Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi

  • 09.03.2026 01:39
  • 15k+

Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Gadyr gijesiniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegi teklip etdi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

7-nji martda Arkadag şäherine amala aşyran iş saparynyň dowamynda milli Lider häzirki wagtda mukaddes Oraza aýynyň dowam edýändigini, bu aýda ýurdumyzda we bütin yslam dünýäsinde sogap işleri bitirmegiň asylly däpdigini belledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow agzaçar sadakalaryny bermek däbine eýermegiň möhümdigini nygtady. Ol şu ýyl Gadyr gijesiniň mart aýynyň 15-inden 16-syna geçilýän gijä düşýändigine ünsi çekdi. Şunuň bilen baglylykda, Halk Maslahatynyň Başlygy bu senäniň öňüsyrasynda agzaçar sadakasyny bermegiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Bu çärä hormatly ýaşulularyň, eneleriň, welaýatlaryň ymamlarynyň, din wekilleriniň we ýaşlaryň gatnaşmagyna garaşylýar.


19.06.2026 10:10
3.4k+

Zergär Göwher Nuryýewa Buharada geçen halkara festiwalyň Kubogyna mynasyp boldy

Türkmen zergäri, Suratkeşler birleşiginiň agzasy Göwher Nuryýewa Altyn sapak we zergärçilik hünäri III halkara festiwalynda üçünji orny eýeledi. Bu çäre 15—17-nji maý aralygynda Buhara (Özbegistan) şäherinde......

18.06.2026 22:11
2.4k+

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
7.1k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
4k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......