Şotlandiýada 55 sany läheň özüni kenara taşlady: munuň sebäbi näme?

  • 07.03.2026 16:39
  • 23k+

Şotlandiýada 55 sany läheň (kit) özüni kenara urdy. Independent neşiriniň habar bermegine görä, 6-njy mart güni irden bir kişi Treýg-Mor kenaryndaky äpet jandarlary görüp, bu barada polisiýa habar ýetiripdir. Wakanyň bolan ýerine Britaniýanyň deňiz haýwanlaryny halas ediş gullugynyň hünärmenleri geldiler. Olar jemi 55 läheňi hasaba aldylar. Şol wagt olaryň diňe 15-si diri halda ekeni.

Halas ediş çäresini amala aşyrmak örän kyn boldy. Wakanyň bolan ýeri uzakda ýerleşýändigi sebäpli aragatnaşyk ulgamy ýok diýen ýalydy. Şeýle-de, harasatly howa we kenardaky şertler hem işleri has-da kynlaşdyrdy. Netijede, hünärmenler diňe ýekeje kiti deňze gaýtaryp bildiler.

Ilki alymlar bu köpçülikleýin hadysany haýwanlaryň keseli ýa-da suw aşagyndaky güýçli sesler bilen baglanyşdyrdylar. Emma barlaglar läheňleriň aslynda sagdyn ýagdaýda bolandyklaryny görkezdi. Soňra bilermenler kenara zyňylmazdan az salym öň ene läheňleriň biriniň uzak we örän agyr dogrumy geçirendigini anykladylar.

«Grinda läheňleriniň jemgyýetçilik baglanyşygy örän güýçli boýlar. Şol sebäpden, ähtimal, tutuş süri kyn ýagdaýa düşen ene läheňiň yzy bilen suwuň ýalpak ýerine gaýdan bolarly» diýip, hünärmenler belleýär.


17.06.2026 11:34
6.1k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

15.06.2026 22:20
5.8k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 16:12
4.6k+

Ýuwaş ummanynda soňky onýyllyklaryň iň güýçli El-Ninýo hadysalarynyň biri emele geldi

ABŞ-nyň Milli umman we atmosfera barlaglary dolandyryşy (NOAA) we Bütindünýä meteorologiýa guramasy Ýuwaş ummanynyň işjeň El-Ninýo fazasyna girendigini habar berdiler, bu bolsa soňky onýyllyklaryň iň......

09.06.2026 07:41
11k+

Berliniň ýaşaýjylary zäherli gurçuklaryň hüjümine sezewar boldular

Berliniň birnäçe etrabynda meşe (dub) ýüpek gurçugynyň köpçülikleýin ýaýramagy dowam edýär. Şol sebäpli häkimiýetler Şarlottenburg-Wilmersdorf okrugyndaky sport desgalaryny we ýaşyl zolaklary ýapmaga mejbur......