Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (59-njy bölüm)

  • 28.04.2024 16:50
  • 2980
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (59-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

UTGAŞYKLY REAKSIÝA. JIRARDYŇ SYRY
Domino prinsipiniň nämedigini hemmeler bilýär. Dominonyň çöpjagazlaryny yzygiderli ýerleşdiriň-de, olaryň birinjisini itekläň, şonda dominolar birin-birin ýykylar. Bir gezek domino prinsipini teleýaýlymlaryň birinde alnyp barylan şowhun programmasynda  görmek miýesser etdi. Programma çagyrylan oglan bu ýönekeý oýny hakyky tomaşa öwürdi. Ýüzlerçe we müňlerçe domino çöpjagazlary egrem-bugram ýollary we amerikan gorkasyny ýada salýan halkaly we öwrümli nagyş görnüşde ýerleşdirildi. Ýylgyryp duran oglan setiriň ilkinji dominosyna barmagyny degirdi, şeýlelikde, tomaşa başlandy. Dominolar onlarçalap, ýüzlerçeläp biri-biriniň üstüne yzly-yzyna ýykylyp başladylar. Bu, elbetde oýun, ýöne bu oýun garaşylmadyk ýagdaýda maňa «özüňi satmagyň» prinsipini täzeden açyp görkezdi.
Utgaşykly reaksiýa... Muny siz awtoulag ýollarymyzda transport gatnawynyň dartgynly wagty, gar ýagýan wagty, doňaklykda ýa-da ýagyşda synlap bilersiňiz. Haçanda öňdäki awtoulag birden tormoz berende, yzdan gelýän awtoulag taýýar, wagtynda saklanyp bilmeýär we öňdäkini baryp süsýär, öňdäki bolsa öz gezeginde urgynyň täsirine öňe zyňylýar we öňünde duran beýleki bir awtoulagy süsýär, ol ýene birini... ýene biri bolsa ýene birini... ýene birini...
Ertesi gazetlerde awtoulaglaryň çaknyşmagynda dokuz ýa-da on awtoulaga zeper ýetendigini okarsyňyz. Ulag heläkçiligi tirkeşiginiň onunjy awtoulagynyň sürüjisi, ilkinji awtoulagda näme bolandygyny bilýän hem däldir. Iň yzky awtoulagyň sürüjisi bolsa, özüniň sebäp bolan çaknyşygynyň nähili netijelere getirendigini bilmeýär.
Utgaşykly reaksiýa... Ol erbet netijelere hem getirip biler. Ýöne prinsipiň özi oňyn maksatlar üçin ulanylyp bilner. Hiç kimiň heläkçilige duçar bolan awtoulaglaryň sanawyna düşesi gelmeýşi ýaly, hiç kim özüni «satyp», şowsuzlyga uçrasy gelmeýär. Ýöne, durmuşda dominolary ýykylman, ýekän-ýekän dikeler ýaly goýuşdyrmaga elmydama mümkinçilik bar. 

(dowamy bar).

16.05.2024 16:00
2874

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2499

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1667

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
1858

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)