Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi  

  • 05.03.2026 06:25
  • 15k+

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň ýanwar–fewral aýlarynda bitiren işleriniň netijelerine seredildi diýip, TDH habar berýär.

Duşuşygyň dowamynda edaralaryň ýolbaşçylary Ýaragly Güýçleri ösdürmegiň maksatnamasynda bellenilen wezipeleriň ýerine ýetirilişi, sanly ulgamlaryň ornaşdyrylyşy we harby düzümleriň maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilmegi barada hasabat berdiler.

Mejlisde Milli goşunymyzy döwrebaplaşdyrmak, konstitusion gurluşy goramak we hukuk tertibini üpjün etmek meselelerine aýratyn üns berildi. Türkmenistanyň goranmak, içeri işler, milli howpsuzlyk ministrlikleriniň we beýleki edaralaryň ýolbaşçylary işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak hem-de harby gullukçylaryň durmuş-ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmak boýunça görülýän çäreler barada maglumat berdiler.

Döwlet Baştutany Türkmenistanyň goranyş häsiýetli Harby doktrinasyna laýyklykda, ýurduň goranmak ukybyny berkitmek, howpsuzlygyny we çäk bitewüligini ýokary derejede üpjün etmek, Watan goragçylarynyň we olaryň maşgala agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça yzygiderli çäreleriň durmuşa geçirilýändigini aýtdy hem-de bu işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini belledi.

Hasabatlaryň netijeleri boýunça Türkmenistanyň Prezidenti Ýaragly Güýçleri ösdürmek üçin dünýäniň öňdebaryjy tejribesini işjeň öwrenmegi, kanunlaryň ýerine ýetirilişine berk prokuror gözegçiligini üpjün etmegi, hukuk bozulmalarynyň we ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almagy güýçlendirmegi, şeýle hem kazyýet ulgamynyň netijeliligini ýokarlandyrmagy tabşyrdy.

Döwlet Baştutany şeýle hem döwlet serhetlerini dost-doganlyk serhedi hökmünde ygtybarly goramagyň, gümrük gözegçiligini kämilleşdirmegiň, halkara tejribäni ulanmak arkaly hukuk binýadyny döwrebaplaşdyrmagyň, migrasiýa hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagyň, ähli ugurlarda sanly ulgamy ornaşdyrmagyň zerurdygyny belledi.


şu gün 07:51
1.4k+

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Pekinde geçirilýän okuw maslahatyna gatnaşýar

Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň hemişelik komiteti tarapyndan Pekin şäherinde 22-28-nji iýun aralygynda guralýan «Kanun çykaryjy edaralaryň......

düýn 23:05
1.8k+

Raşid Meredow diplomatik işini tamamlaýan Germaniýanyň ilçisi bilen duşuşdy

24-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow Germaniýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Bernd Haýns bilen duşuşyk geçirdi. Bu duşuşyk......

düýn 16:45
1k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Wenada OPEK Gaznasynyň Ösüş forumyna gatnaşýar

23-nji iýunda Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti Awstriýanyň Wena şäherinde geçirilýän OPEK Gaznasynyň......

23.06.2026 22:17
2.2k+

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......