Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (21-nji bölüm)

  • 22.12.2023 17:16
  • 4200
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (21-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

NÄME SATÝANDYGYŇYZY HEMMELER BILSIN
Bu maslahat örän ýönekeý ýaly bolup görünýändir, muny eýýäm köp gezek eşiden bolsaňyz gerek. Ýöne ýakyn dostlaryndan we hossaryndan başga bir adama-da näme edýändigini aýtmaýan söwda agentlerine köp gabat geldim.
Olar söwda hünärmenleriniň, esasanam awtoulag satýanlaryň abraýy erbet diýip pikir edýärler. Bolýar, onuň ýaly bolsa, meni ekleýän bu hünäre meniň buýsanýandygymy aýtmaga rugsat beriň. Harytlaryňyzyň köp bölegini täjirçilik guramalara ýa-da senagat kärhanalaryna satýan bolsaňyz, onda ýokarda aýdylanlaryň hemmesi wajyp däl ýa-da size kömek etmez diýip pikir edersiňiz. Men bolsa munuň gaty gowy bolup biljekdigini aýdýaryn. Jirardyň açan iki ýüz elli kanunyny ýadyňyza salyň.
Adamlar mydama tanyşlary we olaryň biznesleri barada gürrüň edýärler. Men dosty öz dosty barada başga bir tanşyna gürrüň berendiginiň kömegi bilen, bahasy 120 000 dollarlyk programma üpjünçiligini satan bir satyjyny bilýärin. Men her bir söwdagäriň öz hünärine buýsanmalydygyna ynanýaryn.
Biziň hünärimize şu aşakdaky nukdaýnazardan serediň. Men bütin ömrüme 12 müňden gowrak täze ýeňil we ýük awtoulagyny satdym. Siz meniň ýerine ýetiren işlerimiň kömegi bilen näçe iş ýerini döredendigine, söwdasy edilen munça awtoulaglary öndürmek üçin näçe demir eredilip, satylandygyna, “General Motors” korporasiýasynyň we onuň müňlerçe üpjünçileriniň näçe pul gazanandygyna düşünýärsiňizmi? Millionlarça we millionlarça. Ykdysadyýetiň çarhyny hut söwdagärler aýlaýarlar, sebäbi harytlary dükanlardan, ammarlardan we zawodlardan alyjylara eltmegi bes etsek, onda tutuş Amerikanyň ykdysadyýeti hereketden galar.
Şonuň üçin islendik kişi siziň täjirdigiňizi we başga hiç kim däldigiňizi, şeýle hem haýsy önümi ýa-da hyzmaty satýandygyňyzy bilsin. Ýöne her gezek näme edýändigiňizi hökman olar biler ýaly etmeli we hyzmatlaryňyza mätäç bolanda olara kömek etmäge taýýardygyňyzy duýdurmaly. Ýene-de, olardan diňe bir satyn almak däl, eýsem maglumat hem gerekdigini aýtmaly. Mysal üçin, şaý-sepler satýan bolsaňyz, kimdir biriniň bahym uniwersiteti tamamlaýandygyny eşitseňiz, onda munuň gymmat sagadyň ýa-da owadan halkanyň satylmagyna sebäp bolup biljekdigine düşünersiňiz.
Eger awtoulag satýan bolsaňyz, awtoulagyny zaýalan adam hakda eşitseňiz, oňa munuň sizi näderejede biynjalyk edýändigini aýdyp bilersiňiz, ýöne şol bir wagtyň özünde ilki ýadyňyzda, soň kagyz ýüzünde bu adama täze awtoulag gerek boljakdygyny, onuň ätiýaçlandyryş kompaniýasyndan derrew we kynçylyksyz töleg ediň täze awtoulagy satyn almaga mümkinçilik berýän uly mukdarda töleg çekini alyp biljegini öz ýanyňyzdan belläp bilersiňiz.
Ýöne gassabyň ýa-da konditeriň hem pikirini ediň. Olar hem size beýik ser salma tekeriniň oturgyçlaryny doldurmaga ýa-da hasylly topraga taşlaýan tohumlaryňyzy ösdürip ýetişdirmäge ýa-da söwda ulgamy diýilýän zadyňyzy çalyşmak islän wagtyňyz islendik işiňizi amala aşyrmaga kömek edip biler.
Indi bolsa şol beýik ser salma tekeriniň oturgyçlaryny doldurmak ýa-da tohum atmak ýa-da diwara gaharly spagetti zyňmak maksatly ulanýan beýleki käbir usullarym barada has anyk gürrüň bermäge rugsat beriň. Bu prosese nähili garasaňyz hem, şeýle-de bolsa, ol pullaryň göni siziň eliňize girmegini üpjün eder. Göz öňüne getirip bilýän adamlaryňyzyň ählisini öz beýik ser salma tekeriniň oturgujyna oturduň.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3790

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2756

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1846

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2035

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...