Dowamy. Beýleki bölümleri şu salgylardan okap bilersiňiz:
- Giriş — 1-nji bölüm
- 2-nji bölüm
- 3-nji bölüm
- 4-nji bölüm
- 5-nji bölüm
- 6-njy bölüm
- 7-nji bölüm
- 8-nji bölüm
- 9-njy bölüm
- 10-njy bölüm
- 11-nji bölüm
- 12-nji bölüm
- 13-nji bölüm
- 14-nji bölüm
- 15-nji bölüm
- 16-njy bölüm
- 17-nji bölüm
- 18-nji bölüm
ÖNÜMI ÝAKYNLARYŇYZA ÝA-DA DOSTUŇYZA SATANYŇYZDAN SOŇRA ÝERINE ÝETIRILMELI ÄDIMLER
Şol wagtlar, men iň bolmanda birje maşyny satyp bilmelidim, emma menden maşyn satyn alyp biläýjek ne Garri daýym, ne-de daýzam, ne-de bir ýakynym, dostum bardy. Ýokarda aýdyşym ýaly, bir maşyny hökman ýerlemelidim. Şol wagt meniň bagtyma, ýolda Koka-kola satýan bir oglana gabat geldim. Kimem bolsa, bu wagt ol nirelerde gezip ýörenem bolsa, şoňa Taňryýalkasyn aýdýaryn. Mundan soň bolsa size öň bir gezekde aýdan geljekki müşderilerimiň sanawy döredi. Detroýtyň telefon kitapçasyndan 4 sahypany — iki ak we iki sary sahypany goparyp alypdym. Bularyň biri edara-kärhanalaryň, söwda nokatlarynyň salgysy, beýlekisi bolsa Detroýtly ýaşaýjylaryň öý telefonlarynyň belgileridi. Hat stolumy hem bir telefon bezäp durdy.
Ol wagtlar men ýaňy işe girişipdim, öwrenjedim, meniň üçin söwda-satuw etmegiň ýeke-täk ýoly — ýokarda agzalan klubda bolmakdy, ornumda iki ýana gezmeläp ýörmelidim, gürrüň berere hekaýalar düzmelidim, nobatym ýetende gapydan girjek indiki müşderä sary-sadylla bolup garaşyp durmalydym. Men söwda diňe şeýdip edilýändir öýdýärdim. Mundan başga-da hiç wagt beýlekileriň gezegini almajakdygyma, öz nobatyma kaýyl boljakdygyma başlygymyza söz beripdim. Beren sözümi hem pugta tutýardym. Ýöne muňa derek meniň elimde geljekki müşderilerimiň sanawy bardy. Siz meniň telefon kitapçasynyň sahypasyndaky sanaw bilen hereket edendigime ynanmarsyňyzam. Garaz, size bir täzeligim bar: men hut şolar ýalam etdim. Islendigiňiz bilen jedelem edip bilerin: durmuşda has gowy gazanmak üçin, gerek bolsa, şu günem şeýderdim.
«Köçeden tapylan telefon sanawy» boýunça geljekki müşderileri agtarmak — bu ep-esli wagtyňy gereksiz bir işe sarp etmek diýip, dawa-jedel etmek aňsatdyr. Bu dogry. Köp telefon belgiler-ä hiç jaň almazlar, käbirleri öçürilendir, käbir adamlar siziň näme hakda gürrüň edýändigiňize düşünmeýärlerem, käbirleri bolsa seniň gürleýän diliňe asla düşünenoklar. Muňa garamazdan, siz barybir dogry hereket edýärsiňiz, olaryň birinden-biri size jogap berer, şeýdip netijeli bolar we işler öňe ilerlär. Eger-de birnäçe minutlap ýa-da sagatlap boş wagtyňyz peýda bolaýsa, onda özüňizi mejbur edip, birnäçe telefon belgilerine jaň aýlap bilersiňiz. Dogry, olaryň hemmesi garaşýan jogabyňyzy bermezler, emma içinden biri hut siziň diýýäniňiz bolup biler. Şeýdip, rysgal gapysyny giňden açyp berjek geljekki täze müşderiniň üstünden bararsyňyz. Her niçigem bolsa, muňa sarp edilen güýç burnuňy dörjeläp oturmakdan ýa-da çilimhanada ýoknasyz degişmeleri eşitmekden has peýdaly bolup biler.
Müşderiler bilen aragatnaşygy ýola goýmakda «Köçeden tapylan belgiler» esasynda jaňlaşmakdan has öndürijilikli ýene birnäçe usullary bardyr. Emma başga has gowy usuly heniz kellä gelmeýän bolsa, onda boş oturanyňdan, bagtyňy synap göreniň — telefon belgilerine jaň edip, barlap göreniň has netijelidir.
Biz entek geljekki müşderiler bilen aragatnaşygy, köprini ýola goýmagyň, müşderiler akymyny döretmegiň, olary hakyky müşderilere öwürmegiň ulgamlary hakynda-da ýakynda gürrüň ederis. Men ýöne sizi edil şu wagt, iň bolmanda telefon kitapçasy boýunça yzygiderli jaň edip, synanyşyp görmegiň hiç zat etmän oturmakdan has gowudygyna ynandyrmak isleýärin.
Şonuň üçin eliňizde heniz geljekki müşderileriň sanawy ýogam bolsa, eliňize telefon kitapçasyny alyň. Eger siz ýörite telefon kitapçasy bolan şäheriň töwereginde ýerleşýän bolsaňyz ýa-da öz aýratyn telefon we maglumat kitapçasy bolan özbaşdak etrapda ýaşaýan bolsaňyz, elbetde, bu has gowy. Ýöne eger-de telefon kitapçasy ýok bolsa, muňa-da gynanmaly däl. Meniň telefon kitapçasyndan ugralla goparan sahypalarym boýunça iş salşanym ýadyňyza düşýändirä? Eger şeýtmäge zerurlyk bardyr öýtsem, hatda şu günem şeýderdim: gowy köçeleri hem-de familiýalary gözläp, birnäçe minut wagtymy sarp ederdim. Soň bolsa dessine telefona ýapyşardym.
(dowamy bar).