Mbappe sürüjilik şahadatnamasyny aldy we özüne BMW iX3 edindi

  • 09.03.2026 15:36
  • 17k+

«Real Madridiň» hüjümçisi Kilian Mbappe 27 ýaşynda Madridde sürüjilik şahadatnamasyny aldy. Ol özüniň ilkinji ulagy hökmünde awtomat korobkaly doly elektrikleşdirilen «BMW iX3» modelini saýlady.

BMW kompaniýasy Madrid klubunyň hyzmatdaşy bolsa-da, toparyň beýleki oýunçylarynyň arasynda bu modeli Mbappeden başga saýlan ýok.

Mbappeniň täze awtomobilini sürüp, klubyň binasyna gelmegi janköýerleriň we žurnalistleriň arasynda şowhun döretdi. Olar furbolçyny sürüjilik şahadatnamasyny almagy bilen gutladylar. 27 ýaşynda ilkinji gezek özbaşdak ulag sürüp başlan fransuz hüjümçisi bilen bolan bu täzelik metbugatda hem giňden seslenme tapdy. Mundan ozal «Real Madridiň» ýyldyzy diňe şahsy sürüjisiniň hyzmatyndan peýdalanyp gelýärdi.

Şol bir wagtda futbolçynyň öz kakasy Wilfridiň watany bolan Kamerunyň Bonaberi obasyndaky mekdebiň abatlaýyş işlerini maliýeleşdirendigi barada hem habar berildi. Mbappeniň bölüp beren serişdeleriniň hasabyna mekdebiň daşky görnüşi we synp otaglary täzelendi, şeýle hem okuwçylaryň futbol we basketbol oýnamagy üçin täze sport meýdançasy guruldy. Fransuz hüjümçisi bu habar barada beren teswirinde özüniň afrikan däp-dessurlaryna berk baglydygyny we maşgalasy bilen baglanyşykly jemgyýetlere goldaw bermek isleýändigini aýratyn nygtady.

2024-nji ýylda «Real Madride» geçen Mbappeniň bu asylly ädimi sport hem-de ynsanperwerlik dünýäsinde uly gyzyklanma döretdi.


03.04.2026 20:48
12k+

Messi, Ronaldu, Mbappe we Winisius bir wideoda LEGO-nyň täze toplumynyň mahabatynda düşdüler

Futbol ýyldyzlary — Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu, Kilian Mbappe we Winisius Žunior 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan mahabat wideosyna gatnaşdylar....

16.02.2026 10:36
9.9k+

Kim köp gazanýar, Holandmy ýa Mbappe? Transfermarkt hasabyny çykardy

Futbolçylaryň transfer bahasyny bahalandyrmak boýunça ýöriteleşen Transfermarkt portaly Ýewropanyň öňdebaryjy çempionatlarynyň iň köp hak alýan oýunçylarynyň reýtingini hödürledi. Reýtingde birinji orny «Mançester Siti» toparynyň hüjümçisi Erling Holand eýeledi...

06.02.2026 15:18
12k+

Mbappe ejesine ýylda 4,5 million ýewro iş hakyny töleýär

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Kilian Mbappe her ýyl ejesi Faýza Lamariýä 4,5 million ýewro möçberinde iş hakyny töleýär. Bu barada derbyderbyderby.it portaly habar berýär. Portalyň maglumatyna görä, bu mukdar futbolçynyň girdejisiniň takmynan 30%-ine barabar...

29.01.2026 09:44
8.7k+

Mbappe ÇL-de Ronaldunyň rekordyny täzeledi, Lewandowski Messiniň üstünligini gaýtalady

Madridiň «Real» toparynyň hüjümçisi Kilian Mbappe UEFA Çempionlar ligasynyň umumy/toparlaýyn tapgyrynda iň köp gol geçirmek boýunça rekordy täzeledi.   Fransiýaly hüjümçi Çempionlar ligasynyň umumy tapgyrynyň 8-nji turunda «Benfika» toparyna garşy geçirilen oýunda dubl etdi...