Aýjan Baýramowa «Talyp gözeli — 2026» boldy

  • 05.03.2026 13:44
  • 19k+

4-nji martda Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyp gyzlarynyň arasynda geçirilýän «Talyp gözeli — 2026» gözellik bäsleşiginiň jemleýji tapgyry boldy. Emin agzalarynyň karary bilen bäsleşigiň baş baýragyna Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň fizika fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Aýjan Baýramowa mynasyp boldy.

Bäsleşik Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi we Zenanlar birleşiginiň Merkezi Geňeşi tarapyndan guraldy. Bu bäsleşik her ýyl Halkara zenanlar gününiň öňüsyrasynda geçirilýär.

Final tapgyryna öz okuw mekdeplerinde deslapky tapgyrlardan geçen 24 sany talyp gyz gatnaşdy. Gatnaşyjylar döredijilik ukyplaryny — aýdym, goşgy we sahna çykyşlaryny görkezdi. Mundan başga-da, bäsleşige gatnaşyjylar milli tagamymyz bolan unaş kesmekde öz aşpezlik ukyplaryny, şeýle hem el işlerini we keşde çekmek ussatlyklaryny görkezdi.

Beýleki baýrakly orunlar aşakdaky ýaly paýlandy:

1-nji orun:

  • Güljeren Meläýewa — Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň iňlis dili we edebiýaty fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

2-nji orun:

  • Aýgül Kakaýewa — Türkmen döwlet medeniýet institutynyň medeni miras fakultetiniň 4-nji ýyl talyby;
  • Merjen Töräýewa — Türkmen döwlet maliýe institutynyň salgytlar we salgyt salmak fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

3-nji orun:

  • Amansoltan Orazmämmedowa — S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň agronomçylyk fakultetiniň 5-nji ýyl talyby;
  • Läle Gylyçdurdyýewa — Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň inžener-mehanika fakultetiniň 1-nji ýyl talyby;
  • Aýlar Muhammedowa — Türkmenistanyň Döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynyň maliýe fakultetiniň 3-nji ýyl talyby.

Şeýle hem birnäçe gatnaşyja ýörite ugurlar boýunça baýraklar berildi. Finala gatnaşyjylaryň ählisine sowgatlar we Hormat hatlary gowşuryldy.


şu gün 00:03
1.2k+

Türkmenistanda göreji pes çagalar üçin informatika boýunça ilkinji gezek okuw gollanmasy neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurduň Saglygy dikeldiş okuw-terbiýeçilik toplumlarynyň kör we çala görýän mekdep ýaşly çagalar bölümleriniň birinji synp okuwçylaryna niýetlenen «Informatikanyň......

düýn 19:31
1.2k+

Medeniýet hepdeligi – 2027 Daşoguz welaýatynda geçiriler

2027-nji ýylda Medeniýet hepdeligi 22-nji we 27-nji iýun aralygynda Daşoguz welaýatynda geçiriler. Degişli Karara Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow gol çekdi. Resminama bilen guramaçylyk topary......

19.06.2026 10:10
3.6k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.5k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......