«Real» 7-nji iýunda klubuň prezidentini saýlar: Peresiň indi bäsdeşi bar

  • 30.05.2026 11:32
  • 7.9k+

Madridiň «Real» futbol klubunyň prezidentiniň saýlawlary 7-nji iýunda geçiriler. Bu barada klubuň resmi saýtynda habar berilýär.

Klubuň häzirki prezidenti Florentino Peres oza topar yzygider iki möwsümi titulsyz geçirenden soň, möhletinden öň saýlawlaryň geçiriljekdigini mälim etdi. Ol 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlanypdy.

Bu gezekki saýlawlarda Peresiň bäsdeşi peýda boldy — ol işewür Enrike Rikelmedir. Belläp geçsek, 2009-njy ýyldan bäri «Real Madrid» klubunyň prezident saýlawlary diňe ýekeje dalaşgär bilen geçirilip gelinýärdi.

Florentino Peres häzir 79 ýaşynda. Ol patyşalyk klubuna ilki 2000-nji ýyldan 2006-njy ýyla çenli ýolbaşçylyk etdi, soňra 2009-njy ýylda gaýtadan prezidentlige saýlandy. Onuň ýolbaşçylyk eden ýyllarynda «Real Madrid» topary 7 gezek Ispaniýanyň çempiony boldy, 3 gezek ýurduň Kubogyny we 7 gezek Ispaniýanyň Superkubogyny gazandy. Şeýle hem, Madridiň kluby 7 gezek UEFA-nyň Çempionlar ligasynyň ýeňijisi boldy, 6 gezek UEFA-nyň Superkubogyny, 5 gezek Klublaýyn dünýä çempionatyny we 2 gezek Yklymara kubogyny eýelemegi başardy.


düýn 17:01
5.4k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

düýn 14:17
5.6k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....

18.06.2026 14:25
14k+

DÇ-2026-nyň 7-nji güni: Portugaliýanyň şowsuzlygy, Keýniň dubly we Özbegistanyň taryhy goly

Futbol boýunça Dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň birinji tapgyry tamamlandy. Tapgyr köp garaşylmadyk netijelere baý boldy. Muny geçen oýun güni hem tassyklady....

18.06.2026 10:36
4k+

«Real» Bernardo Silwany alandygyny mälim etdi

Madridiň «Realy» ýarymgoragçy Bernardo Silwanyň toparyna goşulandygyny yglan etdi. Portugaliýaly futbolçy şertnamasynyň möhleti tamamlanandan soň «Mançester Sitini» terk etdi we karýerasyny Ispaniýada dowam......