«Türkmenistan» awiakompaniýasy Dubaýa we Jiddä uçuşlary wagtlaýyn togtadýar

  • 02.03.2026 10:48
  • 16k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Aşgabat — Dubaý — Aşgabat we Aşgabat — Jidda — Aşgabat ugurlary boýunça amala aşyrylýan howa gatnawlarynyň wagtlaýyn togtadylýandygyny habar berdi. Awiakompaniýanyň resmi saýtynda berilýän maglumata görä, uçuşlar 2026-njy ýylyň 2-nji martyndan 4-nji martyna çenli ýatyryldy.

Bu karar Eýran Yslam Respublikasynyň howa giňişligine girizilen çäklendirmeleri nazara alyp, uçuşlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen kabul edildi.

Ýatyrylan gatnawlaryň ýolagçylary awiabiletlerini tutumsyz ýagdaýda doly yzyna gaýtaryp, ýa-da iň ýakyn mümkinçilik bar bolan senelere tutumsyz ýagdaýda üýtgedip bilerler. Munuň üçin biletleriň satyn alnan ýerine ýa-da awiakompaniýanyň wekilhanalaryna ýüz tutmak maslahat berilýär. Onlaýn arkaly satyn alnan biletleriň puly töleg geçirilen bank kartyna yzyna gaýtarylar.

Ýolagçylara gatnawlaryň ýagdaýy baradaky iň soňky maglumatlary awiakompaniýanyň resmi saýtyndan we resmi habarlaşyk kanallaryndan yzarlamak maslahat berilýär. 

Awiakompaniýa ýüze çykan oňaýsyzlyklar üçin ötünç soraýar we ýolagçylara düşünişýändikleri üçin minnetdarlyk bildirýär.

Habarlaşmak üçin maglumatlar:

  1. Jidda: +90 545 575 15 83; ops@favorite-ias.com
  2. Dubaý: +971 50 280 05 08; ticket.mida@gmail.com
  3. Türkmenistan: +993 12 39-17-78, 23-03-15, 23-03-18; info@turkmenistanairlines.tm

18.06.2026 18:15
3.2k+

«Päkize» haly ýuwujy merkezi tomus möwsüminde özüniň ýokary hilli hyzmatlaryny hödürleýär

TOMUSDA ÖÝÜŇIZE SERGINLIK WE TÄMIZLIK GETIRIŇ!...

12.06.2026 18:22
11k+

Toyota Türkmenistanda tomusky aksiýasyny dowam edýär

2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan 30-njy iýuny aralygynda Toyota kompaniýasynyň Türkmenistandaky resmi serwis merkezleri islendik ýylda çykarylan we islendik modeldäki Toyota hem-de Lexus awtoulaglarynyň eýeleri......

12.06.2026 17:00
5k+

Oňa 100-den gowrak ýurtda gymmatlyklaryny ynanýarlar. Gürrüň näme hakda?

Bu kompaniýanyň önümleri dünýäniň 100-den gowrak ýurduna eksport edilýär. Olar howpsuzlyk boýunça Ýewropa standartlaryna laýyk gelýär, halkara synaglardan geçirilýär we ähli degişli hil sertifikatlaryna eýe......

10.06.2026 18:39
4.6k+

Lomaý sargyt etmegiň täze tapgyry: telekeçiler «Birligi» saýlaýar

Dükan, market, kafe ýa-da restoran dolandyrýaňyzmy? Onda sizem soňsuz telefon jaňlaryna we araçylara wagt ýitirmegiňizi bes ediň. Telekeçiler eýýäm «Birlik» platformasy bilen satyn alyşyň has amatly görnüşine......