«Realyň» oýunçylarynda yzly-yzyna gaýtalanýan şikes sebäpli içki derňew başlandy

  • 05.03.2026 15:20
  • 15k+

Madridiň «Real» topary oýunçylarynyň nobatdaky agyr şikesinden soň içki derňew işlerini başlady. El Mundo neşiriniň habar bermegine görä, muňa hüjümçi Rodrigonyň dyz siňriniň üzlüp, uzak wagtlap hatardan çykmagy sebäp boldy.

Maglumatlara görä, 2023-nji ýyldan bäri klubyň futbolçylary ýedi gezek dyz siňirleriniň üzülmegi bilen bagly agyr şikese sezewar bolupdyr. Bu şikesleriň altysy «Santýago Bernabeu» stadionynda we toparyň türgenleşik bazasynda ýüze çykdy. Indi klub bu ýagdaý häki bir tötänlikmi ýa-da onuň aňrysynda başga sebäpler (meýdançanyň hili, türgenleşik usuly we ş.m.) barmy diýen soraga jogap tapmak isleýär.

Şol bir wagtyň özünde Kilian Mbappeniň saglyk ýagdaýy hem ara alnyp maslahatlaşylýar. Cadena SER neşiriniň maglumatyna görä, klub fransiýaly ýyldyzyň Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda «Mançester Siti» bilen boljak jogap duşuşygyna çenli aýaga galyp biljekdigine ynanýar. Emma hüjümçiniň ýakynlary onuň ýagdaýynyň has agyrdygyny belleýärler.

Olaryň pikiriçe, bu duşuşykda oýnamak futbolçynyň saglygy üçin uly töwekgelçilik bolup biler. Çeşmeler Mbappeniň öň hem birnäçe gezek şikesli ýagdaýda oýna çykandygyny, emma Dünýä çempionatynyň öňüsyrasynda ýagdaýyny öňküden-de agyrlaşdyrmak islemeýändigini aýdýarlar.

Ispaniýanyň çempionatynyň ýaryş jedwelinde «Real» häzirki wagtda ikinji orunda barýar we «Barselonadan» 4 utuk yza galýar. Alwaro Arbeloanyň şägirtleri nobatdaky duşuşygyny 6-njy martda myhmançylykda «Selta» garşy geçirer.


düýn 00:17
8.1k+

«Barselona» «Realyň» prezidenti Florentino Peresi kazyýete berdi

«Barselona» futbol kluby Madridiň «Real» toparynyň prezidenti Florentino Peresiň üstünden kazyýete şikaýat etdi. Kataloniýanyň kluby madridli telekeçiniň kemsidiji we göwne degiji sözleri üçin jogap bermegini......

02.06.2026 17:37
4.8k+

Forbes: «Real» sport taryhyndaky iň köp girdeji gazanan klub boldy

Madridiň «Real» topary 2024/25-nji ýyl möwsüminiň jemleri boýunça 1,265 milliard dollar möçberinde girdeji gazanyp, sportuň ähli görnüşleriniň klublarynyň arasynda täze rekord goýdy....

01.06.2026 19:25
6.8k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

30.05.2026 11:32
7.8k+

«Real» 7-nji iýunda klubuň prezidentini saýlar: Peresiň indi bäsdeşi bar

Madridiň «Real» futbol klubunyň prezidentiniň saýlawlary 7-nji iýunda geçiriler. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär....