Ministrler Kabinetinde Türkmenistanyň dört aýda durmuş-ykdysady ösüşiniň jemleri jemlendi

  • 01.05.2026 23:15
  • 10k+

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Onda milli ykdysadyýetiň pudaklarynyň 2026-njy ýylyň ilkinji dört aýynda bitiren işleriniň jemleri jemlendi. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde habar berildi.

Hasabat döwrüniň netijeleri boýunça ýurduň jemi içerki önüminiň (JIÖ) ösüşi 6,3%-e deň boldy. Bu görkeziji döwletiň durnukly ösýändigini we kabul edilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigini tassyklaýar.

Makroykdysady görkezijiler we maliýe:

  • Senagat pudagynda ösüş depgini 2,4%, gurluşykda 6,2%, ulag-aragatnaşyk ulgamynda 10,3%, söwdada 7,9%, oba hojalygynda 2,2%, hyzmatlar ulgamynda bolsa 8,4% boldy.
  • Öndürilen önümleriň möçberi geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 10,4% artdy.
  • Bölek satuw haryt dolanyşygy 9,9%, daşary söwda dolanyşygy bolsa 9,2% ýokarlandy.
  • Döwlet býujetiniň girdeji bölegi 100,2%, çykdajy bölegi bolsa 97,6% ýerine ýetirildi.
  • Zähmet haklary, pensiýalar, döwlet kömek pullary we talyp haklary doly möçberde we öz wagtynda maliýeleşdirildi.
  • Ähli maliýe çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi 5% ýokarlandy.

Nebitgaz toplumy:

  • «Türkmennebit» döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy 107,1% berjaý edildi.
  • Zawodlarda nebiti gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,9% boldy.
  • Benzin öndürmegiň meýilnamasy 113,7%, dizel ýangyjy 108,7%, çalgy ýaglary 110,3%, suwuklandyrylan gaz bolsa 122,1% ýerine ýetirildi.
  • Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy 106,7% amala aşyryldy.

Gurluşyk we senagat toplumy:

  • Toplum boýunça önüm öndürmegiň we işleri ýerine ýetirmegiň umumy meýilnamasy 128,4% berjaý edildi.
  • Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi meýilnamany 122,5%, Energetika ministrligi 106%, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bolsa 154% berjaý etdi.
  • Aşgabat şäher häkimligi iş meýilnamasyny 122,9% ýerine ýetirdi.

Ulag we aragatnaşyk toplumy:

  • Ulag-aragatnaşyk toplumynda ösüş 113,8% boldy.
  • Awtomobil ulaglary ulgamyndaky hyzmatlaryň ösüş depgini 124,2%-e, «Türkmenhowaýollary» döwlet gullugy boýunça 116,8%-e, aragatnaşykda bolsa 114,3%-e barabar boldy.

Prezident Serdar Berdimuhamedow degişli ýolbaşçylara JIÖ-niň ösüş depginini saklamagy, nyrhlara we bazarlaryň haryt üpjünçiligine berk gözegçilik etmegi, şeýle hem gurluşygy dowam edýän desgalary wagtynda ulanmaga bermegi tabşyrdy.


düýn 18:11
4k+

The Telegraph: Angliýanyň banky banknotlardan Çerçilliň we Jeýn Ostiniň portretlerini aýrar

Angliýanyň banky 50 ýyldan gowrak wagtdan bäri ilkinji gezek banknotlaryň dizaýn konsepsiýasyny üýtgetmegi meýilleşdirýär. The Telegraph gazetiniň habar bermegine görä, Beýik Britaniýanyň ozalky......

düýn 17:39
1.4k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.7k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:42
3.3k+

Amazon Ýewropa ammarlardaky robotlar we 25 müň iş ornuny döretmek üçin 10 milliard ýewro ugradar

Amazon kompaniýasy ýakyn ýyllarda Ýewropadaky ammar we logistika ulgamyny giňeltmäge hem-de döwrebaplaşdyrmaga 10 milliard ýewrodan gowrak maýa goýar. Bu maýagoýumlar sebitde goşmaça 25 000 iş ornuny döretmäge......