Dünýäniň iň ýaş milliarderleri kimler?

  • 11.03.2026 20:33
  • 18k+

Forbes 2026-njy ýylda ýaşy heniz 30-a ýetmedik milliarderleriň sanawyny düzdi. Sanawa jemi 35 adam girdi. Olaryň umumy baýlygy 92,4 milliard dollar möçberinde bahalandyrylýar.

Ýaşlaryň aglabasy öz baýlygyny miras arkaly, az sanlysy bolsa telekeçilik ukyplary bilen gazanypdyrdylar.

Reýtingde iň ýokary orunlary eýeleýän ýaş milliarderleriň 5-si bilen tanyş boluň:

Doganlar Del Wekkiolar (Italiýa)

24 ýaşly Luka Del Wekkio we 21 ýaşly Klemente 30 ýaşdan kiçi iň baý milliarderler hasaplanylýar. Doganlaryň hersinde 6,8 mlrd dollar bar. Olaryň baýlygy dünýäniň iň uly äýnek öndürijisi bolan EssilorLuxottica (Ray-Ban we Persol brendleriniň eýesi) kompaniýasynyň paýy bilen baglanyşyklydyr. Bu biznes olara kakasy Leonardo Del Wekkiodan miras galandyr.

Fon Baumbahlaryň maşgalasy (Germaniýa)

Nemes derman kärhanasy bolan Boehringer Ingelheim-yň mirasdüşerleri Maksimilianyň (28 ýaş), Katarinanyň (26 ýaş), Fransyň (24 ýaş) we Ýohannessiň (20 ýaş) hersi 6,6 mlrd dollara eýedir. 1885-nji ýylda düýbi tutulan bu kompaniýa maşgala biznesi hökmünde hereket edýär.

Kewin Dawid Lemann (Germaniýa)

23 ýaşly bu ýigit Ýewropanyň iň uly dermanhana we saglyk harytlary ulgamy bolan dm-drogerie markt-yň 50% paýyna eýelik edýär. Kakasy oňa bu paýy 2017-nji ýylda, Kewin bary-ýogy 14 ýaşyndaka eçilipdir. Häzir onuň baýlygy 4,9 mlrd dollara barabar.

Firoz we Zahan Mistri (Irlandiýa)

Doganlar Hindistanyň ägirt uly konglomeraty bolan Tata Sons-daky paýlaryny 2022-nji ýylda, kakalary Saýrus Mistri awtoheläkçilikde ýogalandan soň miras aldylar. Tata konglomeraty awtoulaglardan başlap, zergärçilik önümlerine çenli dürli ugurlarda işleýär.

Aleksandra Andresen (Norwegiýa)

2,5 mlrd dollaryň eýesi 29 ýaşly Aleksandranyň baýlygy maşgala maýa goýum kompaniýasy bolan Ferd bilen baglydyr. Maşgalanyň esasy maýasy 150 ýyldan gowrak dowam eden temmäki biznesiniň satylmagyndan soň emele geldi.

Dünýäniň iň ýaş milliarderi

Sanawdaky milliarderleriň iň ýaşy kiçisi  braziliýaly Ameli Foýgt Trežes boldy. Ol bary-ýogy 20 ýaşynda, baýlygy bolsa takmynan 1,1 milliard dollara barabar. Ameli atasy tarapyndan 1961-nji ýylda esaslandyrylan uly elektrik hereketlendirijilerini öndürýän WEG kompaniýasynyň 2% paýyna eýelik edýär.


21.03.2026 08:18
2.2k+

Türkmenistan ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meýilnamasyny taýýarlaýar

Mart-aprel aýlarynda Türkmenistanda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamany taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu meselä 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde garaldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

21.03.2026 07:31
2.9k+

Daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça resminamalaryň taslamalary makullandy

20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurduň 2026–2030-njy ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça möhüm resminamalaryň taslamalary maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi...

06.03.2026 15:41
1.2k+

Türkmenistanyň wekiliýeti Tokioda geçirilen salgyt ulgamy bilen bagly mejlise gatnaşdy

2026-njy ýylyň 2-3-nji marty aralygynda Tokio şäherinde Bütindünýä banky, Halkara pul gaznasy, Ykdysady hyzmatdaşlyk we ösüş guramasy hem-de BMG tarapyndan döredilen «Salgyt boýunça hyzmatdaşlyk platformasynyň» çäklerinde «Salgyt we ösüş» atly mejlis geçirildi...

26.02.2026 18:21
5.6k+

Global berginiň möçberi rekord 348,3 trillion dollara ýetdi

Halkara maliýe institutynyň (IIF) täze maglumatyna görä, 2025-nji ýylda dünýäniň umumy bergisi örän çalt depginler bilen ösdi. Döwletleriň, öý hojalyklarynyň we dürli görnüşli kompaniýalaryň umumy borçlary bir ýylyň içinde 29 trillion dollar artyp, jemi 348,3 trillion dollara ýetdi...