Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
Birinji bap
ŞOWSUZLYKDAN ÜSTÜNLIGE GEÇIŞ
Bir gezek biri maňa meniň dogabitdi söwdagärdigimi aýdypdy. Munuň asla beýle däldigini aýtmaga rugsat ediň. Käbir söwdagärler, belki-de söwdagärleriň köpüsi bu kär üçin dogulsa doglandyr. Ýöne meniň täjir bolup dogulmandygym köre hasa. Her kim öz ömrüni özi düzüp bilýär ekeni. Öz-özümden söwdagär boldum, özem muny bir özüm başardym. Onsoňam şuny men başaran bolsam, onda islendik ýerdäki islendik biri hem muny başarar. Kitap okamakdan araňyzy üzmeseňiz, näme diýmekçi bolýandygyma dessine düşünersiňiz.
Köp adamlar durmuş ýoluna garyplykdan başlaýarlar, ýöne meniň doglan ýerimi hemem ýagdaýymy göz öňünde tutsaň dagy, bu garyplygyňam has beter görnüşi. Çeken jebirlerim, gören görgülerim garaýagyz pukaralaryň gözgyny halyna meňzeýärdi. Men 1928-nji ýylyň 1-nji noýabrynda Detroýtyň uzak gündogar çetinde doguldym. Şol döwürler ol ýerlerde italýan medeniýeti agdyklyk edýärdi, hemmeler italýança ýaşaýardy diýip bolar, ýöne özüm-ä muny italýan däl-de sisiliýaly ýaşamak diýerdim. Sebäbi, Italiýa bilen Sisiliýa medeniýetleriniň arasynda uly tapawut bar. Köp adamlar, hatda Italiýanyň beýleki ýerlerinden gelenler sisiliýalylara hoşgylaw bakmasalaram, hamana bizi jenaýata meýilli birileri ýaly göz öňüne getirselerem, men barybir özümiň sisiliýalydygyma buýsanýaryn. Mendäki milli buýsanç ýaş mahallarym epesli meselelere hem sebäp bolupdy, hatda häzirem mahal-mahal ganygyzgynlygym möwç alyp bilýär. «Gelmişek», «garamaýak», «myrtar» diýseler dagy gaharyma bäs edip bilmezdim. Ýatlara hoşgylaw ýa-da sabyrly garaýanlaram az däl, muňa gowy düşünýärin, ýöne kimdir biri hakda «eşitmiş gulak» esasynda netije çykarmak myrryhymy atlandyrýardy. Şonuň üçinem «myrtar» diýip ýüzlenendikleri üçin burny döwlenleriň sany hem epesli bar bolmaly.
Çalarak ýadyma düşýär, ilkinji ýaşan ýerimiz kömür ammarynyň gabat-garşysynda, köçäniň beýle ýüzünde iki maşgala niýetlenen jaýyň ýokarky kwartirasydy. Munuň kömür ammarynyň golaý-goltumyndalygy birbada seňrigiňizi ýygyrdyp biler, emma onuň bir artykmaç tarapy hem bardy. Gyşyň aldajy aýazly, aňzakly günlerinde uly doganym Jim ikimiz köçeden geçerdik. Men haýatyň aşagyndan sümlerdim-de, ulurak kömür böleklerini doganyma oklaşdyrardym. Doganymam ony jut haltalara ýerleşdirerdi.
Soňra gazanan oljamyzy öýe getirip, kömür böleklerini peje salardyk. Kämahallar şol kömürleri ýakmakdan başga alajymyz galanokdy, onsoň biz onuň kime degişlidigi bilen gyzyklanyp durmazdyk. Nätjek-dä, biziň dünýä inen, ýaşaýan gurşawymyz başgaça hereket etmäge ýer goýanokdy. Meniň gözümi açyp gören zatlarym we ulalan dünýäm, hut, şeýledi.
Peç jaýyň ýerzemin gatynda ýerleşýärdi, ýöne bu ýerzemin başga bir sebäp bilen ýadymda galdy. Bu ýer her gezek kakamyň meni urup, keýpden çykýan ýeridi. Çagalygymdan bäri şapbat awusyny köp dadandyryn. Ýadyma düşüşine görä, menem edil beýleki körpejeler ýalydym, gowy taraplarymam bardy, biraz betligimem bolandyr, ýöne her gezek şeýle awunar ýaly bezzatlyk edendirin öýdemok. Özem kakamyň ne doganyma, ne iki sany özümden kiçi uýalaryma barmagynam batyrman, diňe meni urandygyna henizem düşünip bilemok. Ýöne meni welin urýardy. Köplenç meni şol ýerdäki turba ýüp bilen baglardy-da, päkisini ýiteltmek üçin ulanýan gaýyş kemeri bilen saýgylardy. Öýüň içinde birazajyk goh-galmagal boldugy, bes, diňe menden görerdiler. Onsoň ýene ýerzeminde sary-sadylla bolup duran mendirin. Her gezek gaýyş kemer bilen saýgylaýan wagtam: «Haý, dereksiz diýsänim, zir-zibiliň biri, sen hiç haçan adam bolmarsyň, ysnat bolup ötersiň, ahyram zyndanda çüýräp galarsyň» diýerdi. Hatda şu günlere çenlem kakamyň näme üçin maňa beýle zabun darandygyna düşünip bilemok. Tä şol öýden aramy üzýänçäm kakamyň meni urmasy yzygiderli dowam etdi durdy.
Käwagt dagy kakamyň jezasyndan gorkyma, derýanyň ýakasyndaky demir ýoluň ugryny syryp, iki-üç mähelle uzaklykda ýerleşýän demir ýol stansiýasyna ylgap giderdim, şol ýerdäki boş wagonlaryň birinde gizlenerdim. Wagtal-wagtal ýük wagonlarynyň sypal bilen örtülen pollarynda-da gyşarardym. Öýe geldigim, günüm ýene öňküsi ýalydy, käýýärdi, urardy, biderekdigimi, ýoknasyzdygymy, ysnatdygymy, durmuşda hiç bir zat gazanyp bilmejekdigimi ýatladardy, ahyry Jektaunda (Miçigan ştatynyň Jekson şäherindäki türme, goňşularymyzdan epesli adam şol ýere düşüpdi) ölüp gitjekdigimi aýdardy.
Size bir zat aýdaýyn: Eger-de siziň önüp-ösen öýüňizde kakaňyz ýeke-täk hojaýyn bolsa, gepini gögerdýän bolsa, olam körpeligiňizden başlap size käýýäp, urup, ýenjip, sizi kemsidýän bolsa, size «şeýtanyň galyndysy», «zibil» diýýän bolsa, diýýän wagtam heňkirip aýdýan bolsa, siz dura-bara muňa ynanyp başlarsyňyz. Sebäbi ol siziň ýeke-täk kakaňyz, siziň tanaýan ýeke-täk arkadaýanjyňyz ahyry, belki ol dogrusyny aýdýandyr.
Birnäçe wagtdan soňra menem bu sözlere ynanyp başladym, ýöne soňraky ýenjilmeleriň yzýanynda ejem ýerzemine düşerdi-de aslynda meniň gowy oglanjykdygymy gulagyma guýardy. Ejemiň sözleri meni biraz rahatlandyrsa-da, göwnüçökgünlige düşmäge maý bermese-de, öýüň ýeke-täk hojaýyny kakam ahyry, ejemem kakamyň diýeni astyndady, ejem kakam ýaly öý hojalykçy däldi. Şonuň üçin ejemi hernäçe gowy görsemem, men kakamyň sözlerine doly ynanyp başladym. Özümiň ugur-utgusyz, başarnyksyz, nalajedeýin biridigime ynanyp başladym. Men bu sözlere köp wagtlap ynandym, şol ynanç hem maňa durmuşymda bolup geçen köp wakalara, özümi alyp barşyma, duýgy-düşünjelerime, edýän işlerime özüniň zyýanly täsirini ýetirdi.
(dowamy bar).