Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (20-nji bölüm)

  • 19.12.2023 12:55
  • 5408
Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (20-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:

TELEFON ARKALY NÄDIP SATMALY
Yzygiderli on gezek jaň aýladym, emma netije bolmady diýeliň: jogap berýän ýok, iňlisçe gürleýän ýok, ýa «ejem dükana gitdi» ýaly jogaplar... Bir zady göz öňünde tutuň, men hemişe Güne ese-boýa galansoň jaň edýärin, ir säherden eýýäm telefona ýapyşyp,  olary bimaza etmek islemeýärin. Gün guşluk boluberen çaglary jaň aýlamak iň amatly wagty. On ýere jaň etdim, emma hiç netije bolmady diýipdim. Şol on jaň meniň näçe wagtymy alandyr öýdýäňiz? 3-4 minut dälmi? Ýeri bolýar, bu bir üýtgeşik ýitgi däl ahyry. Ahyry bir hanym jaňymyza jogap berdi. Men oňa: «Gündiziňiz haýyrly, hanym Kowalski!  Bu Jo Jirard «Merollis Chevrolet» kompaniýasyndan. Sargyt eden maşynyňyzyň taýýar bolandygyny size habar etmek isledim» diýip ýüzlenýärin. Bir zada dykgatyňyzy çekeýin: men köçeden, telefon kitapçasyndaky salgylar boýunça jaň aýlap otyryn. Mende olaryň diňe ady, familiýasy, telefon belgisi we öý salgysy hakdaky maglumat bar. Ýöne hanym Kowalskiniň bu sözlere ör-gökden geler, gürrüňiň näme hakdalygyndan asla habary ýokdur. «Siz nädogry belgini aýladyňyz öýdýän. Biz hiç hili täze maşyn sargyt etmedik». «Dogrudanam, sargyt etmediňizmi?» diýip, men gaýtadan nygtap soraýaryn.  «Dogrudanam, sargyt etmedik» diýip, hanym ynamly gürlär. «Bir minutjyk garaşyň, bu Klarens J.Kowalskiniň öýi dälmi?» diýip soraýaryn.  «Asla beýle däl. Meniň ýoldaşymyň ady Stiwen» diýip, hanym jogap berer. Men onuň aýdanlaryna ýanymdaky kagyza belleşdirip alýaryn, ýogsam munuň hut şeýledigini bilmän duramok ahyry, sebäbi telefon kitapçasynda hut şeýle-de ýazylgy. «Sizi ir bilen biynjalyk edendigimiz üçin, bagyşlaň, hanym Kowalski. Günüň bu wagty sizi birahat edendigime gaty gynandym. Siziň bu wagt iş bilen başagaýdygyňyza ynanýaryn» diýerin. Hanym bu sözlerimize «Aýyby ýok, beýle ýagdaýlar bolup biler» diýip jogap berer ýa-da özüniň ýaňyja supermarketden gelendigini ýaňzydyp ýetişer. Onuň nähili jogap berjekdigine garamazdan men trubkany asla goýmaryn.
Ony mümkin boldugyndan telefon liniýasynda saklamaga çalyşýaryn, sebäbi men özümiň asyl maksadymy heniz oňa mälim ediň ýetişmändim. Belki onda iç döküşere, pikir alşara hiç kimse ýokdur, dessine trubkany goýmaýan bolsa, nämedir bir zatlar aýtmak, ýetirmek isleýändir. Ýa-da ol aýtjak zatlarym bilen asla gyzyklanmaýan birisi hem bolup biler, ýöne, Hudaýa şükür, telefony goýmaýan bolsa, bir umyt bar. «Ýogsa-da, hanym Kowalski, siz täze maşyn edinmek üçin haçandyr bir wagt awtosalonlara aýlanyp görüp, sargyt edipmidiňiz?» diýip soraýaryn. Onuň şu golaýda awtosalonlara aýlanyp gören bolmagy-da ähtimal, ýöne şeýle ýagdaýda köplenç: «Aý, ýok, özüm-ä baryp göremok, ýöne ýoldaşymdan sorap anyklaşdyraýmasam. Gowusy siz ýanýoldaşym bilen habarlaşyň» diýer. Ine, meniň häliden bäri göz öňünde tutýan zadym, garaşýan jogabymam şu. «Ýoldaşyňyz bilen haçan habarlaşyp ýa gabatlaşyp bilerkäm?» diýip soraýaryn. «Köplenç ol sagat alty töwerekleri öýde bolýar» diýer. Gör, nähili ajaýyp, men bu gepleşikden geregimi gazandym. «Onda size sagat alty töwerekleri jaň etsem, ýoldaşyňyz bilen habarlaşyp bilerinmi? Agşamlyk nahary wagtyna-da gabat gelýär welin, bimaza etdigim bolmaz-a?» diýip soraýaryn. Men hem adatça bolşy ýaly, sagat altyda öýe dolanýan bolsa, ýediň ýaryndan bärde agşamlyk edinmeýändiklerini aýdýança, sabyrsyzlyk bilen garaşýaryn. Soňra-da hoşallyk bildirip, olar bilen hoşlaşýaryn.
Ýeri onsoň, sagat altyda nähili hereket etjekdimi bilýänsiňiz. Elbetde şeýle. «Giç ýagşy, jenap Kowalski, bu Jo Jirard, «Merollis Chevrolet» kompaniýasyndan. Şu gün irden hanym Kowalski bilen gürleşdim, ol bu babatda siziň bilen şu sagatda jaňlaşyp görmegimi teklip etdi. Mümkin bolsa, size bir sowalym bar:  Täze maşyn edinmek üçin «Chevrolet» awtosalonyna ýüz tutan-a dälsiňiz?» diýýärin. «Ýok, heniz-ä ýüz tutup göremok» diýip, ol jogap berer. Şeýle jogaplar gürrüňi dowam etmek üçin ýene bir pursatdyr. «Hmm, ýeri bolýar. Ýogsam-da siz täze maşynlar bilen tanşyp bilersiňiz. Muňa haçan hyýallanýaňyz, haçan wagtyňyz bolup biler?» diýip soraýaryn. Soragy dessine we gönümel berýärin, sebäbi onuň jogap beriş hörpünden onuň täze maşyn edinmäge niýetiniň bardygyny ýa ýokdugyny, gürrüňi dowam etmäge döwtalapdygyny ýa-da dessine bes etmek isleýändigini kesgitläp bolýar. Şeýle ýagdaýda näme diýip aldasamkam diýere-de wagt galanok, her kes gönümel dogrusyny aýdýar: «Täze maşyn, elbetde, gerek bolar. Alty aýdan soňrak dagy ugruna çykmagym mümkin» diýip jogap berýär. «Bu gowy zat, jenap Kowalski, nesip bolsa alty aýdan siz bilen ýene habarlaşaryn. Ýogsam-da, siz şu mahal haýsy markadaky ulagy münýäňiz?» diýip soraýaryn. Ol maňa häzirki münýän ulagyny aýdanyndan soňra, oňa hoşallyk bildirýän-de, telefon gürrüňdeşligimi jemleýärin.
Ýaňky beren gürrüňlerine esaslanyp, dessine onuň adyny, öý salgysyny, telefon belgisini, şeýle hem beýleki birnäçe maglumatlary, mysal üçin nirede işleýändigini, näçe çagasynyň bardygyny, nähili markaly awtoulagy münýändigini belleşdirýärin. Bu maglumatlaryň ählisini takmynan 8x12 sm-lik kagyzlara belleşdirýän-de, kartotekamyň arasyna girizýärin. Şeýle hem onuň salgysyny hat ýollamalary sanawyna hem goşýaryn, mümkinçilik peýda bolanda poçta arkaly täze harytlar ýa-da arzanlaşyklar barada habarly etmek üçin gerek bolýar. Üstesine, bu maglumatlarymy öz gündeligime hem göçürýärin, onuň ýanynda hem gürleşen wagtymy belleýän-de: «şu günden başlap, ýene bäş aýdan habar tutmaly» diýip ýazgy edýärin. Üns beriň, ol alty aý diýenem bolsa, men «bäş aýdan» diýýändirin. Maňa ynanyp bilersiňiz. Belläp alan şu möhletim geçen dessine men oňa gaýtadan hökman jaň edýärin. Her edip, hesip edip, olary awtosalonuma aýlanyp görer ýaly we diýýän maşynyny satyn alar ýaly höwes döredýärin. Sebäbi ol maňa ýakyn geljekde täze ulag edinjekdigini öňünden aýdypdy.
Ýokardaky öwrenen, bilen zatlarymyň, toplan gymmatly maglumatlarymyň ählisi iki minutlyk telefon gepleşigi arkaly gazanyldy. Söwda-satuw — içinde aňtawçylyk tüýsli hereketleri bolan bir oýundyr. Kimdir birine zat satmak isleseňiz, her niçigem bolsa, bu adam hakda mümkin bolan ähli maglumatlary tapmak, öwrenmek siziň işiňiziň bähbidinedir. Eger-de siz edara-kärhanalara we başgalara ýazuw maşynkalaryny satmakçy bolsaňyz, ilki bilen şol edara-kärhanalaryň kätipleri, esasanam, gelen-gidenleriň hasabyny ýöredýän kätipleri bilen habarlaşyp bilersiňiz, olarda näçe sany ýazuw maşynkasynyň bardygy, haýsy firmalaryň maşynkasyny ulanýandyklaryny, olaryň ählisiniň edaranyňkymy ýa-da başga bir kärhanadan kireýine alyp ulanýanlarmy, edara-kärhananyň häzirki iş ýagdaýy, ösüşi, olar täze kätipleri işe almagy göz öňünde tutýarlarmy, garaz, alyp barýan işiňiz bilen baglanyşykly köp maglumatlary toplap bilersiňiz.
Näme satýandygyňyz möhüm däl. Her günde birazajyk wagtyňyzy maglumat toplamaga sarp etseňiz, ýakyn wagtda ofisiňiziň daş-töweregi sizden zat satyn almaga gelen märekeden ýaňa hümer bolar.

(dowamy bar).


16.05.2024 16:00
3790

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (SOŇY)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

13.05.2024 20:36
2756

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (64-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

11.05.2024 17:39
1846

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (63-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...

07.05.2024 14:43
2035

Jo JIRARD, «Islän zadyňy islendik birine nädip satmaly» (62-nji bölüm)

Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz: Giriş — 1-nji bölüm 2-nji bölüm 3-nji bölüm 4-nji bölüm 5-nji bölüm 6-njy bölüm 7-nji bölüm 8-nji bölüm 9-njy bölüm 10-njy bölüm 11-nji bölüm 12-nji bölüm...