Messi, Ronaldu, Mbappe we Winisius bir wideoda LEGO-nyň täze toplumynyň mahabatynda düşdüler

  • düýn 20:48
  • 3.8k+

Futbol ýyldyzlary — Lionel Messi, Kriştianu Ronaldu, Kilian Mbappe we Winisius Žunior 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna bagyşlanan mahabat wideosyna gatnaşdylar.

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) we LEGO konstruktor öndürijisi bilelikdäki kampaniýanyň çäginde täze tapgyry tanyşdyrdylar. Gysga wideoda oýunçylar özleriniň kiçeldilen şekiljiklerini Dünýä kubogynyň modeliniň üstünde ýerleşdirmäge synanyşyp, özara bäsleşýärler. Bu wideo sosial ulgamlarda çalt ýaýrady: ilkinji sagatlarda oňa bir milliondan gowrak adam tomaşa etdi.

Täze topluma "Football Highlights" diýlip at berildi. Her bir figura oýunçynyň adynyň baş harpy görnüşinde bezelen podstawkada ýerleşdirilipdir. Dizaýnda milli ýygyndylaryň reňkleri, oýunçylaryň belgileri we atly tagtajyklar ulanylypdyr.

Esasy ýyldyzlar — Messi we Ronaldu üçin has çylşyrymly toplumlar taýýarlanyldy. Olary iki görnüşde – Ronalduny — ýa özüniň goluny dabara edýän meşhur pursatynda, ýa-da asmana böküp, arkasy bilen urýan pursatynda; Messini bolsa — gol urandan soňra elini galdyryp duran pursatynda gurap bolýar. Aýratyn bellemeli zat, iň uly toplum 1400-den gowrak bölekden ybarat bolup, ondan argentinaly oýunçynyň milli ýygyndynyň formasyndaky diwar üçin niýetlenen 3D şekili guralýar.

Söwdalary "LEGO" resmi dükanlary, FIFA-nyň fan-zonalary we dünýä çempionaty bilen bagly çäreler arkaly amala aşyrmak meýilleşdirilýär. Bu taslama taraplaryň 2025-nji ýylyň ahyrynda baglaşan ylalaşygynyň dowamy boldy. Şol wagt kompaniýa eýýäm Dünýä kubogynyň hakyky ölçegdäki modelini hödürläpdi, mahabat işlerine bolsa dürli ýyllaryň çempionlary gatnaşypdy.

FIFA-nyň çaklamasyna görä, "LEGO" bilen hyzmatdaşlyk ýaryşyň tomaşaçylar sanyny, esasan hem ýaşlaryň hasabyna 20–30% artdyryp biler. Hyzmatdaşlygyň täjirçilik tarapyna gelsek, mart aýynda FIFA DÇ-2026-nyň ähli hemaýatkärlik orunlarynyň satylandygyny habar berdi. Umumylykda, ýaryşyň hemaýatkärlik maksatnamasy 16 orny öz içine alyp, gurama ondan 1,8 milliard dollar gazanmagy meýilleşdirýär — bu bolsa çaklanylýan ýyllyk 8,9 milliard dollar girdejiniň takmynan 20%-ine deňdir. Umuman, häzirki dört ýyllyk tapgyryň ahyrynda (2023–2026 ýý.) FIFA rekord derejedäki 13 milliard dollar girdeji almagy tama edýär.

LEGO üçin bu sport dünýäsindäki ilkinji tejribe däl. Mundan ozal kompaniýa «Formula-1» bilen hyzmatdaşlyk edip, hatda ýüzlerçe müň bölekden ulaglaryň doly ölçegdäki nusgalaryny döredipdi.

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionaty ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçiriler we ol 48 ýygyndynyň gatnaşmagynda taryhyň iň iri ýaryşy bolar. Ýatladyp geçsek, 2022-nji ýylda Katarda geçen dünýä çempionatynda Argentina penaltiler tapgyrynda Fransiýany ýeňip (4:2), çempion bolupdy.


düýn 23:07
1k+

Gattuzo Italiýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden çekildi, ýurduň Futbol Federasiýasynyň başlygy hem yzyna eýerdi

Italiýanyň milli ýygyndysy Jennaro Gattuzonyň baş tälimçi wezipesinden gidýändigini yglan etdi. Bu karar topar 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna gatnaşmaga hukuk gazanmak ugrundaky soňky pleý-off oýnunda......

düýn 19:30
1.6k+

Türkmenistanyň futbol boýunça Ýokary ligasynyň täze möwsümine badalga berilýär

2026-njy ýylyň 4-nji aprelinde futbol boýunça Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň täze möwsümi resmi taýdan başlanýar. Nobatdaky çempionatda sekiz topar — «Arkadag», «Ahal», «Altyn Asyr», «Şagadam», «Nebitçi»,......

02.04.2026 19:36
4.2k+

Iňlis janköýerleriniň 91%-i VAR ulgamyna garşy çykyş etdi

Angliýadaky futbol janköýerleriniň agramly bölegi eminlere wideogözegçilik kömegi ulgamynyň (VAR) ulanylmagyna oňaýsyz baha berýärler. Bu barada Futbol janköýerleriniň birleşiginiň geçiren pikir soraşmasynyň......

02.04.2026 14:36
9.2k+

FIFA ýygyndylaryň reýtingini täzeledi: Fransiýa indi birinji. Türkmenistan üçin näme üýtgedi?

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) milli ýygyndy toparlaryň reýtingini 2026-njy ýylda ikinji gezek täzeledi (birinji täzelenme ýanwar aýynda bolupdy). Täze sanaw guramanyň resmi sahypasynda ýerleşdirildi....