Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

  • 16.05.2024 16:00
  • 3974
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Elbetde, özüňizi aldyrmak üçin eliňizden gelenini edeňizde, käbir adamlaryň ýüzünde makullaýjy ýylgyryşlary däl-de, şübheli gülümsiremeleri görersiňiz. Beýle adamlara gulaklaryňyzy ýapyň. Bularyň ählisi, size: «Dogrudan hem horlanasyňyz gelýärmi? Semizlik gaýtam size gelşik berýär ahbetin» diýýän şol bir adamlar. Üstünlige barýan ýolda size bökdençlik döredýän bu adamlar, size wehim salýarlar, özleri bolsa, hemişe bolşy ýaly töwekgelçilik etmän arkaýyn ýaşaýarlar. Olara meňzemejek boluň.
Biziň köpimiz akym bilen gitmegi, hiç zada goşulmazlygy, päsgelçiliklere duçar bolmazlygy gowy zatdyr öýdýäris. Ulanylan awtoulaglaryň söwdasyny edýäniň sözlerini mysal getirip, men diňe bir zady aýdyp biljek: «Diňe ulagjaýda (garažda) saklanan we hiç wagt sürülmedik awtoulagy, hakykatdan hem gowy hasap edilip bolar. Ýöne awtoulaglar munuň üçin öndürilmeýär». Bu sözleri nireden okandygym ýadyma düşenok, ýöne onuň awtoryny tüýs ýürekden goldaýaryn, sebäbi munda hakykat bar.
Ýene bir gowy sapagy, awtoulaglaryň näme üçin öndürilýändigini bilýän we olary batyrgaý gara ýola goýberýän adam berdi. Ol sabyrlylygyň we tutanýerliligiň hökman üstünlige eltýändigini barada maňa sapak berenleriň biridi. Bu söwdagär meniň bilen goňşy otagda köp ýyllap işledi. Ol maşyn satmakda erjelligi we işjanlylygy bilen meni haýran galdyrýardy. Ol elmydama gaty täsirli netijeleri gazanýardy, meni bolsa maksatlaryna nädip ýetmelidigini bilýän adamlar hemişe haýran galdyrýar. Haçan-da müşderi ýerinden turup, gitmekçi bolanda, ýaňky söwdagär emaý bilen onuň elinden tutýardy. Bu hereketde hiç hili oňaýsyzlyk ýokdy — adamlaryň köpüsi kesekiniň ýanaşmasyny halamaýarlar ahyry. Onuň hereketi: «Dur ahbetin, gal, meniň müşderim bolaý» diýýän ýalydy. Bu isleg onuň ýüz keşbinde, gözlerinde we sesinde beýanyny tapýardy. Ol hiç haçan arkan gaýyşmaýardy. Bir gün men ondan üstünliginiň syrynyň nämedigini soradym we şonuň ýaly bolsymyň gelýändigini aýtdym.
— Jo, bu örän aňsat. «Ýok» diýýän adamlara men hiç ynanmaýaryn. Olaryň «Ýok» diýmegi, meniň üçin «mümkin» diýmekdir. «Mümkin» diýmek bolsa, «hawa» diýmekdir. Mundan beýläk, şeýle sözlere täzeçe many ber, şonda bu düşünje saňa sabyr-takat hem-de tutanýerli bolmaga kömek eder».
Bu maslahaty hiç haçan ýadymdan çykaramok, ony daş-töweregim, tanyş-bilişlerim, garaz, hemmeler bilenem paýlaşýaryn. Yzygiderli gadam urýan wagtyňyz, ýadaw bedeniňiz we beýniňiz size «ýok» diýse, bu sözüň size diňe «mümkin» diýen manyny berýändigini ýadyňyza salyň we dowam ediň. Mümkin, synanyşsaňyz, ýene bir ädim öňe süýşüp bilersiňiz. Ony ýerine ýetireniňizden soň, «mümkin» diýmegiň hemişe «hawa, bolýar» diýmegi aňladýandygyny özüňize aýdyň. «Hawa, men muny etmegi başararyn» diýýän wagtyňyz, siz eýýäm ýeňiş gazandyňyz. Şonda dostumyň ogly, ýaş marafonçy ýaly ýene bir ädim, soň ýene bir ädim ädip bilersiňiz. Öňüňize böwet bolan diwary böwsüp geçersiňiz.

Özüňde tutanýerliligi terbiýelemegiň üç düzgüni:

  1. Näme isleýändigiňizi kesgitläň we maksadyňyza ýetmek üçin yhlas ediň!
  2. Lift döwüldimi, onda gyssanman basgançak bilen çykyň!
  3. «Ýok» diýen sözi ýadyňyzdan çykaryň. Ol «mümkin» diýen sözi aňladýandyr. «Mümkin» diýmek bolsa, «hawa» diýmekdir.

Şeýlelikde, gadyrly okyjylar, şu kitapda size özüňi aldyrmakda ýygnan tejribäm barada gürrüň berdim. Dostlarymdan we kärdeşlerimden alan ýa-da kitaplardan okan maslahatlarym, tärlerim bilen paýlaşdym. Bu maslahatlaryň ählisini birbada bir demde amala aşyryp bilmersiňiz, hatda synanyşmaňam. Olary diňe yzygiderli, ädimme-ädim durmuşa geçiriň.

Özüňiz üçin bir düzgün saýlaň we ony özleşdirýänçäňiz, üstünde tutanýerlilik bilen işläň. Örän tiz özüňizde gowy tarapa üýtgeşmeleri duýarsyňyz. Höwesjeňligiň we özüňe bolan ynamyň hereketlendirijisiniň ýaglanandygyny we sazlanandygyny ýüze çykararsyňyz. Özüňizi öňkülerden hem gowy duýarsyňyz. Ýygy-ýygydan ýylgyrarsyňyz, haýsy maksady öňüňizde goýanlygyňyza baglylykda, horlanarsyňyz ýa-da özüňizi tutarsyňyz. Alyp barýan işiňizde has köp geleşik baglaşarsyňyz. Töweregiňiz bilen gatnaşyklaryňyz has-da gowulaşar. Durmuşdan zeýrenmegi bes edersiňiz, ýüz keşbiňizde kanagatlanma, hoşallyk duýgulary aýan bolar. Şonda siz hem köplenç töweregiňizdäki adamlarynyň ýylgyrýan we kanagatly ýüzlerine köp gabat gelersiňiz. Siz özüňiziň goýalyşan ýaşyňyzyň artykmaçlyklaryny duýarsyňyz ýa-da durmuşda ýaşlygyň hyjuwsyzlygyny ýörelge edinmekden el çekersiňiz. Zenan bolup dünýä inmegiň nähili ajaýypdygyny ýa-da erkek bolup dünýä inen bolsaňyz, işewürlikde zenanlar bilen bäsleşmekden gorkmajakdygyňyzy ýüze çykararsyňyz. Ýa-da, belki ömrüňizde ilkinji gezek milli kökleriňize buýsanarsyňyz we olaryň size goşmaça güýç we energiýa berip biljekdigine akyl ýetirersiňiz.
Beren sözleriňizde durmak we dogryňy aýtmak size has ýeňil düşer. Siziň, ýaşajyk Galileýiň ýeke gözli dürbiniň dogry tarapyndan seredişi ýaly, gözýetimiňiz giňeler. Size üstünlik garaşýar. Näme üçin men muňa beýle ynanýaryn? Sebäbi bularyň barysy geçmişde meniň başymdan geçdi. Eger şol prinsipler, şol ýörelgeler otuz bäş ýaşymda meni zir-zibilden çykaryp, durmuşymy göni 180 dereje beýläk öwrüp bilen bolsa, onda olar size-de kömek edip biler. Bu prinsipler, maslahatlar, düzgünler we nesihatlar hemmeler üçin deň derejede netijelidir. Olar kafeniň tekjelerinde görkezilip goýulan tagamlara meňzeýär. Eger dadyp görmeseň, olaryň biri hem hiç-hili peýda bermez. Eliňi uzatmaly, almaly, tagamly tabagy podnosda goýmaly. Diňe şonda ol siziňki bolar. Dadyp görüň, işdäňiz açylar!

Şulary HÄZIRIŇ ÖZÜNDE EDIŇ!

  • *Satyň, söwda ediň...
  • *Özüňizi «satyň», özüňizi aldyryň...
  • *Özüňizi üstünlik bilen aldyryň ...
  • * Şu günden, şu pursatdan başlaň.

(SOŇY).


13.05.2024 20:36
2833

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1895

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2123

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

05.05.2024 23:05
1819

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (61-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...