Raşid Meredow Eýranyň ilçihanasynda gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy

  • 05.03.2026 19:17
  • 22k+

2026-njy ýylyň 4-nji martynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri Raşid Meredow Eýran Yslam Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasyna bardy. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Eýranyň Beýik ruhy Lideri Aýatolla Hameneýiniň aradan çykmagynyň hatyrasyna açylan gynanç kitabyna ýazgy galdyrdy. Bu barada THP habar berýär.

Saparyň çäklerinde Raşid Meredow Eýranyň Türkmenistandaky ilçisi Aly Mojtaba Ruzbehani bilen duşuşdy we bu ýitgi bilen baglylykda şahsy gynanjyny bildirdi.
Aýatolla Hameneýiniň hatyrasyna gynanç kitaby Aşgabatdaky Eýranyň medeniýet merkezinde hem açyldy. Ol 10–15 gün açyk bolar.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......