Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (16-njy bölüm)

  • 25.09.2023 17:45
  • 8.7k+
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (16-njy bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

Söwda bilen meşgullanýanlaryň hünär durmuşynda ugurly satuwdan has uly lezzet berýän başga bir zat ýokdur. Ugurly söwda diýenimde göz öňünde tutýan zadym, bu ýere gelen müşderi göwün edýän harydyny amatly bahadan satyn alyp bilse we soňra bu hakda dostlarynyň, garyndaşlarynyň, işdeşleriniň ýanynda gürrüň berip: «Maşyn edinmekçi bolsaňyz, diňe Jo Jirarddan satyn alyň» diýse... Ine, üstünlikli, ugurly söwda şeýle bolýar. Ine, men her gün şunuň ýaly üstünlik gazanasym gelýär. Onsoň, howatyrlanmadyr ikirjiňlenmelerden ýaňa näderini bilmän, biderek ýere wagtymyzy alýar diýýän alyjylarymyzam, mundan soň özlerini rahat duýýarlar. Olar meni dükanymda özbaşyma goýup gidäýenlerinde-de, men olardan, olar hem menden närza däl. Olar indi menden gorkup duranoklar, sebäbi «söwda-satuw» atly söweş arkaly biz bilelikde ýeňiş gazandyk. Biz gorkudyr ynamsyzlygyň hötdesinden geldik.
Müşderiler bilen ýygy-ýygydan pikir alyşýaryn. Ýurduň dürli künjeklerinde sapar-syýahatda bolanymda, satyjylaryň öz müşderilerinden peýdalanýandyklaryny, sähel bahana bolsa harytlaryny gymmat ýerlemäge meýillidiklerini öňe sürýän adamlar bilen ençeme gezek gürleşendirin. Muňa näme jogap berýändigimi bilesiňiz gelýärmi? «Men bir adamyň puluny alsam, muňa derek oňa gowy haryt berýärin, eýsem, şeýtmek adamy peýdalanmak bolýarmy? Eger biri nämedir bir zat satyn almakçy bolsa, muňa-da ýeterlik gurby bolmasa (köp adamlaryň birbada üzlüşmäge ýagdaýy ýok ahyry), men oňa isleýän awtoulagyny satyn alyp bilmegi üçin karz almaga kömek edýärin. Men bir adamy 20 000 (ýigrimi müň) dollarlyk awtomaşynyň eýesi edip bilýärkäm, (dogry, onuň maňa şonça mukdara golaý bergisi bolup biler), ýeri bu nädip işçi synpyny peýdalanmak bolsun? Men-ä beýledir öýdemok, sizem beýle ýalňyş düşünýän dälsiňiz» diýýärin.
Ýatda saklaň: ýanyňyza gelip giden müşderini, tapawudy ýok, onuň gelip-gidenine näçe ýyl geçenem bolaýsyn, siz ony öz dostuňyza öwürjek boluň, şeýtseňiz, ol siziň üçin işlär. 
Maşyn satýan her on müşderimiň takmynan altysy, ýa meniň öňden bäri gelýän hemişelik müşderilerim, ýa-da kimdir birinden men hakynda eşidip, adymy, familiýamy belläp alan alyjylar. Meniň ähli işimiň 60 göterimini şu adamlar düzýär. Kimdir biri özüni ökde söwdagär ýaly görkezip, bir müşderini aldap, ony haryt satyn almaga yryp biler, ýöne şeýle alyjy bu ýerde aldanandygyny duýsa, gaýdyp bu ýere köwlenmez. Müşderileri özümizden gaçyrmaly däldiris. Söwda işimiň 60 göterim girdejisi edýän işimden kanagatlanýan müşderilerden ýa-da şolary gowy tanaýan adamlardan gelýär. Şonuň üçin «müşderi» sözi bilen baglanyşykly ters düşünjeleriň ählisini kelläňizden aýryp taşlaň. Diňe mümkinçilikleri bolşy ýaly görmäge çalşyň, pursatlary peýdalanyň we olary iki tarapyňam bähbidine öwürmek hakda pikir ediň.
Galybese-de, bu ýerdäki esasy maksadymyz gowy pul gazanmagyň oňat hem-de kanagatlanarly usuly hakynda ahyry. Bizi bu işde has köp begendirýän zat bolsa owadan üstünlik we gowy girdeji gazanmakdyr. Bizi şundan beter begendirýän başga bir zat ýok. Şonuň üçin indiki gezek müşderi bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda duýgy-düşünjeleriňizi birlaý gözden geçiriň. Müşderi hakda arassa, tämiz düşünjelerde boluň, olar hakda diňe gowy pikirler ediň. Işiňize zyýan berjek islendik duýgyny aýryp taşlaň... Siziň gürrüňleriňize ýa-da degişmeleriňize düşünmese, ýa-da ähmiýet bermese, ýa-da ters düşünse, siz muňa gaharlanarsyňyzmy? Ýa-da siziň halamaýan adamlaryňyz hakda ýanyňyzda gürrüň gozgasa, ýadyňyza salsa, siz muňa gaharlanarsyňyzmy? Ýa-da bu gelen müşderiniň üstünden ýakymsyz ys aňkap duran bolsa, siz muňa gaharlanarsyňyzmy? «Üst-başy aňkap duranlar nämedir bir zat hakda dogry-düzüw pikir edip bilenoklar» diýýän tanyş-bilişleriňize, olaryň düýpsüz, esassyz pikirlerine ynanyp oturmaň. Siziň bu ýerdäki esasy maksadyňyz — etmeli ilkinji işiňiz eýdip-beýdip geljekki müşderiňizi özüňize çekip bilmek. Müşderileri özüňizden gaçyrmajak boluň. Uýalyp-utanyp duran ýa-da sizden çekinýän, size howatyrly bakýan birine hiç zat satmak mümkin däl. Ony özüňizden gizlenmäge mejbur etmäň-de, öz islegi hakda dillenmäge höweslendiriň. Olar siziň özleri babatdaky pikirleriňizi, düşünjeleriňizi siziň garaýyşlaryňyzdan okap otyrlar. Olar siziň näme pikir edýändikleriňizi duýup durlar. Çem gelen adama satmak kyn düşer, siziň ýanyňyzda özlerini hormat-sylagly, ynamly duýýanlara welin köp zat satyp bilersiňiz.
Şonuň üçin şu günden beýläk her gezek müşderiler bilen ýüzbe-ýüz bolanyňyzda bu hakykatlary ýadyňyzdan çykarmaň! Müşderiler bilen her bir duşuşykda şuny göz öňünde tutup hereket ediň.  Siz hem müşderiňiz bilen, hem öz duýgularyňyz bilen «söweşýärsiňiz». Özüňiziň kimdigiňizi we müşderiniň siziň üçin kimdigini hiç ünsden düşürmäň. Bu ýerde näme üçin durandygyňyzy we müşderiniň siziň ýanyňyza näme üçin gelendiginem unutmaň  — ikiňizem iki tarapa-da bähbitli boljak bir  söwda üçin bu ýerdesiňiz.
Adamlary adaty bir alyjy hökmünde görseňiz, zat satyp bilmersiňiz, olary hormat-sylaga mynasyp müşderi hökmünde kabul etseňiz, örän köp zat satyp bilersiňiz.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
4.4k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
3k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2.2k+

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...