Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
Awtomobil söwdasy bilen 14 ýyllap meşgullandym. Eger her hepdede iki sany adamyň göwnüne degen bolsam, iki sany kişi menden närza bolup gaýdan bolsa, on dört ýylyň dowamynda bu jemi 70 000-e barar. Pikir edip görüň, adamlardan ýaňa hyň berip duran stadion: Jo Jirarddan maşyn satyn alaýmaň diýip dursa nähili bolar?
Muny öwrenmek we özleşdirmek üçin ýörite matematiki zehin gerek däl: Jo Jirard tarapyndan açylan «250 adam» kanuny menden öwrenip biljek iň möhüm zatlaryňyzyň biridir.
Hany göz öňüne getirip görüň: Ýaş ýigitleriň biri ýanyňyza bardy diýeli. Siziňem ony hiç sulhuňyz almady we oňa sowuk-sala garadyňyz. Ol iş ýerine dolanyp baranda, kimdir biri ondan: «Ýeri näme boldy, ýüzüň salyk-la?» diýip soraýsa, olam: «Ýaňyja Ybraýym göwnüme degdi, maňa sowuk-sala garady» diýer. Şol ýerde maşyn edinäýmeli diýip ýören biri muny eşider-de: «Hä, beýle bolsa, Ybraýymdan uzak duranymyz gowy, ol erbet adam ekeni» diýip biler.
Siz ýanyňyza gelýän adamlaryň kimlerdigini, nähili wezipelerde işleýändigini birbada aňzyrşmarsyňyz. Belki-de şeýle adamlaryň biri ussahananyň müdiri ýa-da sözüne ynam edilýän uly emeldarlaryň biri bolup biler. Belki-de bilmän galarsyňyz, ýanyňyza gelen ýigitleriň biri bir klubuň ýolbaşçysy ýa-da bir myhmanhananyň başlygydyr. Ol siziň ýanyňyzdan çykyşyna göni iş ýerindäki ýygnanyşygyna howlugýandyr. Ýa her gün onlarça, ýüzlerçe adam bilen iş salyşýan bir dellekçidir, diş lukmanydyr. Ýa-da has köp müşderisi bolan başga bir söwda-satuw ugrunyň täjiridir.
Adaty adamyň durmuşynda hal-ahwal soraşýan, gatnaşýan, pikir alyşýan 250 adamy bolup bilýärkä, bir hepdäniň dowamynda şondanam has köp adamlar bilen iş salyşýan, duşuşýan beýleki adamlar hakda näme diýersiňiz?
Siziň ýanyňyzdan ýüzüne urlan ýaly bolup çykan birisi bu nägileligini we size bolan öýkesini şol ýerde goýup gaýdar öýdýäňizmi? Asla beýle däl. Her niçigem bolsa, bütin ömrüniň dowamynda 250 adama täsir edýän ýönekeý biri bolaýanda-da şonça adamyň ýanynda siz hakda içini döküp biler. Galyberse-de, käbir adamlaryň her gün ýüzlerçe we ondanam has köp adamlar bilen iş salyşýandygynam unutmaň.
Adamlar köplenç satyn alan ýa-da satyn almakçy bolýan zatlary hakda beýlekiler bilen pikir alyşmagy halaýarlar. Beýlekilere özleriniň söwda eden ýerleri ýa-da zatlary hakda joşup-joşup gürrüň berýärler. Olar öz tanyşlaryna nireden satyn almalydygy we näçeräk tölemelidigi hakda maslahat bermäge döwtalap. Şuňa meňzeş gepleşikler ýönekeý adamlaryň gündelik durmuşynň möhüm bölegini emele getirýär.
Siz bularyň haýsy hem bolsa birini äsgermezlik edip bilersiňizmi? Men-ä başarman. Ýöne kimdir biri muny edip biler öýtseňiz, şeýdäýjekleriň biri hut men bolmaly, menem asla beýdip bilmejekdigimi boýun alýaryn, sebäbi söwda-satuwdan gelýän girdejilerimiň ep-esli bölegi ondan-mundan eşidip, hut meni idäp gelýän müşderilerime bagly ahyry. Bu meniň professional durmuşymdaky iň täsirli güýç. Seniňem professional durmuşyňda bu hut şeýle bolmaly.
Biz bu ýerde özara söýgi ýa dostluk hakda söz açamzok. Biz telekeçilik, biznes hakda gürleşýäris. Gelýän müşderiler babatda siziň nähili pikir edýändigiňiz meni gyzyklandyranok. Meni gyzyklandyrýan iň möhüm zat – siziň olara bolan gatnaşygyňyz, olar bilen iş alyp barşyňyz. Düşündirip bilşiňiz. Ine, üns bermeli iň esasy zadymyz şular. Eger-de siz duýgularyňyza erk edip bilmeseňiz, onda siz juda köp meseleler bilen ýüzbe-ýüz bolarsyňyz. Juda köp adamlary ýitirersiňiz. Ýöne bu bir işdir, özem möhüm işdir. Bu işewürlikde adamlaryň ählisi – ýönekeýi, nadany, dikdüşdüsi, çilimkeşi... hemmesi siziň kisäňizi galňadyp biler.
Ýöne eger-de siz bularyň diňe birisine göwnüýetmezçilik etseňiz, kembaha garasaňyz, üstünden gülseňiz ýa-da gaharlanyp, onuň ýüzüni alsaňyz, onda olar jübüsi puldan doly 250 sany adamyň ýanynda siziň abraýyňyza zeper ýetirjek habarlary ýaýradyp biler. Olaryňam käbiri owaldanam sizden söwda etmäge hyýallanyp ýörenler bolmagy mümkin. Şeýdibem, geljekki müşderileriňizi gelmänkä ürküzersiňiz.
Eger-de siz Jirardyň «250» kanunynyň pidasy bolmak islemeýän bolsaňyz, bu düzgüni has gowy öwrenmelisňiz we doly özleşdirmelisiňiz. Bular her iş gününiň her sagadynda, her pursadynda aňyňyzda hem-de ýadyňyzda bolmaly düşünjelerdir. Bu her bir telekeçiniň iş psihologiki garaýşydyr.
Her gezek birje müşderiniň ýüzüni alsaňyz, ýene azyndan 250 alyjydan hem ýüz öwürdigiňizdir. Rysgally birine öwrülmegi başarýarkak, bärden gaýdýan häsiýetlerimiz we ýerliksiz hereketlerimiz zerarly kemrysgal bolup galmalyň!
(dowamy bar).