Polşanyň tokaýlarynda gizlenip galan orta asyr şäherçesi tapyldy

  • 09.03.2026 16:49
  • 22k+

Arheologlar Polşanyň günorta-gündogarynda örän gowy saklanan Kaplonosy Koloniýa – orta asyr şäherçesini ýüze çykardylar. Bu taryhy ýadygärlik Wlodawa şäheriniň golaýyndaky gür tokaýlaryň içinde nije asyrlap adam nazaryna ilmän saklanyp galypdyr.

Geçirilen barlaglar toplumyň çäklerinde toprakdan ýasalan goranyş diwarlarynyň, garymlaryň we gadymy binalaryň yzlarynyň bardygyny görkezdi. Şeýle hem arheologlar pyçaklardan, ok uçlaryndan, şaý-seplerden we keramika önümlerinden ybarat köp sanly tapyndylaryň hem üstünden bardylar.  Bu taryhy gymmatlyklar X–XIII asyrlarda bu ýerde ýaşan adamlaryň durmuşyny has gowy öwrenmäge ýardam eder.

Alymlaryň bellemegine görä, desganyň şunça wagt geçse-de gowy saklanmagy tebigy şertler bilen baglydyr. Tokaýlyk we batgalyk ýer asyrlar boýy bu şäherçäni zaýalanmakdan we adam-garadan gorap saklapdyr.

Gözlegçiler täze tapyndyny Polşanyň günorta-gündogar arheologiki kartasyndaky «örän üýtgeşik we täsin ýer» diýip atlandyrýarlar. Olaryň çaklaýyşyça, Kaplonosy Koloniýa toplumy irki orta asyrlara degişli bolan harby goranyş desgasydyr.


19.06.2026 20:02
1.3k+

Kitaplar, Sena derýasy we dijeýleriň çykyşy: Notr-Dam ybadathanasynyň ýanynda suwüsti kitap dükany açyldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň eteginde, Monbello kenarýakasynda «Nanna» atly ýük gämisi duralga aldy. Suw üstündäki bu täsin kitaphanada 5 000-den gowrak kitap bar. Euronews-iň habar bermegine görä,......

19.06.2026 19:49
4k+

Saud Arabystanynda ilkinji halyflaryň biriniň ady ýazylan ýazgylar tapyldy

Saud Arabystanynyň Al-Mahd welaýatynda arheologlar yslam taryhynyň ikinji halyfy Omar ibn al-Hattabyň ady ýazylan gaýa ýazgylaryny tapdy....

18.06.2026 22:30
3.8k+

Luwr talaňçylykdan soň çökgünligi başdan geçirýär: ýüzlerçe million ýewro gerek

Parižiň Luwr muzeýi geçen güýzde bolup geçen uly seslenme döreden talaňçylykdan soň çuňňur çökgünlik ýagdaýyny başdan geçirýär. Edaranyň ýolbaşçysy Kristof Leribo «Le Monde» neşirine beren interwýusynda......

18.06.2026 11:17
4.8k+

Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagy Filippinlerdäki tebigy betbagtçylyk bilen baglanyşdyryldy

Filippinlerde 1640-njy ýylda bolup geçen Parker wulkanynyň atylmagy Hytaýda Min nesilşalygynyň synmagyna täsir eden esasy şertleriň biri bolup biler. Bern uniwersitetiniň Taryh institutynyň gözlegçisi Riçard......