Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (39-njy bölüm)

  • 02.03.2024 18:31
  • 3.2k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (39-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

JADYLY SÖZLER
Müşderileriň menden eşidesi gelýän sözleri bar, olar meniň jadyly jümlämdir: «Men size iň amatly bahadan berýärin». Men bu jümläni ýanyma gelýän islendik adama aýdyp bilýärin, hatda şolar öň başga dilerleriň ýa-da söwda agentleriniň ýanyna gatnanam bolsalar, dürli pikirleri eşidenem bolsalar, men olardan şol sözlerimi hiç gysganmaýaryn. Muny ýene bir gezek we her gezekde aýdasym gelýär. Hatda söwda keremara o diýen geçginlem bolmasa, girdeji az bolsa-da, barybir awtoulag satasym gelýär. Onsoňam, bar zadyň kiçijik bölegi, ýok zadyň uly böleginden has gowudyr, meniň hususy biznesimde bolsa başga biriniň bahasyny adalatly hem-de kanuny esasda döwüp bilmek üçin, sanlar örän uly rol oýnaýar. Men pul gazanamda özümi bagtly duýýaryn. Men müşderä hödürlenen iň amatly bahadanam amatly baha hödürleýärin – şonda biziň ikimizem bagtlydyrs.

Kähalat bahany düşürmek mümkinçiligi gaty pes – häzir gürrüň dileriň hem meniň girdejilerimiziň ýene bir näçe dollara çenli peseljekdiginde-de däl. Has pes bahany gazanmak üçin, men müşderini zerur bolmadyk enjamlardan, mysal üçin, kuwwatly hereketlendirijiden («Size bular ýaly benzin iýýän ägirt zat nämä gerek?»), bolgusyz tygşytlaýjydan («Bu size ýylda 50 sentden artyk ýeňillik berip bilmez») ýa-da kondisionerden («Ynanyň, her gezek ol size gerek bolanda, bu size 50 dollara düşer, sebäbi biziň sebitmizde yssy günleri barmak basyp sanaýmaly») ýüz öwürmäge razy edip bilerin.

Ýelesinden-ygyndan baryp, şol müşderä satmak üçin nähili yhlas edeýin, meniň ýanymdan täze awtoulagy bilen gidende, ol barybir amatly baha töländigini bilýär. Häzire çenli hiç kim meni müşderilerime satýan awtoulaglarymy ýeterlik derejede suratlandyryp bilmeýänligimde aýyplamandy. Meniň bilen söwdalaşyp, el gysyşyp gidenlerinden soň, «Merollis Şewrolet»-den göwnüniň islän awtoulagyny satyn alan müşderilerimiň hiç birisem sähelçe-de nägile bolan däldirler. Olaryň hemmesi-de bizde eden söwdalaryndan juda hoşaldyrlar. Ýogsam, meniň abraýym gaty pese düşüp biler. Abraýy gazanmak kyn däl, emma ýitirilen abraýy gaýtadan gazanmak örän kyn. Il arasynda nähili pikir edýändiklerine, näme diýýändiklerine garamazdan, ýokarda aýdanlarym iş salyşýan ähli müşderilerime hem, ähli söwda agentlerine hem degişlidir.

 Käwagt söwdagärler awtoulag üçin töleg tertibi we her aýda edilýän tölegleriň mukdary barada müşderileri bilen mekirlik etjek bolýarlar. Bu erbet zat, ýogsa biziň döwrümizde şol mekirligi etmek beýle bir kyn hem däl. Müşderileriň köpüsi üçin her aýda näçe tölemeli boljakdygy baradaky mesele, awtoulagyň jemi bahasy baradaky meseleden öňde durýar. Geliň, indi munuň nähili işlejegi we nämäniň üstünden eltip biljegi barada pikir edeliň.

Müşderi awtoulagyň belli bir modelini satyn almakçy bolýar. Söwda agendi onuň ilkinji nobatda aýda tölemeli pulunyň möçberi barada alada edýändigini bada aňýar. Şonuň üçin müşderä hakykatdanam satyn almaga güýjüniň ýetýän awtoulagyny satmaga synanyşmagyň ýerine, ol adaty modele dürli goşmaçalary dakýar-da, awtoulagyň bahasyny ýokarlandyrýar. Awtoulagy satyn almak üçin kredit işlerini gurnamaga gezek gelende, müşderi öňki awtoulagy üçin ýaňy-ýakynda tölän mukdaryny, aýdaly, aýda 93 dollar tölemek isleýändigini aýdýar. Söwdagär: «Häzir biz şol baha golaýlaşarys, ylalaşarys» diýip aýdýar. Töleg kitapçasy bankdan gelende bolsa, onda aýlyk tölegi eýýäm 135 dollara deň bolupdyr.

Eger müşderi söwda agendine ynanyp şertnama baglaşan bolsa, diýmek, «bu onuň öz meselesi» diýäýýändirler. Ýöne, ýalňyşmaly däl, bu söwda agendiniň hem meselesi, sebäbi ol öz müşderisiniň kisesini epeslije silkmeli bolupdyr, özem bu bir gezek töläniň bilen dynylýan bolsa başga gürrüň, ol müşderisiniň ýene-de 3 ýa-da hatda 4 ýylyň dowamynda ýetirinip bilmän gezmegine ýol açýar. Adamlar ömründe ýeke-täk awtoulag satyn almaýar ahbetin. Ýöne ýaňky söwda agendi şol müşderä awtoulagy diňe bir gezek satar, üstesine, ýene-de 250 sany beýleki potensial müşderileriň ýanynda ol barada ýaman gürrüň ediler.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...