Mbappe ejesine ýylda 4,5 million ýewro iş hakyny töleýär

  • 06.02.2026 15:18
  • 12k+

Fransiýanyň milli ýygyndysynyň we Madridiň «Realynyň» hüjümçisi Kilian Mbappe her ýyl ejesi Faýza Lamariýä 4,5 million ýewro möçberinde iş hakyny töleýär. Bu barada derbyderbyderby.it portaly habar berýär.

Portalyň maglumatyna görä, bu mukdar futbolçynyň girdejisiniň takmynan 30%-ine barabar. Mbappe bu puly ejesine bitiren işleri, şol sanda menejerlik  hyzmaty üçin minnetdarlyk hökmünde şahsy öz adyndan töleýär.
Ýeri gelende bellesek, Lamariniň girdejisi «Real Madridiň» köp sanly oýunçylarynyň aýlygyndan hem ýokarydyr. Arda Güler, Braim Dias, Raul Asensio, Franko Mastantuono, Gonsalo Garsiýa, Andreý Lunin, Endrik we Fran Garsiýa ýaly futbolçylar hem beýle uly möçberde aýlyk almaýarlar.
Mbappe bu hakda, ejesiniň başda öz girdejisiniň 50%-ini almak isländigini, emma özüniň oňa: «Gollary men salýan ahyry» diýendigini degişmä salyp gürrüň beripdi.
Faýza Lamari futbolçynyň durmuşynda we karýerasynda esasy şahs hasaplanýar. Oglunyň ilkinji üstünliklerinden soň, maşgalada wezipeler bölünipdir: kakasy Wilfrid onuň sport taýýarlygyna jogap berse, ejesi agentlik işlerini we maliýe meselelerini öz boýnuna alýar.
2011-nji ýylda Mbappeniň «Çelsi» toparynda synagda bolan wagty bilen bagly bir ýörgünli waka hem bar. London kluby Mbappe bilen şertnama baglaşmak isläp, ýöne bu babatda haýal-ýagallyk edeninde gepleşikler örän kesgin ýagdaýda tamamlanypdyr. Ispaniýanyň «Marca» neşiriniň maglumatyna görä, şonda Kilianyň ejesi: «Beýtmäňiz bolanok! Biz indi gelmeýäs. Eger ony almak isleseňiz, häzirden hereket ediň! Bäş ýyldan soň siz onuň üçin 50 million ýewro tölemeli bolarsyňyz» diýip, olara aýgytly jogap berýär.
2015-nji ýylda Faýza Lamari oglunyň karýerasyny ösdürmek üçin KEJWF kompaniýasyny esaslandyrdy. 2023-nji ýylda onuň ady Interconnected Ventures diýlip üýtgedildi. The Athletic neşiri girdejisini yzygiderli artdyrýan bu kompaniýanyň prezidentiniň hem Lamaridigini belleýär. 


şu gün 13:51
2k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
7.9k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......