinden azatdy. Esasy mesele  bankdan pul almakdy — gozgalmaýan emläkler üçin zamun, ipoteka we ş.m. zatlar talap edilýärdi. Adamlara amatly bahaly jaýlar gerekdi, olaram hemme resminamalary düzüw bolup, puluny doly töläninde satyn alyp bilýärdiler.

Bu kiçeňräk bir biznesdi, her bolup geçýän hereketi, amaly başyndan ahyryna çenli gözüm bilen göremsoň, özümem gaýtalap biljekdim, eger özümiz bir işiň hötdesinden gelip bilmesek, elbetde, başgalara ýüz tutardyk. Saperstaýna işe duran wagtlarym öýlenipdim we biz eýýäm ilkinji bäbegimize garaşýardyk.

Hut şol ýagdaý, şeýle hem Saperstaýnyň maňa hoşgylaw garamagy ol ýerde uzak wagtlap işlemegime we bu işi içgin öwrenmegime sebäp boldy. Ýalňyşmasam, bu meniň bir ýerde bir ýyldan uzak dowam eden ilkinji işimdi. Üýtgeşik gazanjym ýokdy, ýöne alýan zähmet hakym aýalymy, oglum Jo hem-de gyzym Greýsi eklemek üçin ýeterlik bolýardy. 

Saperstaýn hormatly dynç alyşa çykmak kararyna gelende, alyp barýan ähli işlerini maňa tabşyrdy. Dogrusy, ol ýerde agyz dolduryp aýdar ýaly ummasyz zadam galmandy, bar zadymyz — köne awtoulag, käbir gurallar hem-de kiçijik beton garyjydy.  Ýöne bu ujypsyzja mümkinçilikleri öz tejribäm bilen utgaşdyrdym-da, kärhanany akylly-başly dolandyrmagyň hötdesinden geldim.

Detroýtyň hem-de onuň töweregindäki sebitiň ykdysadyýeti, beýleki ýerlere garanyňda has durnuksyzdy, beýgelmeler we pese gaçmalar, çökgünlikler gaýta-gaýta ýüz berer durardy. Şonuň ýaly düşewüntli ýyllaryň birinde şäheriň eteklerinde dürli ýerlerde yzly-yzyna birnäçe jaýlary gurup bildim. Ählisiniň gurluşygyny birbada alyp barmaýardym, ilki birini gurýardym, ony tamamlamsoň beýlekisine başlaýardym. Şeýdip, hem kärhanany aýakda tutmaga çalşardyk, hem-de adaty işlerden birneme köpräk pul gazanmak üçinem yhlas ederdik.

Belli bir wagt aralygynda işlerimiz ugrukdy gitdi, ýöne bu uzak dowam etmedi. Bu işde has köp üstünlik, köp girdeji gazanmakçy bolsaňyz, birbada birnäçe jaýyň gurluşygyny alyp gitmekdir. Olaram ýanaşyk mellek ýerleri bolsa, iki jaýy birden gurmaga işçi güýjüňiz we material üpjünçiligi hem ýeterlik bolsa, onda ep-esli pulam tygşytlap bilýäňiz. Ýöne diňe uly jaýlary däl, eýsem kiçeňräk jaýlary yzygiderli gurmagyň hem has netijelidigine düşünmek üçin üýtgeşik akyl gerek däl. Şeýdip, ahyry men işiň gerimini giňeltmek kararyna geldim.

Saperstaýn düşünjeli, salykatly adamdy. Ol meni edil öz ogly ýaly görýärdi, menem ony juda gowy görýärdim, sylaýardym. Ýük awtoulagynyň sürüjisi wezipesinden kärhananyň ýolbaşçysy wezipesine ýetýänçäm, ol maňa juda köp zatlary öwretdi. Ýöne öwrenip bilmedik bir zadym bardy — kime ynanyp, kime ynanmaly däldigimi bilmeýän ekenim. Biziň alyp barýan bu kiçijik biznesimizde ynanyşmak aýratyn üns berilýän mesele-de däldi. Şol işlän döwrümizde ynam bilen baglanyşykly hiç bir düşünişmezligem ýüze çykmandy.

Işiň jylawyny elime alyp başlan uçurlarym, kagyzda ýazmaça beýanyny görmesem hiç bir zada asla ynanmaly däldigimi bilmesem näme. Ähli zat şundan başlady: Birbada bir topar jaý gurup bolar ýaly boş ýer gözläp başladym. Şonda potratçylyk işleri we beýleki şertnamalar üçinem ep-esli arzan tölemek mümkinçiligi bardy, gurluşyk materiallary we beýleki harajatlar üçinem az çykdajy edip bolýardy. Garaz, gurlan jaýlar arzan bahadan düşjekdi. Ahyrynda, Detroýtyň demirgazyk-gündogar taraplarynda bahasy amatly, birnäçe jaý gurmaga oňaýly ýer tapmagy başardym. Şol ýerde elli töweregi jaýy ýerleşdirip boljakdy. Bir wagtyň özünde azyndan dört jaýyň gurluşygyny alyp barmaga ýagdaýym bardy. Bu adatdakylardan has arzan düşjekdi.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...