Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

  • 01.06.2026 19:25
  • 7.4k+

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi.

Bu täze baýrak Çempionlar ligasynda uly öňegidişlik görkezen ýaş oýunçylaryň bitiren hyzmatlaryny bellemek maksady bilen döredildi we «Realyň» 21 ýaşly ýarymgoragçysy 2025/26 möwsüminde öňe tarap uly ädim ätdi.

Eger öňki ýaryşda Güler ýedi duşuşykdan diňe birinde esasy düzümde meýdança çykan bolsa, bu gezekki möwsümde ol jemi 14 duşuşygyň 13-üsinde başlangyç düzümde peýda boldy. Çempionlar ligasynyň 2024/25 möwsüminde Türkiýäniň milli ýygyndysynyň pleýmeýkeri meýdançada 142 minut oýnady, ýaňy-ýakynda tamamlanan täze möwsümde bolsa 1030 minut çykyş etdi.

Şeýlelikde, Güler umumy tapgyryň oktýabr aýynda «Ýuwentusa» garşy geçirilen duşuşykda ajaýyp oýun görkezdi. Şol agşam türk futbolçysy Madridiň ýarym goragyna getiren gözegçiligi we döredijiligi üçin «Oýnuň iň gowy oýunçysy» diýlip saýlandy.

Güler möwsümi dört assist we Çempionlar ligasyndaky ilkinji iki goly bilen tamamlady, ol bu gollaryny dörtden bir finalyň jogap duşuşygynda «Bawariýanyň» derwezesine girizdi.

UEFA «Möwsümiň açyşy» baýragyny öňki «Möwsümiň iň gowy ýaş oýunçysy» baýragynyň deregine döretdi we ol möwsümiň dowamynda ýokary derejede oýun görkezip, uly ösüş gazanan futbolçylara berler. Öňki baýrak, köplenç, ýaşdygyna garamazdan, eýýäm dünýä derejesinde özüni zehin hökmünde tanadan oýunçylara berilýärdi. Täze baýragy almak üçin möwsüm başlan pursatynda dalaşgärleriň ýaşy 21-den geçmeli däl, baýragy bolsa diňe bir gezek alyp bolýar: öňki ýeňijiler dalaşgär görkezilmeýär.

«Möwsümiň iň gowy ýaş oýunçysy» baýragynyň öňki eýeleri:

  • 2024/25: Dezire Due («Pari Sen-Žermen»)
  • 2023/24: Jud Bellingem («Real»)
  • 2022/23: Hwiça Kwarasheliýa («Napoli»)
  • 2021/22: Winisius Žunior («Real»)

düýn 15:42
6k+

DÇ-2026: Germaniýa pleý-offda, Kýurasaonyň taryhy utugy we Tunisiň ýaryşdan çykmagy

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda toparçalaýyn tapgyryň ikinji tapgyrynyň duşuşyklary dowam edýär. Gyzykly we barlyşyksyz göreşe baý bolan oýunlar eýýäm ýaryşyň ilkinji ýeňijilerini we ýeňiji......

20.06.2026 20:28
12k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

20.06.2026 14:48
12k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.9k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......