«Ak Işan» aramgähine mugt awtobus gatnawlary ýola goýuldy

  • 05.03.2026 17:06
  • 16k+

Ahal welaýatynyň Bäherden etrabyndaky «Ak Işan» aramgähine zyýarat etmek isleýän raýatlar üçin «Awtomobil ulag hyzmaty» AGPJ tarapyndan «Sarwan» hususy kärhanasynyň goldawy bilen haýyr-sahawat maksatly tölegsiz awtobus gatnawlary başlandy.

Bu ýörite gatnawlar 2026-njy ýylyň 1-nji martyndan 26-njy apreli aralygynda, her hepdäniň dynç günleri zyýaratçylara hyzmat eder.

Tertipnama laýyklykda, awtobuslar Aşgabat şäheriniň «Wokzal» awtoduralgasyndan sagat 08:00-da ugraýar we aramgähden paýtagta tarap sagat 15:00-da yzyna gaýdýar.

Gatnawlar barada has giňişleýin maglumat almak isleýän raýatlar +99361-49-34-95 ýa-da 44-35-20 telefon belgileri arkaly habarlaşyp biler.


25.06.2026 20:02
7.4k+

BAE-de ilkinji gezek ýolagçy otly gatnawy ýola goýulýar

Birleşen Arap Emirliklerinde 2026-njy ýylyň 30-njy iýunyndan başlap, ilkinji gezek yzygiderli ýolagçy otly gatnawlary hereket edip başlar. Etihad Rail ýolagçy liniýasynyň açylmagy ýurduň ähli ýedi emirligini......

24.06.2026 10:10
5k+

Stambul düzgüni bozýan taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanýar

Stambulyň häkimiýeti şäheriň merkezinde taksi sürüjilerini gözegçilikde saklamak üçin dronlary ulanmaga başlady diýip, Stambulyň taksiçiler palatasynyň dolandyryjy geňeşiniň wekili Günger Petekiň sözlerine......

23.06.2026 19:04
8.7k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....

20.06.2026 19:55
12k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...