Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (14-nji bölüm)

  • 05.09.2023 16:51
  • 6.8k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (14-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

MÜŞDERI HEM ÖZÜMIZ ÝALY YNSAN
Siziň illeriňizde ýa-da iş ýeriňizde müşderini nähili atlandyrýandygyňyzy bilemok, emma Detroýtda, esasanam, awtomobil müşderilerine (aňkaw, makaw ýaly) halanylmaýan bir söz ulanylýar. Bu juda gelşiksiz bir söz, sebäbi ýaramaz düşünjeler sizden bir zat satyn almak isleýän adam barada ýakymsyz garaýyşlary oýarýar.
Bu hakda aýdanyma görä, özüm ýaly söwda bilen meşgullanýanlaryň bu sözleri hemişe ulanmaýandyklaryny, ulanaýsalaram bir sebäbe daýanyp ulanýandyklaryny hem belläsim gelýär.
Müşderi, gynansak-da, söwda wekilleriniň pikir-düşünjelerine hem-de işlerine hemişe oňyn täsir etmeýär. Söwdagärleriň geljekki alyjylara, käte hakyky müşderilere-de gyýa göz bilen garamaklarynyň köpsanly sebäpleri bar. Bu sebäplere özümçe düşünýärin, satyjylaryň käteler özlerini oňaýsyz alyp baryşlaryna hatda sizem düşünmän duran dälsiňiz Her näme-de bolsa alyjyny ýa-da hakyky müşderini beýle sözler bilen atlandyraýasyň ýok-la, sebäbi kellämize ornaşan şeýle sözler gaşymyzdakylar babatda ýakymsyz düşünjeleri döredip biler. Şonuň üçinem her gezek müşderilerim hakda pikir edenimde, şeýle sözleri ulanmazlyga, ýadyma salmazlyga çalyşýaryn, sebäbi beýle sözler zyýandan başga zat getirmez.  
Munça bolanyna görä, gel, şu ýerde müşderileriň nähilidikleri hem-de olary nähili kabul edýändigimiz hakda içgin durup geçeliň.    Her zatdan öňürti, olaryň hemmesi-de edil özümiz ýaly adamlar. Olarda-da edil özümizdäki ýaly duýgular, zerurlyklar bardyr, olaryň duýgy-düşünjeleri biziňkiden düýbünden tapawutly bolup biler, ýöne biz olar babatda düýbünden başgaça — hamana olar adamlaryň başga bir görnüşi, başga bir jynsdan ýaly görýäris.
Iň köp söwda eden salonymda maşyn satyn almaga gelýänler işçiler gatlagyna degişli adamlardy, olar şeýle mukdardaky puly jemlemek üçin örän köp we juda surnugyp işlemeli bolýardylar. Olaryň aglabasy munça puly diňe has zerur we örän gerekli bir zat üçin harçlap biljeklerdi, beýleki mätäç zatlaryny munuň üçin gaýra goýmaga taýýar adamlardy. Bu sözler siziň üçin üýtgeşik bir täzelikdir öýdemok, ýöne özüm ýaly sizem muny dessine ýatdan çykarýandygyňyza ynanýaryn. Biz professional hünärmenler, biz üçin wagt — gyzyl pul; Muňa garamazdan her günki gelýän müşderileriň arasynda bizden nämedir bir zat satyn almaga çynlakaý garamaýan köpsanly adamlar bar, ana, şolar diňe wagtymyzy ogurlaýar diýäýmeseň, olardan bize hiç hili düşewünt, peýda gelenok. Ine, hälki meseläniň öýjügi şu ýerde — käbir alyjylary, müşderileri «aňkaw» diýip pikir etmegimiziň ýa-da başga bir zat diýip atlandyrmagyňyzyň asyl sebäbi şu.
Müşderi size gelende, birneme gorkýandygyny, çekinýändigini ýatdan çykarmaly däldir. (Ýeri gelende aýtsak, bu ýerde «müşderi» diýenimde erkek we zenanlary deň derejede tutýaryn,  meniň müşderilerimiň 30%-i öz gazançlaryna maşyn satyn alýan zenan maşgalalardyr).  Şeýle müşderileriň biri içeri girdi diýeliň, belki-de ol maşyn satyn almakçydyr. «Belki-de» diýýänim, bu ýerdäki dükanlara ýa-da sergi otaglaryna gelip-gidýänler, oňa «ýöne» aýlanmagy halaýan adamlaryň köpdügini bilýäris. Ýöne, «Awtosalonlara» girýänleriň ählisi diýen ýaly, olaryň bu zatlardan başy çykýandygyna ýa çykmaýandygyna garamazdan, siziň satýan önümleriňiz bilen gyzyklanýan adamlardyr. Olar şeýle bir gyzyklanma eýe, hatda birbada awtosalonlara ýöne aýlanyp çykýanam bolsalar, olar hakyky müşderä öwrülmäge doly taýýar adamlardyr. Ýöne olar biraz çekinýärler, gorkýarlar. Olar bir jübüt aýakgap üçin 30 dollaryny, kostýum üçin 100 dollaryny ýa-da awtoulag üçin 5000 dollaryny dözmäge gorkýarlar, sebäbi olar şonça mukdardaky puly aňsatlyk bilen gazanmandylar ahyry. Şonuň üçinem olar sowmaga, harçlamaga gorkýarlar, hatda siziň özüňizdenem çekinýärler. Sebäbi olaryň köpüsi ähli satyjylary, söwda wekillerini, dellal-dilerleri eýdip-beýdip pukara adamlaryň pulyny awlamagyň yşkyna düşen adamlar hasap edýärler. Aslynda bu köpümiz babatda asla beýle däl. Emma müşderileriň köpüsi gapydan giren badyna birneme howsala düşýärler. Daş-töweregine garanjaklap başlaýarlar. Biraz wagt utmak isleýärler we sähel bir maý boldugy, zym uçan ýaly bolup, bu ýerden arany açmak isleýärler. Siz «soýup ýetişmänkäňiz», olar köneje awtoulagyna böküp ýetişjek bolýar.
Ýöne olara siziň hödürlän zatlaryňyz hökman gerek, olar hut şonuň üçin bu ýere geldiler. Olar hut şol sebäpli bu ýerde eglendiler. Ýöne, şeýle mümkingadar alyjylaryň köpüsi satyjy-söwdagärler hakynda galagoply düşünjelere eýe bolansoňlar, ynamsyzlyk bilen bakýarlar. Hakykaty boýun alalyň: Satyjylaryň  dünýä ýüzünde-de üýtgeşik bir abraýy ýokdur.
Olaryň müşderilerden aşa köp pul ýonmaga synanyşýandyklary barada dürli-dümen gürrüňler, hekaýalar bar. «Agyz agyzdan ýel alyp», şeýle gürrüňler hasam çişip gidýär. Her gezegem «hut şeýle ulagyň başga bir dükanda has arzan bahadan satylýandygyny ýa-da arzanlaşyk arkaly ýerlenýändigini» birek-birege gürrüň berýärler. Awtoulag söwdasy pudagyndan bu iň uly meseleleriň biridir. Meniň pikirimçe, beýleki ugurlaryň söwdasynda hem ýagdaý şeýleräk bolmaly.  Satyn almakçy bolýanlar, satyjylary önüme degýän gymmatyndan, öz hakyky bahasyndan has köp pul almaga synanyşýandyrlar öýdýärler. Ine, şu ýagdaýam olary has beter howsala salýar.
Muňa garamazdan olar şeýle garma-gürme duýgulara, pikirlere pürepür bolsalar-da, ahyry ýene şu bosagadan içeri ätlemeli bolýarlar, sebäbi olara bu çyndanam gerek.  Bu gezek olar ynamsyzlyk we gorky bilen doly bolsalar-da, siziň olary «soýmazlygyňyz, ep-esli puluny ýonmazlygyňyz üçin» juda taýýarlykly dolanýarlar.  Ýöne şeýle bir ýagdaýlaram bolýar, çykyp gitmek we gaýdyp bu ýerlerde garasyny görkezmezlik üçin size 10-20 dollary özleri bermäge taýýar adamlara-da gabat gelip bilersiňiz. Özleri töläp sypsa kaýyldyrlar. Bu wakalar saňa käbir adamlaryň şeýle pursatlarda nähili ýagdaýa düşýändiklerini görkezýär.
Şonuň üçinem köpümiz, käte hatda özümem, şeýle adamlary «agyr ýük» hasap edýäris. Käbir müşderileri şelaýyn sözleýän, ýalym-ýulum edip aldaýan we gymmatly wagtymyzy elimizden almaga synanyşýan täsin bir mahluk ýaly görýäris. Wagt örän gymmatlydyr, onuň juda ähmiýetlidigini biz hiç haçan ýadymyzdan çykarmaly däldiris.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...