Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (26-njy bölüm)

  • 11.01.2024 13:14
  • 3279
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (26-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

DELLEKÇIŇIZ HEM SIZ HAKDA GÜRRÜŇ EDER ÝALY EDIŇ
Meniň gözleýjiler ulgamynda iň halaýan çeşmelerimiň biri dellekçilerdir. Olar müşderileri bilen köp gürleşýärler – käbir adamlar bolsa hatda has hem köp gürleşýäris diýip düşünýärler. Her hal, her gezek saçymy deňletmeli bolanymda, etrabymyzda ýa-da golaý-goltumda ýerleşýän başga bir dellekhana barýaryn.
Şeýlelikde, men saç deňleýänleriň bir toparynyň arasynda aýlanyp, olary özüme çekip bilýärin, şol bir wagtyň özünde bolsa, olaryň biznesine deň derejede goldaw berýärin. Adatça, dellekhana gelemde ilki bilen dellekçä ýerli sungat studiýasynyň meniň üçin taýyarlan iňňebagjykly žetona meňzeş kiçijik nyşany getirip berýärin.
Gönüburç nyşandaky özboluşly ýazgylarda şeýle diýilýär: MENDEN ŞÄHERDÄKI IŇ AMATLY AWTOULAG GELEŞIGI BARADA SORA. Men bu žetony dellekçä sowgat berýärin, oňa özümiň her bir müşderi üçin 25 dollar berýän ulgamym barada düşündirýärin we kiçiräk petde wizitkamy hem goýýaryn. Şol nyşanda «Şewrolet» sözüniň ýokdugyna hökman ünsüňizi beriň.
Hakykatda, men şol dellekçiden beýleki zatlardan başga-da, ýanyna gelýän awtoulagyň beýleki bir görnüşlerini satýan beýleki müşderilerinden ony-muny soraşdyryp, olaryň hem meniň öz müşderilerime töleýän 25 dollarymy töleýändiklerini anyklamaklaryny haýyş edýärin. Ondan şol söwdagärleriň hem wizit kartoçkalaryny almagyny haýyş edýärin.
Şeýlelikde, haçan-da kimdir biri dellekçide nyşanymy görüp, çintgiläp başlasa, meniň gözleýjim ondan awtoulagyň haýsy markasyny isleýändigini sorar. Oňa «Býuik» diýip jogap berseler, onda “Býuik”-leriň söwdasyny edýäniň wizitkasy bar. «Folkswagen», «Ford» ýa-da islendik beýleki kompaniýalaryň awtoulaglaryna degişli hem edil şonuň ýaly bolup biler. Men adamy biznese çekýärin, eger ol hakykatdan hem işläsi gelýän bolsa, bu oňa ep-esli goşmaça pul gazanmaga mümkinçilik berýär. Bu biznesde men hem öz paýymy alýaryn, belki-de maňa düşmeli paýdan has köp alýan bolmagym hem mümkin.
Öň hem belläp geçişim ýaly, dellekçileriň köpüsi bilen men hut şeýle işleşýärin. Meniň bilen iş salyşmaly beýleki adamlar bilenem edil şonuň ýaly hereket edýärin. Ýöne bu meniň žetonymy hemmelere paýlap ýörendigimi aňlatmaýar. Häzire çenli men olary diňe dellekçiler bilen gatnaşygymda ulandym.
Ýöne, 25 dollara siz bilen kimiň işleşmäge taýyndygyny bilseňiz, geň galarsyňyz. Mysal üçin, biziň ýaşaýan töwereklerimizde farmokologiýa serişdelerini öndürýän iri firma bar, ol ýerde bolsa köp sanly lukman işleýär. Meniň gözleýjilerimiň arasynda şol kompaniýanyň işgärlerinden birnäçe lukman bar, olar gözleýjilerimiň sanawunda iň öňdäkileriň hatarynda durýar. Olar esasy iş ýerlerinde gowy gazanýarlar, ýöne gowy gazanýan beýleki adamlar bilen bilelikde egin-egne berişip işleýärler, köp sanly lukmanlar we hassahana işgärleri bilen gürleşýärler, bu adamlaryň köpüsinde bolsa köplenç birnäçe awtoulag bar.
Ondan başga-da, olar köp sanly ýygnaklara, kongreslere we simpoziumlara gatnaşýarlar, ol ýerde-de başga lukmanlar we tanyş adamlary bilen duşuşýarlar. Lukmançylyk bolsa, ykdysadyýetiň uly we gülläp ösýän pudagy. Hut şol fakt, üstesine, lukmanlaryň hem beýleki adamlar ýaly artykmaç pul gazanmaga ýykgyn edýändiklerini göz öňüne tutsaň, maňa goşmaça köp geleşikleri baglaşmaga kömek edýär.
Gözleýjileriň maňa gelýän iň möhüm çeşmeleriniň arasynda banklar, maliýe kompaniýalary we kredit bileleşikleri hem bar. Men ilkinji nobatda alyjylaryň köpüsine täze awtoulag satyn almak üçin gerek bolan karz pulyň berilmegine dahylly adamlar hakda aýdýaryn. Bu karz berýänleriň özlerine-de uly aýlyk haky tölenip barylanok. Hakykatda, maliýe pudagynda işleýändiklerini, aýdaly, köp puluň ellerinden geçip, başga birileriniň ellerine düşýändigini göz öňüne tutsaň, olar gaty az aýlyk alýarlar. Şonuň üçin menden gelýän goşmaça girdejä – adam başyna 25 dollara olar begenýärler.
Yzyny dowam etdireliň. Kähalat men müşderiniň menden maşyn satyn alanda getirýän çekinde ýa-da kredit almaga rugsat berilýän resminamasynda görkezilen familiýany göçürip alýaryn. Müşderi awtoulagy satyn alandan soň, bankda ýa-da başga bir kredit edarasynda işleýän familiýasy göçürilip alynan kişä jaň edýärin we özümiň hut häzir El Robinsona awtoulagyň “Monte Karlo” markasyny satan adamdygymy we onuň özi we guramasy bilen işewür gatnaşyk gurasymyň gelýändigini ýaňzydýaryn.
Ilki bilen ony nahara çagyrýaryn. Onuň nahar üçin haýsy töweregi saýlandygynyň maňa parhy ýok. Dogrymy aýtsam, köplenç şol güniň özünde onuň öz islän ýerine gidýäris. Soň şol töwerekde iň gowy restorany tapýarys-da, oturlyşyk gurnaýarys. Näme üçin oturmaly däl? Aýdaly, şol öýlänlik nahary üçin 25 dollar, hatda 50 dollar tölämde näme?! Bu işewürlik çykdajysy ahbetin, üstesine, hut şol restorana baranym üçin goşmaça bir awtoulag satsam, onda eýýäm gowy gazanç etdigim bolar.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3790

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2756

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1846

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2035

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...