Türkmenistan ÝTÖB bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegiň meýilnamasyny taýýarlaýar

  • 21.03.2026 08:18
  • 2.3k+

Mart-aprel aýlarynda Türkmenistanda Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky (ÝTÖB) bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça meýilnamany taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Bu meselä 20-nji martda sanly ulgam arkaly geçirilen Hökümet mejlisinde garaldy diýip, «Watan» habarlar gepleşiginde mälim edildi.

Wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bank bilen alnyp barylýan özara gatnaşyklar barada hasabat berdi. Türkmenistanyň 1992-nji ýyldan bäri bu bankyň agzasydygy we şol döwürden bäri maliýe, söwda, önümçilik hem-de kiçi we orta telekeçiligi goldamak ulgamlarynda 80-den gowrak taslamanyň durmuşa geçirilendigi bellenildi.

Mejlisiň dowamynda hyzmatdaşlygy has-da berkitmek boýunça teklipler hödürlendi. Hususan-da, 2026–2030-njy ýyllar üçin hyzmatdaşlygyň täze strategiýasynyň ugurlaryny gutarnykly görnüşde taýýarlamak we maliýe-ykdysady edaralaryň wekilleriniň gatnaşmagynda iş toparyny döretmek göz öňünde tutulýar.

Şeýle hem ulag-logistika ulgamynda, şol sanda demir we awtomobil ýollaryny gurmak hem-de döwrebaplaşdyrmak taslamalary boýunça özara gatnaşyklary işjeňleşdirmek, şunlukda Ýewropa Bileleşiginiň «Global Gateway» strategiýasyny hasaba almak bilen gepleşikleri geçirmek teklip edilýär.

Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen teklipleri makullady we bu ugurdaky işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.


düýn 15:08
1.8k+

Ýaponiýada bitkoin-ETF-leriň işe girizilmegi 19,3 milliard dollara çenli maýany çekip biler

Seljerijiler Ýaponiýany spot görnüşli bitkoin-ETF-leri işe girizmek ähtimallygy iň ýokary bolan ýurtlaryň biri hasaplaýarlar. XWIN Japan kompaniýasynyň çaklamalaryna görä, şeýle gaznalar öz işiniň ilkinji......

08.06.2026 17:39
1.9k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......