Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (15-nji bölüm)

  • 16.09.2023 18:09
  • 7.7k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (15-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

GAN DÖKÜLMEÝÄN SÖWEŞ
Bu biziň iş durmuşymyzyň her gününiň belli bir derejede söweşdigini aňladýar. Bu ýerde göz öňünde tutýan zadymy aşakda beýan ederin. Biziň işimiz söweşiň bir görnüşi, sebäbi geljekki uly müşderiler, köplenç, dükanymyza, ofisimize we ş.m. ilki girenlerinde bizi barlyşyksyz, ylalaşmak kyn bolan we sähel maý tapsa özlerini çürkemäge mähetdel bir duşman hökmünde görýärler. Bizem olaryň köpüsini bu ýere biderek ýere wagtymyzy almaga gelenler hasaplaýarys. Ýöne hemişe şeýle pikire gulluk edip ýörseňiz, onda bu ýagdaý hezilligiň üstünden eltmez. Olar siz babatda şeýle pikir ediberse, sizem olar babatdaky garaýyşlaryňyzy üýtgetmeseňiz, baglanyşyk bolmasa, üzňelik höküm sürse, iki tarapam biri-birine ynamsyz baksa, aldaýan ýaly görünse, iş ýöretmek aňsat düşmez. Belki nämedir bir zady söwdalaşaram, satynam alar, hiç bir zady satyn almazlygy-da mümkin. Emma taraplaryň ikisinde-de birek-birege bolan ynamsyzlyk höküm sürýärkä, hiç kimiň bu geleşikden göwni bitin bolmaz. Has möhümi-de, eger-de taraplaryň birek-birege bolan ynamsyzlyklary, şek-şübheleri görnetin ýüzüne çykýan bolsa, onda söwdalaşmak mümkinçiligi örän çäkli bolar.

Şeýle ýagdaýda özümizi nähili alyp barmaly? Men heniz söwdalaşmak prosesiniň inçelikleirini ilik-düwme beýan etmekçi däl. Men häzir müşderileriň we söwda-satuw hünärmenleriniň «söwda söweşinde» esasy psihologiki garaýyşlaryna ünsi jemlemek isleýärin. Ähli küýi-pikiri söwda etmek däl-de, dükanlara keýpine girip-çykyp ýörenleri bir gyrada goýalyň(käbir adamlar üçin dükanlara aýlanyp ýörmek güýmenjäniň ýa-da wagt geçirmegiň bir görnüşi). Şol bir wagtyň özünde, özlerini söwdagär diýip atlandyrýan, ýöne medeniýetli söwda etmegiň ugruny, ebeteýini tapmaýan we özleriniň duýgularyna bäs edip bilmeýänleri hem bir gyra süýşüreliň. (Her birimizem käte-käte özümize, duýgularymyza erk edip bilýän däldiris, ýöne beýle bir iş bilen düýpli meşgullanmak islesek, işimize zyýan ýetirjek duýgularymyz öýde goýup gitmelidiris ýa-da olary söwda-satuwa peýdasy degjek psihologik häsiýetlere öwürmegi başarmalydyrys). Biz bu ýerde özlerini professional söwdagär hasaplaýanlar, işlerine jogapkärli we çynlakaý çemeleşýänler hakynda gürrüň etmekçi.
Geliň şu ýerde hälki gelip-gitme «alyjylaryň» özlerini alyp baryşlaryna biraz dykgatly seredeliň. Aslynda olar heniz alyjy bolmasalar-da, ýöne gelip-gidip duranlaram däl.  Olar pul gazanmak  üçin irginsiz zähmet çekýän we sizden bir zat satyn almaga çyn ýürekden gyzyklanýan adamlar. Siziň dükanyňyza girýän ýa-da ýanyňyza iş bilen gelýän her bir adam dogrusynda siz hut şeýle pikir etmelisiňiz. Öňem aýdyşym ýaly, özüňiziňem bilşiňiz ýaly, olaryň köpüsi gorka-gorka gapydan girýärler, olar sizden we siziň edip biläýjek dürli «hokgalaryňyzdan» juda howatyr edýärler. Siziň düýbünden başgaça pikir edýändigiňize garamazdan, olar sizi özleri bilen gepi-sözi deň gelmejek, düşünişmek kyn düşjek biri hökmünde görýärler.
Beýle düşünjedir özüňi alyp baryş gowy diýemok, ýöne, adatça, munuň şeýledigini ýaňzytmak isleýärin. Siz bolup biläýjek şeýle ýagdaýlary hem göz öňünde tutup, soňra ony iki tarapa-da peýdaly özara bähbitlere öwrüp bilersiňiz. Eger-de siz alyjynyň aňyndan geçýän pikirlere düşünýän bolsaňyz, araňyzda dowam edýän «söwda söweşinde» ýeňiş gazanarsyňyz hem-de ony özüňiz üçin gymmatly tejribä, müşderiňiz üçin bolsa peýdaly waka öwrüp bilersiňiz. Alyjynyň ilkibaşky gorkusyny aýryp bilseňiz, üstünlik gazanarsyňyz, ýagny ylalaşarsyňyz, söwdalaşarsyňyz we el urşup, hasaplaşarsyňyz, ýagny söwda edip bilersiňiz.
Söwdanyň özboluşly bir söweşe meňzeýändigini çaklamagyň zyýany ýok, ýöne bu «söweşde» taraplaryň ikisi-de deň derejede üstünlik gazanmalydyr. Siz müşderä öz önümleriňizden ýerläp bilýän bolsaňyz, ýagny müşderiniň goluny, puluny gazanyp, bir söwda edýän bolsaňyz, bu siziň üçin, elbetde, üstünlikdir. Sebäbi siz «söweşde» gazandyňyz, wagtyňyzy gowy ulandyňyz, peýdaly geçirdiňiz we pul gazandyňyz.
Emma siziň satuwyňyz bolmaly şekilinde dogry-dürs amala aşsa, onda bu ýerde müşderi hem gazanýar. Ol näme üçin gelen bolsa, eýýäm şoňa eýe boldy: onuň indi aýakgaby, penjegi ýa-da maşyny bar. Diýmek, ol hem üstünlik gazandy. Müşderi hem hut şeýle duýgulary başdan geçirmelidir: Wagtyny gowy geçirdi, puluny gowy zada, ýagny alasy gelýän zadyna sarp etdi. Ol bu «söweşde» pulyny gidirdi, emma oňa derek şol pula degýän bir zat edindi, diýmek, ol hem üstünlik gazandy.
Bu her kimiň ýeňýän we hiç kimiň ýeňilmeýän iň gowy söweş görnüşidir. Eger-de söwda halal hem-de talabalaýyk amala aşyrylsa, professional söwdagär müşderiniň aňyndaky howsalalary (olaryň näme sebäpli ýüze çykýandygyna garamazdan) aradan aýryp bilse, munda utulýan ýokdur, munda hemmeler gazanýandyr. Bu iň oňat usuldyr.
Köplenç bir müşderi bilen ýüzbe-ýüz bolanymda, özümi näme üçindir kakamyň öňünde duran ýaly duýýaryn. Sebäbi men hemişe ony ýeňmek we şeýdibem,  maňa hormat goýmagyny, meni halamagyny gazanmak islegi bilen ýaşaýardym. Her gezegem eýdip-beýdip, söwda-da «müşderimi» ýeňýärdim, özem bu hemişe diýen ýaly şeýle bolýardy. Şol bir wagtyň özünde men olary hem begendirmegi başarýardym, sebäbi olar menden maşyn satyn aldy ahyry. Özüniň arzuwlaýan zadyny menden tapdy ahyry. Dar düşünjeli ýa-da bu zatlaryň inçeliklerine çuňňur düşünýän psihiatrlaryň, psihologiýa boýunça hünärmenleriň muňa näme diýjegini bilemok. Ýöne her birimiziň duýgularymyz, gorkularymyz bolup bilýär, eger-de günde bir, iki ýa-da ýigrimi gezek dagy şeýle üstünlikli söwda edip bilsek, şol howatyrly duýgularyň hötdesinden gelip bilýäris, ýeri şeýtmekde näme zyýan bar? Gorkuly zat ýok.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...