Ýerasty çeşmelerden dury suw: «Sarwan» agyz suwunyň täze standartyny hödürleýär

  • 06.03.2026 19:12
  • 107k+

Aşgabadyň agyz suwy bazarynda täze brend — «Sarwan» işe başlady. Kompaniýa artezian suwuny çykarmak we tiz eltip bermek hyzmatlaryny ýerine ýetirýär.

«Sarwan» suwy çuň ýerasty artezian çeşme guýusyndan alýar. Şeýle çeşmäniň artykmaçlygy onuň tebigy filtrasiýasyndadyr: suw dag jynslarynyň dykyz gatlaklaryndan geçip, dürli garyndylardan arassalanýar we özüniň tebigy mineral düzümini saklaýar.

Önümiň her bir tapgyrynyň howpsuzlygy yzygiderli barlaghana gözegçiligi arkaly tassyklanylýar. Kompaniýa önümçilik we söwda üçin zerur bolan ähli şahadatnamalara we ygtyýarnamalara eýe bolup, suwuň hilini barlaghana şertlerinde ýörite gözegçilik astynda saklaýar.

Gaplamagyň standartlary

Işe başlan ilkinji günleri «Sarwan» iň köp isleg bildirilýän — 19 litrlik we 5 litrlik gaplara ünsüni gönükdirdi. Kompaniýa gaplaryň ýagdaýyna aýratyn ähmiýet berýär. Olar berk polikarbonatdan ýasalyp, olar her gezek gaýtadan ulanylmazdan öň düýpli sanitariýa barlagyndan geçirilýär.

Çalt eltip bermek hyzmaty ileri tutulýar

Şäheriň häzirki durmuş depginini nazara alyp, «Sarwan» arassa suwuň elmydama elýeterli bolmagy üçin öz logistikasyny kämilleşdirdi. Eltip bermek hyzmaty tutuş Aşgabatda amala aşyrylýar. Hyzmatyň esasy artykmaçlygy onuň çaltlygyndadyr: sargyt edilen pursadyndan tä kurýer bosagaňyzda peýda bolýança ortaça 20-30 minut wagt geçýär.

Üstesine-de, müşderiler özleri üçin has amatly boljak islendik wagty hem ylalaşyp bilerler. Hyzmat hem hususy müşderilere, hem ofislere we işewürlik merkezlerine elýeterlidir.

Kompaniýa mundan beýläk iş gerimini has-da giňeltmegi göz öňünde tutýar. Ýakyn wagtda «Sarwan» 0,33 litr, 0,5 litr we 1,5 litrlik gaplarda hem agyz suwunyň satuwyny ýola goýar. Bu bolsa brendiň önümlerine her bir öýdäki saçakda, sport bilen meşgullanylanda ýa-da tebigata gezelenje gidilende mydama müşderileriniň ýanynda bolmaga mümkinçilik berer.

Habarlaşmak üçin:

Telefon: 10 00 00 / 12 77 77

Instagram: @sarwan.drinks


18.06.2026 18:15
3.1k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
4.9k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.5k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......