Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
Muňa garamazdan maşyn söwdasyndan halys başym çykmanam duranokdy. Bu wagta çenli özümem bir ulagy satyn alyp görüpdim, şonda işleriň nähili ýöredilýändigini, nämeler etmelidigini öwrenipdim: satuw wekilleri(agentleri) sergi zalynyň ortarasynda biri-biriniň arkasynda döwre gurap diýen ýaly durýarlar. Gapylar açylyp, ilkinji müşderiler içeri girende her kim nobatyna ýa-da gezekli-gezegine görä müşderileri kabul edýärler. Bu ýagdaý meni hiç begendirmeýärdi, göwnüme ýaramaýardy. Düşnüksiz melullyk gurşaýardy. Onsoň bu hakda «Şewrolet» söwda wekilliginiň müdirine ýaňzytdym: «Men-ä beýdip bularyň arasynda gezegime garaşyp, gysmyljyrap durmazdym. Olaryň wagtyny almak nämä gerek?» diýdim. Ol meni Gökden düşen biri ýaly kabul eden bolmaly, sözlerime geň galyp, ýüzüme çiňerilip seretdi. «Bu diýýänleriň manysyz» diýýän ýalydy. «Zalyň ortasynda gezegime garaşyp durman, başga ýollar, dürli usullar bilen müşderileri özüme çekip bilsem bolmazmy?» diýip, soragly bakdym. Menejer bu pikirime garşy çykyp durmady, gysgaça «Ýeri, bolýar!» diýdi we meni işe kabul etdi.
Ýöne olaryň bu iş ýöredişi, müşderi çekjek boluşlary netijesizdi. Hatda aldym-satdym geleşiginde belli bir derejä barýançalar, müşderä satyn almak isleýän ulagyna münüp görmäge, açaryny towlamaga hem-de ony sürüp görmäge-de mümkinçilik bermeýän ekenler.
Şertnama esasynda söwda-satuw agenti boldum, ýöne alyjylary nireden we nädip tapmalydygy hakda ne düşünjäm, ne tejribäm bardy. Biraz soňra söwda wekilleriniň hersinde özboluşly sanaw bolýandygyny eşitdim, ýöne onuň nähilidigini, nireden alýandyklaryny bilmeýärdim. Meniň anyk bilýän ýekeje sanawym bardy — telefon kitaby. Şol kitapdan iki-üç sahypasyny ýyrtyp, ýanyma aldym. Ine, sanaw diýip şuňa diýilýär, bu sanawda birnäçe adamlaryň atlary we olaryň telefon belgileri bardy. Aýdyldygy bes, buýruldy — bitirildi. Men ilki iki sany ak sahypany ýyrtyp aldym, bu öý telefon belgileri ýazylýan sahypalardy. Soňra-da işewür adamlaryň köplenç kommutatorlardan hem-de ofis telefonlaryndan peýdalanýandyklaryna ýadyma saldym, şonuň üçin ýene iki sany sary sahypalaryndan hem goparyşdyrdym.
Ine, «Detroýtyň telefon kitabyndan» goparyp alan şu dört sahypam — meniň mümkingadar müşderilerimiň ilkinji sanawy — şeýdip peýda boldy. Bu uly bir sanaw däldi, ýöne hiç ýoklugyndan has gowudy. Şol sanawyň içinden gözümi ýumup saýlan ilkinji belgimiň, soňlugy bilen meni görmäge gelen we menden ulag satyn alan ilkinji müşderimdigini gürrüň bersem, bir gyzykly hekaýa-da bolardy. Wagt ýitirmän, şol günüň özünde jaň edipdim. Şol günüň özünde ofisime görme-görşe gelipdi we hut şol günüň özünde-de ilkinji müşderime öwrülipdi. Ynanjagyňyzy bilen bolsam, size-de jaň edip, şoňa meňzeş bir zatlar aýdardym.
ILKINJI AWTOULAG SATUWLARYM
Ýok, ýok, edil beýledirem öýtmäň. Aslynda şol gün ilkinji satuwymy amala aşyrdym, ýöne ol telefon jaňynyň netijesi däldi. Sergi zalynyň ýapylmazynyň öňüsyrasynda bir müşderi içeri gidri. Beýleki oglanlaryň ählisi diýen ýaly ýa müşderiler bilen meşguldy, ýa-da gaýtmaga hyýallanyp ýörenlerdi. Zalyň ortarasyna ýetiberendir, emma ony garşylaýan satyjy ýokdy. Daş-töweregime garanjakladym. Şol wagt özüme beren sözüm güpbe ýadyma düşdi: Hiç wagt başga bir satyjynyň gezegini almaryn, binobat hereket etmerin diýipdim. Ýöne bu pursadam özüme beren sözümi bozdugym däldi, sebäbi şol ýerde hiç hili satyjy ýokdy. Üstesine şol wagt hiç hili müşderi gelmänliginden ýaňa özümi juda lapykeç duýýardym, edil şol wagt tersime gaýdan ýa garşyma çykan her kesi ber-berbat etmäge häzirdim.
Adamlaryň köpüsi täze dükanda ýa-da täze işde gazanan ilkinji dollaryny çarçuwa salyp, diwarda asyp goýýarlar. Şeýdip olar iş dünýäsinde gazanan ilkinji geleşikleriniň jikme-jikliklerini hem ýatda saklamagy başarýarlar. Sizem bu gürrüňlerimden çen tutup, ilkinji söwdamy ähli inçelikleri, jikme-jiklikleri bilen ýadymda saklaýandyr diýip, pikir edersiňiz. Ýa-da beýle bolmasa-da, ilkinji söwda geleşigim hakda nähilidir bir owadan hekaýa ýazsam, bu kitaba girizmek üçin gowy bolardy diýip, pikir edip bilersiňiz. Ýöne men beýtmesem gerek. Dogrusy, boýun alaýyn, ol adamyň kimdigem, ady-familiýasam, nähili maşyny satyn alandygam ýadyma düşenok.
Ýöne şol gezekki ilkinji satuwym hakda iki zat pugta ýadymda. Bary-ýogy ikije zat. Birinjiden, bu müşderi hem Koka-kola içgilerini satýan söwda wekilleriniň biridi, sebäbi ýanynda bir torba doly iýip-içgi bardy. Ýadymda berk galandygynyň bir sebäbi-de, şol gün gündelik azyk-owkatlar, çagalara satyn almaly iýip-içgiler hakda köp oýlanypdym. Ýadymda galan ikinji bir zat, birinji bakyşymdan menden maşyn almazdan, bu ýerden gidip bilmejek bir adamy duýup bildim. Alarman müşderini dessine tanamak mümkin ekeni. Häli-häzirki güne çenlem ol adamyň ýüz keşbi hiç ýadyma düşenok, özem birje sebäp bilen ýadyma düşenok: her gezek oňa seredenimde, men onda öz isleýän başga bir zadymy görüpdim. Men şol wagt maşgalamy eklemek üçin torba doly azyk-owkat isleýärdim. Maňa şol wagt hut şol gerekdi. Meniň gözüm onuň ýüzünde däl-de elindäki torbasyndady.
Nähili çemeleşendigim ýa-da haýsy usuly ulanandygym düýbünden ýadymda däl. Üstesine ol wagtlar awtoulaglar, satuwlar ýa-da beýleki zatlar hakda kän zat bilmeýärdim, şonuň üçinem onuň bilen maşynlaryň aýratynlyklary hakynda hiç hili pikir alyşmadym. Men ol wagtlar dürli-dürli nägileliklere nädip akylly-başly we ugurtapyjylykly jogap bermelidigindenem bihabardym, ýöne bir zat ýadymda, ol nähili sowallar bilen ýüzlense ýa-da sähel gaýra tesiberse, eýdip-beýdip bahanasyna ýer goýman, ony maşyn satyn almaga yrmaga çalyşýardym. Eger şol wagt bu mesele hakda aýaly bilen maslahatlaşmagynyň gerekdigini aýdan bolsa, oňa wagt ýitirmezden öz telefonumy berip, şol pursatda gürleşmegini gazanjakdym. Gerek bolsa, ony şol awtoulag bilen öýlerine çenli eltibem biljekdim. Şeýle erjellikler bilen oňa maşyny satyn almagy teklip edipdim. Bu gelen müşderi hakda hiç zat bilemokdym, ýöne şol adamyň yraň atyp başlan maşgala ýagdaýymy düzeltmek üçin ýeke-täk çykalgadygyny welin bilýärdim. Olam elindäki şol bir torba azyk-owkat bilen baglydy: oňa maşyn satyp bilsem, maşgalam hezil edip, gerk-gäbe naharlanyp biljekdi. Men oňa maşyn satmagy şeýle bir isledim, şeýle bir isledim...
Isleg. Meniň islegim. Çyndan islän zadym. Ine, meniň bar bilýän zadym. Bu isleg meni ýeterlik derejede herekete getirdi we oňa maşyn satmak üçin zerur bolan her zady etmäge mejbur etdi. Men şol wagtam, häzirem: «Ýürekden islemek ýeterlik. Isleg hemme zat» diýmeýärin. Islegiň bir özi hiç wagtam ýeterlik däl, emma bu iň möhüm zat. Eger hakykatdanam isleýän bolsaňyz we şol bir wagtyň özünde nämäni isleýändigiňizi anyk bilýän bolsaňyz, onda siz işi ugurly satyjy bolmak üçin zerur bolan maksimumlara eýesiňiz. Men muňa ýürekden ynanýaryn. Islegsiz hiç kim beýik söwdagär, ökde täjir bolup bilmez. Bir zady köp islemeli we juda köp islemelisiň. Näçe köp isleseňiz, satuwa sebäp boljak hereketlere şonça-da taýýarsyňyz.
Bellki-de, dünýäniň iň beýik täjiri bolmagymyň sebäbi aç maşgalamy doýurmak isleginden has güýçli başga bir islegimiň bolmanlygydyr. Beýle diýdigim, awtomobilleri ýa-da beýleki zatlary gowy satyp bilmek üçin maşgalaňyzyň aç bolmalydygyny, ýa-da ýakynlaryňyzdan biriniň janyny halas etmek üçin gyssagly operasiýa edilmelidigini, ýa-da şol derejede gyssagly bir aladanyň bolmalydygyny aňlatmaýar, emma bir zady ýürekden islemelidigiňiz welin esasy şert. Çyndan isleseňiz, ýürekden arzuw etseňiz, näme isleýändigiňizi hem takyk kesgitläp bilseňiz, siz öz maksatlaryňyza ädim-ädim ýakynlaşýandygyňyzy we anyk hereketleriňizi duýarsyňyz.
Ýany azyk-owkatly «Koka-kola» satyjysyna bir maşyn satyp bilmegimi, maşgalamyza bir torba azyk-owkat satyn almakdygyna düşünenimde, muny özi duýsa-da, duýmasa-da, ony maşyn satyn almaga taýýar diýip kesgitledim. Hut şol wagt bir torba doly azyk-owkatdan başga hiç zat meniň gözüme ilmeýärdi. Men şol wagt şondan başga hiç zady islemeýärdim. Maňa şol wagt şondan başga hiç zat gerek däldi. Ýöne soňlugy bilen, elbetde, köp zatlar isläp başladym. Şol bir wagtda men hemişe özümiň takyk näme isleýändigimi bilýärdim. Her eden jaňymy, her aýdan sözümi özümiň arzuw-isleglerime, maksatlaryma laýyklap ýerine ýetirýärdim. Her sözüm, hereketim isleglerim bilen baglydy — olar bolsa hut şol isleglerimi kanagatlandyrmalydy. Isleg we ynam bilen girişýärdim.
Şonuň üçin ilki bilen näme isleýändigiňizi bilmelisiňiz. Ikinjiden, harydyňyzy täze bir müşderä ýerläp bilseňiz, ondan nämeler gazanjakdygyňyzy bilmelisiňiz.
Bu kyn zadam däl ekeni diýýänsiňiz. Siz örän mamla. Aslynda bu mundanam biraz ýönekeý, belki biraz çylşyrymlydyram, ýöne kyn däl. Şeýlelik bilen bu satuw meni ilkinji günümden söwdagäre öwürmegi başardy. Şol wagt içimde alawlap duran arzuw-isleglerim: maşyny bu ýigide satyp bilsem, maşgalama zerur azyk önümlerini satyn alyp biljekdigimden başga hiç zady düşünmeýärdim. Men muny başardym. Islänim boldy. Men oňa maşyn satyp bildim, soň bolsa müdirimizden hojalyga bir torba azyk-owkat satyn alyp bilmegim üçin aýlygymyň ujundan 10 dollar karz soradym. Şeýle çemeleşmäniň o diýen ugruna bolmaýandygyny maňa diýibem oturmaň.
Näme isleýändigiňi bilmek sizi maksadyňyza iterýän iň güýçli sebäpdir.
(dowamy bar).