Tramp Ak tamda Messini kabul etdi we onuň Peleden hem üstündigini ykrar etdi

  • 06.03.2026 10:10
  • 18k+

«Inter Maýami» klubynyň hüjümçisi we kapitany Lionel Messi, Ak tamda geçirilen dabaraly kabul edişlik wagtynda ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp bilen duşuşdy. Çäre klubyň Futbol boýunça ýokary ligasyndaky (MLS) ýeňşine bagyşlanyp geçirildi. Penşenbe güni geçen bu duşuşyk Ak öýüň jemgyýetçilik torlaryndaky resmi hasaby arkaly göni ýaýlymda görkezildi.

Argentinaly futbolçy dabara geçirilýän zala Tramp bilen bilelikde girdi. Ol ýerde olara «Inter Maýaminiň» beýleki oýunçylary we tälimçisi garaşyp durdy.

Duşuşygyň dowamynda Tramp žurnalistleriň öňünde çykyş etdi. Prezident oýunçylary gazanan üstünlikleri bilen gutlady, şeýle hem özüniň 19 ýaşly ogly Barron bilen bolan gürrüňi barada aýdyp berdi.

«Munuň ýaly zady aýtmak hiç bir amerikan prezidentine nesip etmändi: Ak tama hoş geldiň, Lionel Messi! Oglum Barron: “Kaka, şu gün ol ýere kimiň barýanyny bilýäňmi?” diýip sorady. Men: “Ýok, işim kän” diýdim. Ol bolsa: “Messi!” diýdi. Ol seniň uly janköýeriň. Ol seni beýik adam hasaplaýar... Ol futbolyň we seniň janköýeriň... ýene-de Ronaldu diýen jenabymyz bar. Kriştianu — beýik. Sen hem — beýik» diýip, Tramp gelenlere gürrüň berdi.

ABŞ-yň prezidenti futbolça çakylygy kabul edendigi üçin minnetdarlyk bildirdi.

«Geleniň üçin sag bol! Menin pikirimçe, toparyň ähli futbolçylarynyň arasynda Messi aýratyn basyş astynda oýnady, sebäbi ondan hemme ýerde diňe ýeňişlere garaşylýar. Ol ýene-de bir gezek özüniň hakyky çempiondygyny subut etdi hem-de ABŞ-da tituly gazandy» diýip, prezident argentin futbolçysyna hormat bildirdi.

Tramp şeýle hem braziliýaly meşhur futbolçy Peleni ýatlap geçdi we öz wagtynda onuň «Nýu-Ýork Kosmos» toparyndaky oýunlaryna tomaşa edendigini aýtdy.

«Munuň ýaly zady aýtmak maňa gelişmeýän bolmagam ahmal, sebäbi ýaşym eýýäm bir çene bardy, ýöne men Peleniň oýunlaryny görüpdim. Pele futbolda örän gowy oýunçydy. Aýdyň hany, siziň pikiriňizçe haýsysy has gowy: Pelemi ýa-da Messi? Pele gowudy. Ýöne, meniň pikirimçe, ol [Messini görkezýär] has gowy» diýip, Tramp pikirini paýlaşdy.

Duşuşygyň dowamynda Messi prezidente simwoliki sowgat — toparyň nyşany bolan gülgüne reňkli futbol topuny gowşurdy. Klubyň eýelerinden biri Horhe Mas we tälimçi Hawýer Maskerano bolsa prezidente toparyň futbolkasyny we sagat sowgat etdiler.

Messi amerikan toparynda 2023-nji ýylyň tomsundan bäri çykyş edýär. Onuň bilen «Inter Maýami» finalda «Wankuwer Waýtkeps» toparyny 3:1 hasaby bilen ýeňip, 2025-nji ýylda MLS-iň çempionlygyny gazandy. Bu kubok toparyň taryhyndaky ilkinji çempionlyk boldy.


düýn 14:15
7.9k+

Dünýä çempionaty – 2026-nyň 12-nji güni: Messi – çempionatyň iň gowy bombardiri, 4 oýunçynyň birbada dubly

2026-njy ýyldaky futbol boýunça dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji duşuşyklary dowam edýär. Ýaryşyň 12-nji gününde dört futbolçy – Lionel Messi, Kilian Mbappe, Erling Holand we Ismaila Sarr dubl......

22.06.2026 15:58
12k+

DÇ-2026: üçünji orny alan toparlardan haýsysy 1/16 finala çykar? Geliň, düşünişeliň!

2026-njy ýyldaky dünýä çempionatynda ilkinji gezek 48 ýygyndy çykyş edýär. Ýaryşyň giňeldilen tertibi sebäpli, pleý-off tapgyryna (1/16 finala) 32 topar çykar. Indiki tapgyra gatnaşmak hukugyny 12 toparçanyň......

22.06.2026 14:40
4k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

22.06.2026 13:42
5.7k+

DÇ-2026: Ýamalyň we Kabo-Werdäniň ilkinji gollary, Belgiýa ýene-de utuk ýitirýär

​Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji böleginiň duşuşyklary dowam edýär. Bu tapgyr eýýäm bäsleşik başlamanka hünärmenleriň çaklamalarynyň diňe çaklama bolup......