Daşary ykdysady hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek boýunça resminamalaryň taslamalary makullandy

  • 21.03.2026 07:31
  • 3k+

20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde ýurduň 2026–2030-njy ýyllar üçin daşary ykdysady işini ösdürmek boýunça möhüm resminamalaryň taslamalary maslahatlaşyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Türkmenistanyň daşary ykdysady işini giňeltmek, şeýle hem halkara guramalar we maliýe institutlary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.

Ol Türkmenistanyň daşary ykdysady işini ösdürmegiň 2026–2030-njy ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynyň, halkara ykdysady guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça 2026–2028-nji ýyllar üçin Hereketleriň meýilnamasynyň, şeýle hem halkara maliýe institutlary bilen bilelikdäki işi hakynda 2026–2028-nji ýyllar üçin «Ýol kartasynyň» taslamalarynyň taýýarlanylandygyny habar berdi. Bu taslamalar döwlet Baştutanynyň garamagyna hödürlendi.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hasabaty diňläp, daşary ykdysady gatnaşyklary giňeltmek ugrunda alnyp barylýan işleriň netijelidigini belledi we bu çäreleriň dowam etdirilmeginiň zerurdygyny nygtady. Ol taýýarlanan resminamalary makullady we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasaryna olaryň durmuşa geçirilişine gözegçilik etmegi tabşyrdy.


düýn 22:17
733

Türkmenistan we Ýewropa Bileleşigi adam hukuklaryny goramak meselelerini maslahatlaşdy

22-nji iýunda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda Adam hukuklary boýunça 18-nji Dialog geçirildi. Mejlise ýurduň degişli ministrlikleriniň we......

düýn 19:20
3k+

Türkmenistan we Polşa migrasiýa ulgamynda hyzmatdaşlyk barada Ähtnama gol çekdi

22-nji iýunda Warşawa şäherinde Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygy A.Sazakowyň we Polşa Respublikasynyň Içeri işler ministrliginiň Döwlet serhet gullugynyň başlygy Robert Baganyň arasynda......

düýn 14:40
1.9k+

Samsung we SK Hynix kompaniýalarynyň ägirt uly bonuslary ýurtda inflýasiýany ýokarlandyryp biler

Günorta Koreýanyň tehnoägirtleriniň işgärlerine beren uly möçberli pul sylaglary ýurtda zähmet haklarynyň umumy artmagyna sebäp bolup, inflýasiýany çaltlandyryp biler. Bu barada Koreýanyň Merkezi banky......

22.06.2026 16:02
1.2k+

Döwlet biržasynda geleşikleriň jemi bahasy 62 mln ABŞ dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň (TDHÇMB) söwdalarynda geleşikleriň 27-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....