“Liwerpulyň” 28 ýaşly oýunçysy Diogu Žota ýol-ulag hadysasy netijesinde aradan çykdy

  • 03.07.2025 17:54
  • 13k+

Angliýanyň “Liwerpul” futbol klubunyň we Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Diogu Žota ulag heläkçiliginiň netijesinde aradan çykdy. Futbolçy 28 ýaşyndady diýip, Marca neşiri habar berýär.

Onuň bilen bilelikde heläkçilikde onuň 26 ýaşly jigisi Andre hem ýogaldy. Ol hem professional futbolçy bolup, Portugaliýanyň “Penafiel” klubunda çykyş edýärdi.
Ýol-ulag hadysasy Ispaniýada, Samora welaýatynyň Sanabriýa sebitiniň golaýynda, A-52 awtomagistralynyň 65-nji kilometrinde bolup geçdi. "As" neşiriniň ýazmagyna görä, deslapky sebäp boýunça, ozuş wagty Diogu Žotanyň ulagynyň tekeri ýaryldy, şondan soň sürüji dolandyryşy ýitirdi. Awtomobil ýoldan çykyp, agdaryldy we ot aldy.
KHBS geçen hepde Žotanyň toýuny baýram edendigini ýazýar. Ol 2012-nji ýyldan bäri gatnaşykda bolan söýgülisi Rute Kardoza öýlendi. Olaryň üç çagasy bar.


Diogu Žota “Gondomar” we “Pasuş de Ferreýra” klublarynyň ýetişdiren oýunçysydyr. Dürli ýyllarda Madridiň “Atletikosynda”, Lissabonyň “Portu” we Angliýanyň “Wulwerhempton Uonderers” klublarynda çykyş etdi. 2020-nji ýylda “Liwerpula” goşuldy.
“Liwerpul” bilen bilelikde 2024/2025-nji ýyllarda Angliýanyň çempiony boldy we 2021/2022 möwsüminde Angliýanyň Kubogyny gazandy. Žota toparyň düzüminde 182 oýna gatnaşyp, 65 gol geçirdi we 26 assist etdi.
Portugaliýanyň milli ýygyndysy üçin 46 oýna gatnaşyp, 14 gol geçirdi. Ol iki gezek Milletler ligasynda ýeňiji boldy.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......