Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (9-njy bölüm)

  • 20.07.2023 19:05
  • 8.9k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (9-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

ILKINJI SÖWDALARYM

Köçeme-köçe aýlanyp, işçi müşderilerimiň aýakgaplaryny aýna ýaly lowurdadýan wagtlarymam birazajyk söwda-satuw tejribesini toplapdym. Hapa pollaryň üstünde çotgamy hereketlendirip gazanýan ujypsyzja hakym, ýany bilen degşen bolup, henek atyp, müşderilerimiň göwnüni awlamaga çalyşmagym, aslynda, hakyky söwdanyň kiçijek bir nusgasydy. Ýöne has köp tejribäni, iň bolmanda söwda etmegiň möhüm bir tarapyny gazet satyp başlanymda gazandym. Her gün irden sagat alty töwerekleri oýanardym-da, gazet sehine ýönelerdim. Ol ýerde Detroýtyň ýerli metbugaty bolan «Fri press» («Erkin metbugat») gazetiniň birnäçe nusgasyny elime gowşurardylar. Gazetleri ýaşaýan ýerimizdäki ýa-da görkezilen salgylara paýlaşdyrardym, soňra mekdebe giderdim. Okuwdan soňam ýetişibildigimden öwrenişenje işime — köwüş arassalamaga meşgul bolardym.

Söwda babatdaky düýpli düşünjelerimi satýan «gazetime» täze abunaçylary tapmaly bolanymda gazandym. Azyndan bir aýlyk abuna ýazylan her bir müşderim üçin maňa bir guty «Pepsi-Kola» içgisini baýrak bererdiler. Her gutuda hem  24 çüýşe bardy. Şol wagt bu baýraklar meniň üçin uly gazançdy. Bu ýerde işe höweslendirme hakda gürrüň gidýändigini ýadyňyzdan çykarmaň.

Dogrudanam, şol gutular meniň üçin juda ähmiýetli zada öwrüldi. Her köçedäki her jaýyň her öýüne diýen ýaly barardym. Gapylarynyň jaň düwmelerini basa-basa ellerim çişip giderdi. Abuna ýazylyşyk döwründe hatda bir-iki günläp okuwa hem gitmändim, gazanç şeýle özüne çekijidi. Tutanýerlidim, erjeldim. «Täze bir kampaniýa alyp barýarys, bäsleşikli kampaniýa, bary-ýogy bir hepdelik abuna ýazylmagyňyzy soraýarys» diýerdim. Baýragyň diňe bir aýlyk abuna ýazylan müşderiler üçin berilýändigini bilsemem, birazajyk umydym bardy: «Bir hepdelik ýazylanlar, belki bir aýlyga uzadyp bilerler» diýip oýlanýardym. Täzeje gazetleri her gün irden heniz oýanyp ýetişmänkäler gapylaryny eltip berjekdigimi aýdýardym, aslynda, dogrymy aýdýardym.  Hatda «Ýok, gerek däl» diýselerem, täze müşderileri çekmekden elimi sowatmazdym, lapykeçlige düşmezdim, hereket etmäge dowam ederdim, gapylaryň jaň düwmelerini basmakdan irmezdim.

Ret edilmek, ýüz öwrülmek — ýakymly zat däl, emma üýtgeşik bir zadam däl. Bu adaty bolup biljek ýagdaýlaryň biri. Ýöne tiz wagtdan näçe köp adam bilen gürleşsem, şonça-da köp satýandygyma göz ýetirdim. Ine, muny bilenligim örän peýdaly boldy. Gysga wagtyň içinde öýümiziň arkasyndaky kiçijik garaž «Pepsi» gutularyndan münberlendi. Şeýdibem «Pepsi» içgilerini goňşularyma olaryň alyp biläýjek nyrhyndan ýerläp başladym. Bu söwda maňa goşmaça girdeji getirýärdi, şeýtmek bilen özümiň bir zatlar başarýandygymy, biderek biri däldigimi kakama subut edesim gelýärdi. Ýöne munuňam hemişe degerli bolmaýandygy ýüze çykdy.

Bäş ýyl töweregi aýakgap arassalamaga we gazet satmaga dowam etdirdim, şol wagtlar okuwa-da gidýärdim, ýöne dogrusyny aýtsam, ýetişigim ýabygorlydy. Geljegine umyt bildirilýän okuwçylaryň biri däldim, muňa garamazdan şol döwürlerde mekdepden hem bir zatlar öwrenip bildim. Şeýle-de bolsa kakam bilen aramyz hiç sazlanybermedi. Soň-soňlaram kakam meni sähel bahanalar zerarly onlarça gezek dagy öýden kowandyr. Şonda gijelerimi ýük ulaglarynyň arkasynda ýatardym, ýa-da bolmasa käwagt şäheriň merkezi bölegindäki ýatalgalaryň birinde kireýine bir gijeligimi geçirerdim. Bu Detroýtyň iň bir tertipsiz mesgenleriniň biridi, ahlak taýdan bozuklaryň düşleýän, arzan myhmanhanalaryň, güýmenjeli otaglaryň, pansionatlaryň, azgyn filmler görkezilýän kinoteatrlaryň toplanan ýeridi. Ana, şol ýerde, umumy ýatylýan däliziň bir burçunda gyşarmak üçin 10 sente ýa-da çärýek dollara bir düşek bilen ýapynja edinip bilerdim. Aýratyn otagy kireýlemäge ýagdaýym ýokdy. Ol ýerde-de özüni bilmeýän serhoşlar köpdim kimiň näme edýändigini biler ýaly däldi. Birnäçe wagtdan soň kakam meni gözläp, şol ýatalga jaýyna baryp, meni alyp gaýdypdy. Ýolda gelýärkägem, mundan beýläk özümi akylly alyp barmalydygymy pugta sargapdy. Şol wagt ejem gününe goýmadyk bolarly, ýogsam kakam meni idäp gelesi ýok diýip pikir edýärdim. Öýümize dolandym, okuwa-da gatnamakçy boldum, jaýyň burçunda deň-duşlarym bilen gürrüňe gyzyşdym, ýöne ýene öýden kowuldym.

On alty ýaşymdakam, bir gün agşam şol golaýda ýaşaýan iki sany tanyş oglanlaryma duşdum. Olar gulagyma pyşyrdap, «Garaňky gatlyşanda, şu duran bary oljalarys. Bu ýeri mazaly öwrendik, ol ýerde alkogolly içgilerem bar, belki eýesi az-owlak pulunam goýup gidendir. Senem bize goşulyşjakmy?» diýip pyşyrdaşdylar. Ol ýerini, içini we daş-töweregini gowy bilýärdim, sebäbi epesli wagtlap şol barda müşderilerimiň aýakgaplaryny tämizläp beripdim. Mundan ozal beýle zady edip görmedigem bolsam, şol gezek olaryň teklibine nädip yrylandygyma haýran galýaryn. Olara goşulmak kararyna geldim. Belki-de, şol ýeri gowy bilýändigim üçin razylaşandyryn. Her niçigem bolsa, men tozgunçy biri däldim. Adamlary aldamagy halamaýardym.

Şol günleriň şeýle pursatlaryny ýatlasamam, näme üçindir soňra beýle gazançlara asla meýil etmändigim ýadyma düşýär. Belki-de kakamdan gorkym, belli bir işe güýmenmesem maňa eglişik etmejekdigi hakdaky pikirlere ters ýollara gönükmekden saklandyr.  Şeýdibem, men şol wakany ýadymdan çykaňkyrladym, iň bolmanda, unutmaga çalyşdym. Ýöne günleriň birinde ukudakam daýaw bir pyýadanyň: «Tur hany!» diýen güňleç sesine oýanypdyryn. Gözümi açalak-ýumalak edip durşuma: «Hany, dessine egin-eşigiňi geýin-de öňe düş!» diýen sözlerini eşidip galdym. Gözüme ilen zadam döşündäki polisiýa nyşanydy... Bu meniň durmuşymdaky iň ýakymsyz gijeleriň biridi, ýogsa mundan öňem nähili ýerlerde gijämi geçiripdim ahyry.

Ertesi irden baryň eýesine ähli ýitgileri tölemek şerti bilen meni ol ýerden boşatdylar. Baryň hojaýyny meni gören dessine tanady, nädip bu ýagdaýa düşüp ýörenligim bilen gyzyklandy. Men näme üçin şeýdendigimi aýdyp bilmedim, kibtimi gysyp oňdum, sebäbini hatda özümem bilmeýärdim, ýöne oljalan zatlarymyň ählisini yzyna goýjakdygyma ýa-da bahasyny tölejekdigime ynandyrdym. Ol makullamak bilen «Bolýar!» diýip, hökmany aýyplamalardan ýüz öwürdi. Şeýdibem, ol «jähennemden» sagaman gutuldym. Şol ýerden çykmak üçin her zat etmäge taýýardym.

Şol wagt kakam bilen daýymam meni almaga gelen ekenler. Şol gazamatdan garamyzy saýlap-saýlamankak, kakam ýene meni ýenjip başlady. Ol maşynyň içinde-de, öýe gelemsoňam tenimi mazaly awundyrdy. Her gezegem maşgalamyzyň at-abraýyna ysnat getirendigimi, mertebäni peseldýän işlere baş goşandygymy, öýümizi masgaralandygymy gygyryp ýaňzydýardy. Şol pursatda kakamyň bu babatda mamladygyna düşündim. Kakamyň şu çaka çenli maňa ýanap, ýöňkäp gelen ähli zatlaryny, kakamyň men babatda hemişe dogry pikir edendigini subut edipdim — ýoknasyz, kezzap, bidöwlet birine öwrülipdim.

Gazamatda geçiren şol gezekki  gijämden bütin ömrüme ýeterlik sapak edindim. Nämeleriň bolandygyna garamazdan, gaýdyp şeýle işlere asla baş goşmajakdygymy pugta ýüregime düwdüm.

Şeýdibem, biziň ýaşaýan töwereklerimizde ýerleşýän, gaz plitalaryny (gaz ojaklaryny) öndürýän kärhana işe ýerleşdim, ol ýerde Sisiliýadan gelen köpsanly ildeşlerimizem bar ekeni.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...